Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)

Kandidoz (candidosis) – bu kesel şertli – patogen mikroblar bolan kömelejik güber­çeklerini dörediji, Cadida maşgalasyna degişli – köplenç Candida albi – çansyň kämahallar Candida tropiçalisiň ýada başga görnüşleriniň gatnaşmagynda döreýär.

Agzyň nemli bardasynda dürli görnüşli kömelejik güberçeklerini dörediji mikroblar ýaşaýar­lar. Patologik üýtgeşmeler esasan köplenç Candida albiçans, Candida rtopiçalis, Candida pseudotro­piçalis, Candida krusei, Candida guilliermindi ýaly mikroblardan döreýär. Agyz boşlugynda Candi­dozlaryň ýerleşmegi her dürlidir: nemli bardanyň dürli ýerlerinde, karioz boşlugynda, kök akaba­la­rynda bolup bilýär. Candida albikans adamyň agyz boşlugyndaky hemişe kadada bolýan (rezi­dent) mikroblarynyň wekili bolup, olar az mukdarda hem-de hereketsiz halatynda 50-70% adamlaryň kandidoz keseliniň kliniki alamatlarynyň bolmadyk ýagdaýlarynda duş gelýär. Olar şeýle hem sagdyn deriniň üstünede bolup bilýärler. Çandida albiçans kömelejik güberçegini dörediji mikrob­laryň görnüşine degişlidir. Ol süri böwrek ýaly güberçekleýän 3-5 mkm göwrümli öýjüklerden yba­rat. Kömelejik görnüşli mikroblar “tursy” sredany (pH 5,8-6,5) gowy görýär we beloklary, lipidleri (ýaglar), uglewodlary dargadýan köp sanly fermentleri bölüp çykarýar.

Döreýşi we sebäpleri. Çandida maşgalasyna degişli kömelejikleriň patogeli ukybynyň ýüze çykmalary, esasan mikroblaryň ýagdaýyna bagly bolýar. Soňky ýyllardaky ylmy barlaglaryň netijeli görkezijilerine baglylykda, kandidozyň döremeginde goraýyş ulgamynyň gowşamaklygy esasy oryny tutýar. Kandidoz keseli adatça köpüräk ýa-da birazyrak goraýyş güýçleriniň ýetmezçiliginde ýada goraýyş ulgamynyň deňagramlygynyň bozulmagy esa­syn­da döreýär. Kandidozyň döremegine agyr çylşyrymly keselleriň ýardam bermegi mümkin: howyply täze döremeler, AIY – ýokanjy, inçekesel, içki mäz ulgamynyň keselleri (Süýji kesel, gipotireoz, gipoparatireoz, böwrek üsti mäzleriň gipo we giper junksiýasy). Aş­gazan-içege ýollarynyň keselleri, aýratyn hem aşgazan şire­si­niň turşulygynyň peselmegi agyz boşlugynyň nemli bardasynda köplenç ýagdaýda kandidozyň döremegine esaslandyr­ýar. Süýji keselinde uglewodlaryň alyş-çalyş hadysasynyň bozulmagy, kandidozyň döremegi üçin amatly şert bolup durýar. Şonuň üçin hem agzyň nemli bardasynyň kandidozy, seýrek bolmadyk ýagdaýda alamatsyz geçýan süýji keseliň birinji kliniki görkeziji alamaty bolup durýar. üznüksiz kandidozyň ähli görnüşlerinde aýratyn hem gaýtalanýan görnüşinde süýji keselini aradan aýyrmak üçin hökmany süratda ganyň düzüminde süýjiniň barlygyny, ýok­lygyny anyklanmalydyr. Agyz boşlugynda kandidozyň döremegine kortikosteroid derman­laryň uzak wagytlap ulanylmagy ýardam berýär, sebäbi olar bedeniň goraýyş ulgamyny ba­syp pesel­dýär we kömelejik güberçegini dörediji mikroblaryň kesel dörediji ukybyny güýçlendirýär. Antibiotik dermanlaryň giňden ulanylmagynyň netijesinde, soňky ýyllarda agyz boşlugynyň nemli bardasynda kandidozyň duş gelmeginiň sany birneme köpeldi. Uzak wagytlap anti­biotikler kabul edilende, agyz boşlugynda hemişe kadada bolýan mikroflora­la­ryň düzümi bozulýar–disbakterioz emele gelýär. Kadada hemişe bolýan mikroflora ejizlen­ýär-asgyn­jak­laşýar we şertli – patogen mikrob Çandi­da­laryň kesel dörediji ukyby birden çalt beýgel­ýär we olar agzyň nemli bardasynda kesel döredýärler (super­ýo­kançlar, autoýokanç­lar). Şular ýaly täsiri uzak wagytlap mikroblaragara ulanylan derman­lar hem berip bilýär (trihopol, hlorgeksidin, sangiwiritrin we başgalar).

