- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.4. Allergiýa keselleri.
Allergiýa keselleri häzirki döwürde örän giňden ýaýrandyr, hem olaryň mukdary gitdigiçe artýar, keseliň geçiş agyrlygy, aýratyn wajyp bolup durýar, bu bolsa meseläni sossial tarapa öwürýär.
Allergiýa keselleriniň şeýle giňden ýaýramaklygynyň sebäpleri dürli-dürlidir. Munda ilkinji nobatda daş-töwerekdäki gurşap alýan senagat kärhanalarynyň işlenip çykarýan galyndylarynyň zyňyndylary bilen hapalanmaklygy, maşynlaryň tüseleri we gazlary, oba hojalygynda pestisidleriň we gerbisidleriň ulanylmaklygy we baş., uly rol oýnaýar. Himiýa senagatynyň güýçli ösmegi we onuň bilen baglanşykly bolan durmuşda we önümçilikde köpsanly sintetiki serişdeleriň, boýaglaryň, kir ýuwujy külkeleriň, görkberiji (kosmetiki) serişdeleriň we beýleki maddalaryň peýda bolmaklygy hem (olardan köpüsi allergenlerdir) allergiýa keselleriniň ýaýramaklygyna ýardam edýär.
Giňişleýin we gözegçiliksiz derman serişdeleriniň ulanylmagyda allergiýa keselleriniň sanynyň artmaklygyna alyp barýar. Derman maddalara bolan ýokary duýujylyk köplenç şol bir wagtyň özünde köpsanly dermanlaryň ulanylmaklygy (polipragmaziýa) zerarly ýüze çykýar. Şunuň bilen bir hatarda dermanlaryň esaslandyryl-madyk we gözegçiliksiz kabul edilmekligi, aýratynda antibiotikleriň, olardan başgada lukmanlar tarapyndan bellenilýän serişdäniň farmako-kinetikasynyň ýaramaz bilinmekligide köplenç allergiýa keselleriniň ýüze çykmakmagyna sebäp bolýar.
Allergiýa keselleriniň döremekliginde howa şertleriniň (ýokary bolan insolýassiýa, çyglylyk), nesil izarlaýjylyk, umumy ulgamlaýyn we iç keselleri, iýmitlenme häsiýeti we başgalar uly rol oýnaýarlar.
Allergiýa-bu antigen tebigatly belli bir antigenli substansiýalara bolan adam-bedeniň ýokary, şeýle hem üýtgeşen duýujylygydyr, olar bolsa kadaly ýagdaýda bolan şahslarda agyryly hadysalary döretmeýärler. Allergiýanyň döremekliginde nerw ulgamynyň hem-de endokrin ulgamynyň ýagdaýy, aşgazan-içege ýolunyň keselleri wajyp rol oýnaýar.
Dürli-dürli maddalar allergiýanyň sebäpleri bolup biler ýonekeýje himiki maddalardan (ýod, brom) başlanyp örän çylşyrymlylara çenli (beloklar, polisaharidler, hem-de olaryň birleşmelerine çenli ýetip bilýär), olar bolsa bedene gelip düşmegi bilen gumoral ýa-da bolmasa öýjüklik görnüşli immun jogabyny ýüze çykarýar. Allergiýany ýüze çykaryp bilýan täsir ediji maddalara allergenler diýilip at berilýär. Olardan birisi bedene daşardan gelip duşýärler, olar ekzo-allergenler diýip atlandyrylýar, beýleki birlerleri bolsa adam bedende emele gelýärler we hususy, ýöne görnüşi üýtgän bedeniň beloklaryny özünde jemlenýar olar endo allergenler ýa-da auto allergenler diýip atlandyrylýar. Ekzogen allergenleriň gelip çykyşly ýokançlylara degişli däldir. Olardan; (ösümlik gülleriniň tozanjyklary, durmuşy tozan, mallaryň ýüňi, derman serişdeleri, azyk önumleri, kir ýuwulýan külkeler we başg.) hem-de ýokanç häsiýetliler (bakteriýalar, wiruslar, kömelejikler hem-de olaryň ýasaýyş işiniň önümleri) degişlidir. Ekzoallergenler bedene dürli-dürli ýollar arkaly aralaşýarlar: dem alyş ýollary, iýmit-siňdiriş ýollary, deri we nemli bardalar arkaly aralaşmak bilen, dürli-dürli synalaryň we ulgamlaryň zeperlenmelerini döredýärler.
