- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
Bu göniden-göni uly ýaşy adamlarda duş gelýär. Esasan nädogry protezleriň nädogry goýylmagy netijesinde dişleriň gysylyşmasyndaky beýikliginiň peselmeginde, dişleriň gaty dokumalarynyň sürtilmesinde ýa-da dişlerini ýok bolmagynda ýüze çykýar (11.24. surat).
Agyz burçynda çuň gasynlaryň bolmagy we mydama sülekeý bilen şol ýerleriň derisini öläp sürtüp durmagy bilen agyz burçynyň kandidozly çişmesiniň döremegi üçin amatly şertleri döredýärler. Näsaglar agyz burçlarynyň awyşamagyna, agyrýandygyna arz edýärler. Bu kesel agzyň burçlarynda çal, açyk-dury teňňejikleriň, näzijek örtükleriň ýa-da kesmekleriň bolmagy, onuň ýeňillik bilen aýrylýandygy, ony sypyryp aýyrlandan soňra gury we sähelçe çyglanýan ýaralaryň ýa-da jaýryklaryň ýüze çykýanlyklary bilen häsiýetlenýär. Bu hadysa köplenç iki taraplaýyn bolup we ol deri gasynynyň çäklerinde ýerleşýär. Agyz burçynyň zeperlenmesi bilen bir hatarda hadysa dodagyň gyzyl gaýmasynyň nemli bardasyna geçip bilýär, şonuň netijesindede kandidozly heýlit döreýär. Ol gyzarma, ýellenme, çalymtyl reňkde teňňejikleriň bolmagy we owynjak keseligine ýerleşen jaýryjaklaryň bolmagy bilen häsiýetlenýär. Dodagyň gyzyl gaýmasy dartylanda agyry ýüze çykýar.
Agyz borçynyň jaýryjakly mikotik çişmesini Streptokokkly agyz burçynyň jaýryjakly (zaýeda) çişmesi bilen deňeşdirilip anyklanýar. Onuň üçin şypyljama alamatynyň çenden aşa bolmagy, gyzarmagyň deri gasynynda geçip töweregine ýaýramaklygy häsiýetlidir. Yş görnüşli ýara sary gaty kesmek bilen örtülen. Şeýle hem deňeşdirilip anyklanmany gaty şankryň we mereziýel düwünjigiň agyz burçynda ýerleşýänleri, olaryň dübiniň dykyz bolmanlary bilen geçirmek gerekdir. Gutarnykly keseliň anyklanmasy zeperlenen ýerden alynan kesmegiň mikroskopik barlaglardaky netijeleriň esasynda şeýle hem Wassermanyň reaksiýasynyň esasynda goýulýar.
Keseliň anyklanşy. Kandidozda keseliň anyklanşy näsaglaryň hakyky mahsus aryzlaryna, kliniki alamatlaryna we laborator barlaglara (agzyň nemli bardasynyň ýüzinden alnan kesmegiň mikroskopik barlagyna) esaslanýar. Şeýlede ganyň kliniki (analizi) barlagy hökmandyr we ganyň aýranynda glýukozanyň mukdaryny barlamak gerekdir. Deriniň we dyrnaklaryň barlagy gözden geçirilýär. Görkezmeler boýunça – mikologyň, endokrinologyň, ginekologyň maslahatlaryny geçirilýär.
Kandidozyň anyklanmasy zeperlenen nemli bardanyň ýüzünden alnan kesmekde Candida maşgalasyna degişli kömelejik görnüşli mikroblaryň ýüze çykarylmagynyň esasynda kesgitlenýär. Mikroskopik barlaglary agzyň nemli bardasynyň we aýyrlyp goýulýan protezleriň ýüzünden alnan kesmede geçirilýär. Barlag üçin alynýan serişdeler hökmany suratda aç-öze, agzyny çaýkamazdan we dişlerini ýuwmazdan öň, ýa-da iýmitlenip 4-5 sagat geçenden soňra alynýar.