Agyz boşlugynda disbakterioz bilen bir hatarda antibiotikler şeýlede içegede disbakteriozy emele getirýär, onuň netijesinde bolsa B,C, PP topar witaminleriň ýetmezçiligi we bolmazlygy (gipo we awitaminozlar) ýüze çykýar, ol bolsa öz gezeginde agyzyň nemli bardasynyň funksional ýagdaýyna ýaramat täsirini ýetirýär (olar kandidoz ýokançlaryň ýokuşmagyna has golaý ýykgynly bolýarlar).

Kandidozyň döremeginde agzyň nemli bardasyna we onuň goraýyş güýçleriniň ýagdaýyna uly üns berilýär. Kandidozyň ýüze çykmagyna agzyň nemli bardasynyň ýiti we üznüksiz şikeslenmeleri (dişleriň ýiti gyralary, hili pes protezler, diş täçleriniň dargamagy we ş.m.) ýardam berýärler. Agyz boşlugynyň nemli bardasy bilen uzak wagytlap gatnaşykda bolan, akril plasstmassalardan taýarlanan protezleriň ýokary duýyjylyk (allergik) täsiriniň barlygy takyklanan. Üznüksiz şikeslenmeler agzyň nemli bardasynyň durnuklylygynyň pese düşürmegi netijesinde kömelejik güberçegini dörediji Çandidalaryna ýeňillik bilen girmäge mümkinçilik berýär we onuň keselini döredýär. Mundan başgada Çandidalar akril plassma­salardan ýasalan aýrylyp goýulýan protezleriň üstünde gowy ösýärler, hemde proteziň astyndaky nemli bardanyň üznüksiz çişmeleriniň saklanmagyna goldaw berýär.

Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň kandidozy bilen köplenç emdirilýän çagalar we uly ýaşly adamlar aýratyn hem, üznüksiz agyr geçýan keselli bedeni gowşanlar zeperlenýärler. Kömelejik güberçegini dörediji mikroblar bilen täze dogan çaga eneden dogurma ýollarynyň üsti bilen geçende zäherlenip biler.

N.D.Şeklakobyň toparlara bölünişi boýunça şu aşakdakylara bölünýär:

- nemli bardanyň, deriniň we dyrnagyň ýüzleý kandidozy;

- çagalarda üznüksiz ýaýraň (granulematoz) kandidoz;

- wisseral (ulgamlaýyn) kandodoz.

Köplenç kandidozyň ýüzleý görnüşi duş gelýär. Agzyň nemli bardasynyň kandidozy aýratyn öz başyna ýada beýleki nemli bardalar we deri bilen bilelikde ýüze çykyp bilýär.

Kä halatlarda, ýaramaz sebäpleriň bolmagynda, esasan hem öýjükleriň goraýyş güýçleriniň ýetmezçiliginde, şeýlede öz wagtynda we ýeterlik derejede bolmadyk bejergide, nemli bardanyň kandidozy ýaýraň görnüşine göçmegi mümkin. Bu bolsa bedeniň içki synalaryny zeperläp bilýärler, onuň gelejekdäki maglumatlary ýakymsyz.