Endo allergen bedende dürli-dürli zeperleýji sebäpleriň täsiri astynda özüniň hususy beloklaryndan emele gelýärler, olar bolsa bakterial antigenler, hem-de olaryň toksinleri, wiruslar, ýakyjy (termiki) täsir edijiler (ýanyklar, aşa sowadylma), ionizirleýji şöhleler we başg. bolup bilerler.
Doly görnüşli antigenler we doly däller-gapdenler hem allergen bolup bilerler. Gap-tenler antitelalary indussirleýän bedeniň makromolekulalary bilen birikmek arkaly allergiki täsir etmäni ýüze çykarýarlar, munda bolsa immunologiki jogap berijiligiň özboluşly aýra-tynlygy bilen onuň göterijisine garşy gönükdirilmän, gapteniň garşysyna gönükdirilýär, bedeniň molekulalary bilen antigen toplumlary kemala geleninden antitelalar diňe toplumlar bolup, onuň komponentlerine garşy döremeýärler. Tebigatda we bedende duş gelýän aller-genleriň köpsanlylygy zerarly allergenli täsir edijileriň alamatlary-da köp görnüşli bolýar. Ýöne welin allergiki jogap berijiliginiň her dürli kliniki ýüze çykmalary bilen ol umumy patogenetiki döreýişlere (mehanizme) eýedir. Allergiki jogap berijiligiň 3 sany tapgyry tapawutlandyrylýar: immunologiki (biohimiki), patofiziologiki ýa-da işjeňlik tapgyry we gurluşy näsazlyklar tapgyrlary.
Immunologiki tapgyr: allergeniň beden bilen gatnaşygyndan soňra başlaýar, onuň neti-jesi bolsa bedeniň gowşamaklygydyr (sensibilizassiýalaşmaklygydyr), ýagny berlen allergen bilen täsir etmeklige ukyply bolan antitelalaryň ýa-da (sensibilizirlenen) gowşak ysgynsyz limfositleriň emele gelmekligidir. Eger-de antitelalaryň emele gelme pursatyna çenli beden-den allergen ýok edilen bolsa, onda hiç hili agryly alamatlar bolup geçmeýär. Bedene allergeniň ilkinji göýberilmekligi ysgyn alyjy täsir edýär. Allergeniň gaýtalanyp göýberilme-sinde eýýam oňa ysgynsyz-gowşak bedende allergenler toplymy – antitelo ýa-da bolmasa allergen – ysgynsyz-gowşak limfosit emele gelýär. Şu pursatda biologiki işjeň maddalaryň, allergiýanyň mediatorlary ýagny gistaminiň, serotoniniň, bradikininiň we başgalaryň bölünip çykarylmaklygy bilen häsiýetlendirilýän patohimiki tapgyry başlanýar.
Allergiki jogap berijiligiň patofiziologiuki tapgyry ýa-da zeperlenmäniň kliniki alamatlarynyň tapgyry dokumalara, synalara we bütin bedene bölünip çykýan biologiki işjeň maddalaryň täsiriniň netijesidir. Şu tapgyr gan aýlanşynyň näsazlyklaryny, bronhlaryň, içegeleriň, tekiz ezeleleriň gysylmaklygy, ganyň lagtalanmaklygynyň näsazlaşmagy, ganyň suwklygynyň düzümindäki üýtgeşmesi bilen häsiýetlendirilýär.