Agyz boşlugynda şertli-patogen Candida maşgalasyna degişli kömelejik görnüşli mikroblar, köp bolmadyk möçberde tegelejik (ýaşajyk) ýa-da uzalan (ýetişen) öýjükler görnüşde bolýarlar. Ýekelikdäki öýjükleriň göwrümi 2-den tä 5 mkm çenli, beýleki heňleşen pisint öýjükleriň göwrümi 12-16 mkm çenli bolup bilýär. Kandidoz keselinde barlag edilýan preparatda-kesmekde heňlenen hamyrmaýa pisintli öýjükleriň we inçejik şahalanýan sapak ýaly psendomiselleriň toplanmasy ýüze çykarylýar (11.25. surat). Sapak ýaly psewdomiseliler öýjükleriň yzalmagy netijesinde emele gelýär we olaryň halka zynjyrynyň uzynlygynda ýerleşmegi psewdomişel diýip atlandyrylýar. Hakyky mimiseliýada hamyrmaýa pisintli kömelejikler hatda bolmaýar. Keseliň ýiti geçmegi öýjükleriň görnüşe gelmegi bilen utgaşýar, olar togolan görnişe eýe bolýar.
Keseliň üznüksiz geçişinde göniden-göni sapak ýaly psewdomisel we togalak, uzalan öýjüklerden dörän zynjyry ýüze çykarylýar.
Mikroskopik barlagy gaýtadan doly bejergi alyp gutarandan we keseliň kliniki alamatlarynyň ýok bolandan soňra geçirilýar.
Bejerlişi. Kandidoz keselli nasaglary bejermek kesel dörediji mikroblara garşy täsir etmekligi we çylşyrymlaşdyrýan iç keselleri bejermekligi, ýöriteleşdirlen we ýörite leşdirilmedik goraýyş faktorlary ýokarlandyrmaklygy, agyz boşlugynyň saplanmagyny, pähimli iýmitlenmegi öz içine alýar. Kandidozyň ýaýraň we wisseral görnüşleriniň bejergisini mukologiýanyň lukmanlary geçirýär. Kandidozyň şowly bejerlişiniň esasy şerti, näsaglary örän oňat barlagdan geçirmekdir we çylşyrymlaşdyrýan iç keselleri bejermek, aýratyn hem aşgazan-içege kesellerini, süji keselini gan keselini (leýkoz). Agyz burçynyň ýaýryjak kandidozly çişmesinde, hökman suratda protez goýmaly, ýöne, onda ilki bilen dişleriň gysylyşmasynyň beýikligini dikeltmelidir.
Umumy bejergi. Kesel dörediji mikroba täsir edýän dermanlar içmek üçin berilmeli. Kömelejik güberçegini döredýän mikroblara garşy Nistati ýa-da lewozin ýaly dermanlary 500 000 ED günde 6-8 gezekden nahardan soň berilýär. bir gije-gündiziň dowamynda berilmeli möçberi 3000 000 ED az bolmaly däldir. Dermanlary 10-güniň dowamynda içilýän. Girdejikleri owradyp içmek maslahat berilýar we ony diliň aşagyna goýup sorulýar, sebäbi diýseň olar aşgazan-içege ýollarynda ýaramaz siňýärler. Leworini gerdejik görnüşde berilse gowy. Her gerdejikde 500 000 ED leworin saklanýar. Kömelejiklere garşy gowy täsir edýän sorulýan dekamin dermanydyr, ony karamel süýji höküminde 1-2 sanydan dünde 6-8 gezekden bellenýär (her 3-4 s). Bir – iki karameli diliň aşagyna ýa-da dulygyň aňyrsyna goýup tä gowy eräp sorulýança, mümkin boldygyça ýuwdynmak hereketini etmeli däl, sebäbi derman agzyň nemli bardasy bilen köp gatnaşykda bolar ýaly. Bir karamelde 0, 00015g. dekamin saklanýär. Amfoglýukamini 200 000 – 500 000 ED günde 2 gezekden içmek üçin nahardan soň berilýär.