Kliniki alamatlary. Agyz boşlugynyň nemli bardasynda kandidozyň ýüze çykmalary dürli-dür­lidir we ol adamyň ýaşyna, goraýyş ulgamynyň ýagdaýyna, çylşyrymly iç keselleriň bolmagyna, kabul edilen dermanlara (antibiotiklere, kortikosteroidlere) hem-de beýleki sebäplere bagly bolýar. Kliniki geçişi boýunça agzyň nemli bardasynyň kandidozynda ýiti we üznüksiz görnüşleri tapawut­landyrylýar. Ýiti kandidoz köpükleýän görnüşde ýa-da ýiti otrofik kandidoz görnüşde geçip bilýär. Üznüksiz kandidozyň hem iki sany kliniki görnüşi bolýar: üznüksiz giperplastik we üznüksiz atrofik.

Ýiti köpükleýän kandidoz (Сandidosis. aсuta, s.soor).

Agzyň nemli bardasynda iň bir köp duş gelýän kandidozyň görnüşi. Emdirilýän ýaş çagalarda ýiti köpükleýän kandidoz ýygy-ýygydan düş gelýär we beýlekilere görä ýeňil geçýär. Uly adamlarda ýiti kandidoz köplenç haýsydyr-bir umumy agyz iç keselleri bilen bilelikde ýüze çykýar: mysal üçin, süji kesel, gan keselleri, witamin ýetmezçiligi (gipowitaminoz), howyply täze çişler we ş.m. Esasan köp ýagdaýlarda diliň arkasynyň, dulugyň, kentlewgiň, dodagyň nemli bardasy zeperlenýärler. Agzyň nemli bardasy ýagty gyzaran, gury. Gyzaran nemli bardanyň düşeginde uýan süýdi ýada çekizäni ýatladýan ak kesmek bolýar. Kesmek nemli bardanyň deňinden beýikde galyp durýar we keseliň başynda kesmek gyrçalanda ýeňillikbilen aýrylýar. Ondan soň gyzaran, sähelçe çişen, ýylmanak üsti açylýar (11.23. surat). Keseliň agyrlaşan, ötüşen ýagdaýlarynda kesmek has dykyzlanýar we kynlyk bilen aýrylýar.

Näsaglar agyz boölugynyň awyşap-ötmegine, ýitiiýmitleri iýlende agyrynyň ýüze çyk­magyna, kesmegiň emele gelmegine arz edýärler. Ýiti kandidozly glossiti deskwamatiw glos­sit bilen deňeş­dirmek gerekdir. Onda diliň arkasynda epiteliýanyň gopan (deskwa­ma­siýa) ýerleri peýda bolýar, deriň arkasynda mydama epiteliýa ýiti kandidozly stomatiti Leýkoplakiýa we gyrmyzy ýasy dem­rew bilen deňeşdirmek zerurdyr. Olarda, giperkeratozyň bolmagy netijesinde nemli bardanyň ýüzinde agymtyl örtük we düwünjikler ýüze çykýar, şonuň üçin hem olary gyrçap aýyrmak mümkin däl. Kandidozy şeýlede ýumşak leýkoplakiýa ýa-da ak ýumşak newus bilen deňeşdirilýär. Onda zeperlenen ojak göniden-göni dişleriň gysylyşýan zolagynda we dodagyň nemli bardasynda ýer­leşýän. Ýumşak leýkoplakiýada nemli bardanyň reňki zeperlenen sebitde agymtyl-çal bolýar, onuň üsti büdir-südir, düz bolmaýar, köp sanly owynjak ýaralar, sypçyryklar peýda bolýar. Keseliň gutarnykly kesgidi bakteriologik barlaglaryň esasynda goýulýar.

Ýiti atrofik kandidoz (candidosis acuta atrophica) örän agyryly, awyşap ötýär duýgylar we agyz boşlugynyň guramagy bilen häsiýetlenýär. Nemli barda gyzaran, gurak. Kesel dilde duş gelende onuň arkasy böwürslen-gyzyl reňkde, gyry, ýalpyldawyk, sapak görnüşli enzijekler kiçelen (atrofirlenen) bolýarlar. Kesmek bolmaýar ýada çuň gasynlarda saklanýar. Ol kynlyk bilen aýrylýar we dürlenen epiteliýadan hem-de köp sanly kömelejik güberçegini dörediji Çandida maşgalasyna degişli mikroblardan ybarat.

