Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy

3.2.1. Sülekeý mäzleri

Uly we kiçi sülekeý mäzleri tapawutlandyrylýar. Gulakýany, äňasty we dilasty ýaly uly sülekeý mäzleriň üç jübüti, şeýle hem dodak, ýaňak, dil ýaly kiçi sülekeý mäzleri, jübüt bolmadyk iýmit siňdiriş mäzleri bardyr.

Uly sülekeý mäzleri dilim-dilim ýaly görnüşde bolup, ol agyz boşlugynyň gapdal tarapyndan elläp görlende aňsatlyk bilen duýulýar.

Kiçi sülekeý mäzleri 1-5 mm göwrümde bolup, toparlaýyn ýerleşýärler. Olar dodaklaryň, gaty we ýumşak kentlewügiň nemasty esasynda has köpdür.

Gulakýany sülekeý mäzi (ejlandula parotis) mäzleriň iň ulusydyr. Sülekeý mäzlerin­den daşky uky arteriýasy we çykyp gaýdýan arteriýalar geçýär. Ýüz nerwi mäzde olar örüm toruny döred­ýär. Mäziň daşyna çykýan akabajygy ýokarky ikinji azy dişiň deňinde agyz bosagasynyň boşlugyna açylýar. Sülekeý mäzi bölek-bölek gurluşda bolup, çylşyrymly alweolýar mäz bolup durýar.

Agyz boşlugyna bölünip çykýan seroz nemiň (sekretiň) çylşyrymly düzümi bardyr. Bölünip çykýan nemiň (sekretiň) mukdary üýtgäp durýar we ol bedeniň (organizmiň) ýagdaýyna, iýmitine, agzyň gyjyn­dyryjy reseptor­larynyň häsiýetine baglydyr. Gulakýany sülekeý mäzleriniň dokumalary bölüp çykaryş işini ýerine ýetir­mek bilen, beden içinden dermanlyk maddalaryny, zäherleri we beýleki maddalary çykarýar.

Gulakýany sülekeý mäzi içki sekresiýanyň mäzi bolup durýar (parotin mineral we belok çalşygyna täsir edýär). Gulakýany mäziň, jyns we galkan görnüşli mäzler bilen, gipofiz, böwrek üsti mäzler we beýlekiler bilen gistofunksional arabaglanyşygynyň barlygy kesgitlendi.

Gulakýany sülekeý mäziniň gan bilen üpjünçiligi duýujy, simpatiki we parasimfatiki nerwler arkaly amala aşýar. Gulakýany sülekeý mäziniň üsti bilen ýüz nerwi geçýär.

Aşaky äňasty sülekeý mäzleri (glandula submandibularis) seroz-nem (sekreti) bölüp çykar­ýar. Daşyna çykaryş akabajygy dilasty emzijekde açylýar. Gan üpjünçiligi äň we dil arteriýal­larynyň hasabyna bolup geçýär. Äňasty sülekeý mäzleri aşaky äň nerw düwininiň şaha­jyklary arkaly nerwler bilen üpjün edilýär.

Dilasty sülekeý mäzi (glandula sublingualis) gatyşykly bolup, seroz-nemi (sekreti) bolüp çykarýar. Daşyna çykaryş akabajygy dilasty emzijekde açylýar.

Ownuk sülekeý mäzleri nemli bardanyň ähli ýerlerinde ýerleşýär. Kentlewük mäzleri yzky bölümde köpräk bolup, ýumşak kentlewüge tarap ugur boýunça olaryň sany artýar. Diliň kökünde walik görnüşli emzijegiň ýanynda seroz mäzleri, beýleki ýerlerde nemliler ýerleşýärler.

Sülekeýiň bölünip çykmagy çylşyrymly hadysadyr. Ownuk sülekeý mäzler nemi he­mi­­şe bölip çykarýar, şol bir wagtda olar nemli bardany çyglandyryp durýar. Iri sülekeý mäz­le­riniň sülekeýi bölüp çykaryşynyň reflektor tebigaty bar, ol şertli iýmit gyjyndyryjylaryna (görnüşe, ysa) baglydyr. Iýmit faktorlaryň nemli bardanyň reseptorlaryna täsir etmegi bilen güýçlenýär.

Sülekeý bölüp çykaryşyň tertibe salynmasy kelle beýnide ýerleşýän nerw merkezleri tarapyndan amala aşýar. Sülekeýiň bölünip çykmak häsiýetini üýtgedip bilmek mümkinçiligi, klinikada näsaglary bejermekde uly ähmiýete eýedir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]