Döreýşiniň, ösmegi boýunça, allergiki jogap berijiligiň 4 sany görnüşi tapawutlanýar:
1. jogap berijiligiň tiz döreýan görnüşi (raginlik görnüşi); 2. sitotoksiki görnüşi; 3. immun toplumlary bilen dokumalaryň zeperlenmegi (Artýusyň görnüşi); 4. jogap berijiligiň haýal döreýän görnüşi (öýjükli ýokary duýujylyk). Şu görnüşleriň her birisi aýratyn immun mehanizmine we özüne häsiýetli bolan mediatorlaryň toplumyna eýe bolýar, ol bolsa keseliň kliniki alamatlarynyň aýratynlygyny kesgitleýär.
Allergiki jogap berijiligiň 1-nji görnüşi ýa-da bolmasa jogap berijiligiň tiz döreýän görnüşi, ýene-de reagionly, anafilaktiki ýa-da jogap berijiligiň atopiki görnüşi diýlip hem atlandyrylýar. Ol reaginlar diýlip ada eýe bolmaklygy, esasanam lg E we IgG synplaryna degişli bolan antitelalaryň emele gelmekligi bilen bagly. Reaginler ýognas öýjüklerde we bazofil leýkositlerde ýapyşyp (akgan bedenjiklerinde) berkeýärler. Reaginleriň degişli bolan allergenler bilen birleşen halatynda şeýle öýjüklerden mediatorlar bölünip çykýarlar olarden: gistamin, geparin, serotonin, trombosit işjeňleşdiriji faktor, prostoglandinler, leýkotriýenler we başgalar allergiki jogap berijiligiň tiz döreýän görnüşiniň kliniki alamatlaryny kesgitleýanler bolup durýar. Öz boluşly ýöriteleşdirilen allergen bilen gatnaşykda bolandan soňra täsir edişmäniň kliniki alamatlary 15-20 minutdan ýüze çykarýarlar; şonuň üçin hem onuň “Allergiki jogap berijiliginiň tiz döreýän görnüşiniň” ady gelip çykýar.
Allergiki jogap berijiligiň 2-nji görnüşi ýa-da sitotoksiki jogap beriji edýan görnüşi. Bu görnüş antitelanyň öýjüklerine döreýänligi bilen häsiýetlendirilýär hem-de lgG we lgM synplar görnüşinde görkezilendir. Jogap berijiligiň şu görnüşi diňe komponenti işjeňleşdirmekligi ukyply bolan antitelalar bilen ýüze çykýarlar. Antitelalar bedeniň ýagdaýynyň üýtgän öýjükleri bilen birleşýärler, ol bolsa komplementiň işjeňleşmekligine alyp barýar, ol hem öýjükleriň zeperlenmegine we hat-da dargamaklygyna-da alyp barmaklygy mümkindir. Allergiki täsir etmäniň sitotoksiki görnüşiniň netijesinde soňundan fagositozyň bolmaklygy we dargadylan öýjükleriň we dokumalaryň aradan aýrylmaklygy bilen, öýjükleriň dargamak-lygy bolup geçýär. Täsir etmäniň sitologiki görnüşine leýkopeniýa, trombositopeniýa, gemolitiki ganazlyk bilen häsiýetlendirilýän derman allergiýasy degişlidir.