Agzyň nemli bardasynda Kandidozyň üznüksiz geçýän görnüiniň bejergisi üçin amfoterisin B ulanylýar, ony 250 SD hasapdan 1 kg bedeniň agramyna bellenýär. Şeýle hem ony çalgy melhem ýag görnüşde ýerli ulanylýär. Diflýunkan dermanyň kömelejiklere garşy has güýçli täsiri bardyr. Ony kapsula görnüşde 50-100 mg (keseliň agyrlyk derejesine baglylykda) bir gije-gündiziň dowamynda 1-gezekden berilýär.
Agyz boşlugynyň guramaklygyny peseltmek üçin we kömelejikli flora täsir eder ýaly 2 – 3% ýodida kaliýyň erginini 1 nahar çemçesinde günde 2-3 gezekden nahardan soň bellenýär. Ýod özüniň fungistatik ukybyny haçanda ony deriniň agzyň nemli bardasynyň, nemli bardasynyň mäzleriniň üsti bilen bölünip çykýan döwründe ýüze çykarylýar. Mundan başgada ýod sülekeýiň bölünip çykmagyny gowy hyjywlandyrýar. Kandidoz keselli näsaglara hökman ýokaryhilli iýmitlenmek zerurdyr. Içmek üçin witaminleriň toplumy B (B1, B2, B6), PP, C bellenýär.
Ýerli bejergi. Kömelejiklere garşy dermanlary ulanmagy öz içine alýar. Ýüzleý ýapgy we agzyň nemli bardasyna çalmak üçin 0.5%-li dekamin ýagyny, amfoterisin ýagy, klotrimazolyň 1%-li ýag melhemi we 1%-li ergini ulanylýar. Agzyň nemli bardasyny we dodagyň gyzyl gaýmasyny päkizelemek üçin anilin boýaglary ulanylýar, ilkinji nobatda melewşe (1-2% gensian-melewşäniň ergini, 2% metilen gögi, fukorsiniň ergini) peýdalanylýar. Agyz boşlugynyň sredasyny aşgarsyzlandyrýan, ol bolsa kömelejikler flarasyny gyryp ýok edýän täsirli bolýan peýdaly serişde ulanmak ýerliklidir. Şol maksat bilen 2-5%-li tenekäriň (buranyň) erginini (natriýa tetroborata), 2%-natriý gidrokarbonatyň erginini, 2%-borny turşysynyň erginini agyz boşlugyny çaýkamak üçin ulanylýar. Şonyň bilen her gezekde azyndan 1- stakan ergin bilen çaýkalýar, ony günde 5-6 gezek gaýtalamaly, ýüzleý ýapgy we çalgy üçin 20% tenekäriň ergini gliserinde, lugolyň ergini gliserinde we başgalar ulanylýar. Agyz burçynyň jaýryjakly çişmesinde we heýlitde öz gowy täsirini nistatin melhemi, 5%-leworin melhemi, 0.5%-dekamin melhemi berýär. Ýerli bejergi üçin gowsy birnäçe dürli dermanlary ulanmak ähmiýetlidir. Olary güniň dowamynda ýa-da gün aşa çalşyp ulanylýar.
Bejergide agyz boşlugynyň saplanmagy möhüm orna eýedir. Agyz boşlugynyň saplanmagyny kömelejiklere garşy bejergiden 2-3 gün geçenden soň başlamak bolýar. Kandidozyň ýiti we üznüksiz görnüşinde hökmany suratda, protezleri gowy edip şol agzyň nemli bardasyny päkizelemek üçin ulanylýan derman serişdeler bilen arassalamak gerekdir (boýaglarda özgesi).
Keseliň öňüni alnyşy. Ilki bilen agyz boşlugynyň we protezleriň dogry we yzygiderli edilmegi bilen baglydyr. Uzak möhletli bejergi üçin mikroblara garşy dermanlar, antibiotikler, kortokosteroidler ulanylanda, hökman keseliň öňüni almak maksady bilen nistatin ýada leworin dermany günde 1 500 000 ED, witaminler toplumy B (B1, B2, B6), C aşgarly ergin bilen agyz boşlugyny çaýkamak bellenilýär.
Dişleri arassalap ýuwmak üçin “Borgliserinli”, “Ýagodka” ýaly düzüminde tenekäriň erginini gliserinde saklaýan diş ýuwyjy hamyrlary ulanmak maslahat berilýär.