Ýiti atrofik kandidozy aýyrlyp goýulýan plasstmassa protezleriň allergik düýgyrlygy bilen deňeşdirilýär.

Bu ýagdaýda kliniki taýdan agzyň nemli bardasynyň üýtgemegine gözegçilik etmek we bak­te­rioskopik barlaglar möhüm oryny tutýar. Ýiti kandodozly näsaglaryň umumy ýagdaýlary ejir çek­me­ýär: bedeniň gyzgynlygy ütgemedik, limfatik düwünleri barmak basyp barlananda kesgitlen­meýär.

Üznüksiz giperplastik kandidoz (сandidosis сhroniсa hyperplastiсa) agzyň gyzaran nemli bar­dasynda galyň gatly, berk oturan düwüne meňzeş kesmegiň döremegi bilen häsiýetlendirilýär. Onuň üsti büdür-südür, berk seplenen. Adatça kesmek diliň arkasynda, kentlewkde ýerleşýär. Kesel dilde ýerleşende, köplenç rombşekilli glossite mahsus bolan sebitler zeperlenýär. Üznüksiz giperp­lastik kandidozyň kentlewükde emzijek ösüntgili (gipeplaziýa) görnüşi bolýar. Keseliň uzak wagyt­lap, gyngysyz geçýän ýagdaýlarynda kesemek fibrin bilen siňdirlen bolýar, sarymtyl-çal örtük peý­da bolýar, ol aşakda ýatan nemli barda bilen berik seplenen. Kesmegiň ýüzi şpatel bilen gyrçalanda örän kynlyk bilen aýrylýar, ondan soň gyzaryp, ganap duran ýaraly ýüzi açylýar. Näsaglar agyz boşlugynyň guramagyna, awyşamagyna, ýara barbolanda – onuň agyrmagyna arz edýärler!

Kandidozyň bu görnüşini Leýkoplakiýa we gyrmyzy ýasy demrew bilen deňeşdirilýär.

Üznüksiz atrofiki kandidoz (сandidosis сhroniсa atrophiсa) bu keselde hem agyz boşlugynyň guramaklygy, awuşamaklygy, aýrylyp goýulýan protez dakynanda agyrynyň bolmagy ýüze çykýar. Proteziň oturjak ýerine gabat gelýan nemli bardanyň meýdançasy gyzaran, çişginli, agyryly bolýar.

Üznüksiz atrofik kandidoz adamlaryň uzak wagtlap aýyrylyp-goýulýan plasstmassa protezleri dakynanda, köp ýagdaýlarda esasan hem proteziň aşagyndaky nemli bardanyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär (gyzarmagy, ýaranyň, papillomatozyň ýüze çykmagy). Şonuň bilen birlikde mikotik zaýeda we atrofik kandidozly glossit bilelikde duşgelýär. Olarda diliň arkasy böwürslen – gyzyl reňkde, gury, ýalpyldawyk, onuň sapak görnüşli emzijekleri çöküşen (atrofirlenen). Agymtyl-çal kesmekler köp bolmadyk möçberde diňe diliň çuň gasynlarynda we gapdalky ýüzlerinde bolýarlar. Kesmek kynlyk bilen aýrylýar. Mikroskopyň astynda barlag edilip görlende onda Candida maşgalasyna degişli bolan kömelejik sporlar we meseleler ýüze çykarylýar. Bu üçem alamatlar (kentlewgiň, diliň we agyz burçynyň çişmeri) atrofik kandidoz stomatit üçin, şeýle bir häsiýetli welin, hatda kesel anyklamakda beýle bir kynçylyk döretmeýär.

Deňeşdirilip anyklamany gyrmyzy ýasy demrew, akril plastmassanyň täsirinde dörän allergik stomatit, dermandan dörän stomatitiň dürli görnüşleri, merejiýel düwünçejigi bilen geçirilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]