Allergiki jogap berijiligiň 3-nji görnüşi ýa-da bolmasa dokumalaryň immun toplumlary (Artýusyň görnüşi, immun toplumlaýyn görnüşi) bilen zeperlenmegi. Allergiki jogap berijiligiň bu görnüşi işläp aýlanyp duran immun toplumynyň döremegi netijesinde ýüze çykýär. Bularyň düzümine antitelanyň IgG we IgM synplary girýär. Bu synpyň antitelasyna presipitirleýji diýip atlandyrylýar, sebäbi olar ylaýyk gabat gelýän antigenler bilen birigende presipitat döredýärler. Şu görnüşli allergiki jogap berijilikde allergenler (gyjyndyryjylar) bakterial we iýmitden bolmagy mümkindir. Allergiki jogap berijiligiň şu görnüşi gan-aýran keseliniň allergiki alweolitleriň, käbir ýagdaýlarda derman we iýmit allergiýasynyň, birnäçe autoallergiki keselleriniň, ulgamlaýyn gyzyl gurt, rewmatoid artriti we ş.m. döremeginiň alypbaryjysy bolyp durýar. Allergiki jogap berijiligiň IV – görnüşi, ýa-da allergiki jogap berijiligiň haýal döreýän görnüşi (haýal döreýän görnüşiň ýokary derejeli duýgurlygy, öýjükleýin ýokary duýgurlygy). Allergiki jogap berijiligiň şu görnüşinde ysgynsyz-gowşak T-limfasitler, antitelanyň rolyny ýerine ýetirýär. Onuň öz membranasynda reseptorlar ýerleşýar, olar sensibilizirleýji antigen bilen ýöriteleşdirilen aragatnaşyk hereket etmäge ukuply. Şeýle limfositiň erän görnüşi ýa-da öýjüklerde ýerleşýani bilen allergen birleşende öýjükli immunitetiniň mediatorlary – limfokinler bölünip çykýarlar. 30-dan-da gowyrak limfokinler bellidir, olar bolsa allergeniň aýratynlyklaryna, limfositleriň genotipine we beýleki şertlere baglylykda dürli-dürli pursatlarda we mukdarlarda özleriniň täsirini bildirýärler. Limfokinler makrofaglaryň we beýleki limfositleriň toplanmaklygyny ýüze çykarýarlar, onuň netijesinde bolsa çişme döreýär. Ýöne weli limfositleriň ysgynsyz-gowşamagynda mediatorlaryň iň esasy funksiýalarynyň biri antigenleriň (mikroblaryň ýa-da del öýjükleriň) dargama hadysasyna olaryň goşulmagydyr. Eger-de ýokary duýujylygyň haýal döreýan görnüşini hyjuwlandyrýar, antigenli substansiýa hökmünde del görnüşli dokumanyň transplantanty öňe çykýan bolsa, onda ol dargaýar we gopyp aýrylýar. Ysgynsyz-gowşak bedende allergiki jogap berijiligiň haýal döreýän görnüşi adatça allergen bilen gatnaşykda bolandan sonra 24-28 sagadyň dowamynda döreýär. Allergiki jogap beri-jiligiň öýjükli görnüşi köpsanly wiruslaryň we käbir bakterial ýokanç keselleriň (inçeke-sel, merezýel, lepra, brusellýoz, tulýaremiýa), käbir görnüşli ýokanç–allargiki bronhial dem gys-manyň, rinitleriň, transplantasion we çişe garşy immunitetiň esasynda döremekligi ýatandyr.
Allergiki jogap berijiligiň haýsy görnüşde döreýänligini, özboluşly ukyplylygy hem-de bedeniň reaktiwliginiň ýagdaýy bilen kesgitlenilýär.
Allergiýa keselleriň ýörite anyklanşy. Allergologiki anamneziň ýygnanmaklygyndan, anyklaýyş synaglaryň we laborator barlaglaryň geçirilmeginden ybarat bolýar.
Allergologiki anamneziň ýygnalmagynda allergenler bolup hyzmat edip biläýjek dürli-dürli maddalar bilen öý-içeri durmuşdaky we önümçilikdäki gatnaşyklaryň ähli jemini, ýüze çykarmaklyga ünsüni şoňa bermek zerurdyr. Şunuň bilen bir hatarda anamnez, allergiýa duýgurlyga meýilliligiň (nesil yzarlaýjylykly ýa-da bolmasa gazanylan) barlygyny hem-de mümkin bolan ekzo we endogen faktorlary (ýaşaýyş howa şertinbaglylygy, endokrin, ruhy we baş.) ýüze çykarylmagyna mümkinçilik berýär. Anamneziň ýygnalmagynda näsa-gyň waksinalaryň we syworotkalaryň sanjylmagyna, dermanlaryň kabul edilmekligine we beterleşmekligiň ýüze çykýan ýagdaýyny, hem-de ýaşaýyş we önümçilik şertlerine nähili duýgurlyk bildirýändigini anyklamak zerurdyr.
Dürli-dürli maddalar bilen hünärment hunäri boýunça gatnaşyklaryň bardygyny kesgitlemek örän wajypdyr. Ýonekeý himiki maddalar bilen gatnaşmanyň köplenç ýagdaýlarda allergiki jogap berijiligiň haýal döreýän görnüşiniň (gatnaşykly dermatitler) ýüze çykýandygy mälimdir. Çylşyrymly himiki maddalar Kwinkanyň çişgini, iteşen örgüni, allergiki rinit, bronhial dem gysma we başgalar ýaly allergiki jogap berijiligiň tiz döreýän görnüşi ýüze çykýar.
Yhlas bilen ýygnalan sorag-ideg (anamnez) allergiki jogap berijiligiň döräp biljek gör-nüşini we ähtimal bolan allergeni çaklamagy, aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Keseliň ýüze çykmagyna sebäp bolan takyk allergen ýörite anyklaýyş synaglaryň we laborator barlaglarynyň kömegi bilen kesgitlenilýär.
Allergiki anyklaýyş synaglary – bedeniň ýöriteleşdirilen, özboluşly bedeniň ysgynsyz-gowşaklygyny ýüze çykarmak usulydyr.
Allergiki anyklaýyş synaglary keseliň beterleşme fazasynyň çäklerinden daşarda ýiti allergiki jogap berijilikden 2-3 hepde geçenden soňra, bedeniň allergene bolan duýgurly-gynyň peselen döwründe ýerine ýetirilýär. Deri we öjükdiriji allergiki anyklanyş synaglary tapawutlandyrylýar.
Deri synaglary allergeniň derä goýberilmegi arkaly we döräp ýetişen çişginiň jogap berijiliginiň häsiýetine baha bermekligi bilen, bedeniň özboluşly sensibilizasiýasynyň ýüze çykarylmaklygyna esaslanýar. Deri synaglarynyň ýerine ýetirilişinde şu aşakdaky usullar bardyr: ýüzleý ýapgyly, skarifikassion we deri içire. Deri testirlenmesiniň saýlanyp alyn-maklygy, keseliň häsiýeti, allergiki jogap berijiligiň görnüşi we barlagdan geçirilýän allergeniň toparlaýyn degişliligi bilen kesgitlenilýär. Mysal üçin, derman sebäpli bolan allergi-ýany, ýüze çykarmak üçin ýüzleý ýapgyly (testleri) synagy ulanmak has amatly bolýar. Bakterial we kömelejiklilerden gelip çykyşy bolan allergenlere bolan ýokary duýgurlygyň kesgitlenmekligi, deri içire synaglar usuly arkaly geçirilýär.
Öjükdiriji synaglar hem haçanda allergiki anamneziň maglumatlary, deri synaglarynyň netijelerine laýyk gelmedik ýagdaýlarynda geçirilýär. Öjükdiriji synaglar, özleriniň zeperlen-mekligi keseliň kliniki alamatlarynda esasy bolup durýan synalara ýa-da dokumalara allergeniň goýberilmekligi arkaly allergiki jogap berijiligiň täzeden dikeldilmekligine esasla-nandyr. Konýuktiwal, ingalýassion we Nazal-(burun) öjükdiriji synaglar tapawutlanýar. Öjükdiriji synaga sowuk, gyzgyn iteşen örgininde ulanylýan sowuk we gyzgyn synaglary öjükdiriji synaglara degişlidir.
Allergiki jogap berijiligiň ýörite anyklanmaklygy laborator barlag usullarynyň geçiril-mekligi arkaly hem amala aşyryp bolýar: bazofil leýkositleriň degranulýassiýasyna jogap berijilik. (Selliniň synagy), leýkositleriň (blasttransformassiýasyna jogap berijiligi, neýtrofil-leriň zeperlenilmä jogap berijiligi, lepkositoliza jogap berijilik we başg. ulanylmaklygy bilen geçirilýär. Allergiki jogap berijilik inwitro geçilýan anyklanylma usullarynyň gowy taraply-anafilaktiki şoguň ýüze çykma howpynyň ýoklygydyr.
