Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.3.4. Inçekesel.

Inçekesel – üznüksiz ýokanç kesel, ony döredýän gyjyndyryjy inçekeseliň mikrobakte­ri­ýasy (Kohyň taýajygy) bolup durýar.

Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň inçe keselli zeper­len­me­leri, adatça ikilenji bolup durýar we olar haçanda inçe kesel hadysasy öýkende, limfatik düwünlerde ýa-da süňkde bar bolanda döreýär. Inçe keseliň mikrobakteriýasy agzyň nemli bar­dasyna köplenç ýagdaýlarda ganyň ýada limfanyň ugry bilen ilkinji inçekesel ojagyndan düşýär. Agzyň nemli bar­dasynyň, ynamly aýdyň dürnuklylygynyň bolmagy, inçekeseliň mikrobakteriýalarynyň köpel­megi üçin amatsyz ýer (sreda) bolup durýär. Düzgün bolşy ýaly, olar onuň üstünde çalt ölýärler. Agyz boşlugynda ilkinji inçekesel uly adamlarda amaly taýdan duşgelmeýär, örän seýrek kiçi çagalarda bolýar.

Agyz boşlugynyň nemli bardasynda we dodagyň gyzyl gaýmasynda ikilenji inçekesel ýokanjy, adatça inçekeldäki gyzylgyýt tumşygy we miliar – ýaraly inçekesel görnüşinde ýüze çykýar. Öran seýrek ýagdaýda skrofuloderma ýüze çykmagy mümkin.

Adaty gyzylgurt (lupus Vulgaris, inçekeselli gyzylgurt). Bu agyzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň inçe keselli zeperlenmeleriniň arasynda iň köp duş gelýän keseldir. In­çekeselli gyzylgurtda agzyň nemli bardasynyň zeperlenmesi, düzgün bolşy ýaly, deriniň zeperlen­me­leri bilen bilelikde duş gelýär. Inçekeselli gyzylgurtyň örän köp duş gelýän ýeri, ýüziň derisinde bolup, ol takmynan näsaglaryň 75%-ni zeperleýär. Örän köp ýagdaýlarda ýokarky dodagyň gyzyl gaý­masy zeperlenýär, bu bolsa burnyň dersinden hadysanyň aşaklygyna ýaýramaklygynyň netije­sidir. Ondan soňra hadysa köplenç agyz boşlugynyň nemli bardasyna hem ýaýraýar. Kä halatlarda aýratyn diňe ýokarky dodagyň gyzyl gaýmasynyň zeperlenmeleri duş gelýär. Gyzylgurt hadysasy agzyň nemli bardasynyň ýada dodagyň gyzyl gaýmasynyň islendik ýerlerini zeperläp bilýär, ýöne has mahsus duş gelýän ýeri; ýokary dodagyň nemli bardasynda, ýokary äňiň ösüntgi süňkinde alyn dişleriň sebitinden, gaty we ýumşak kentlewkde bolýar. Inçe keseliň bu görnüşiniň ilkinji ele­mentleri tümmüjik bolup durýar, ol öz boluşy çäklendirlen, ilki başda ýasy, agyrysyz döreme ýüze çykýar, onuň ululygy 1-3mm göwrümde, görnüşi ýumşak, gyzyl ýada sarymtyl-gyzyl reňkde bolýar.

Tümmüjikler daştöwerege ösmeklige we goňşy elementler bilen goşluşmaga ýykgynly, ol bolsa dürli ölçegli we sudyrly örtülen kesmek emele getirýär, onda aýratyn tümmüjikler ta­pa­wutlanýar. Örtülen kesmegiň merkezi diýeseň ýeňillik bilen dargaýar, ol ýumşak, gyra­lary gemirlen ýaly ýara öwrülýär. Ýara ýüzleý pes agyryly, dübi sarymtyk ya-da sarymtyk-gyzyl kesmek bilen örtülen, käte ösýän granulýasiýa dokumanyň bolmagy – böwürüsleni ýatladýar. Inçekesel gyzyl gurt üçin häsiýetli alamat-almanyň goýytmagy we dürtgüç bilen barlag etmek bolup durýar. tümmejigi okuw-esbap aýnajygy bilen basylanda gyzyl reňk­len­me, ol bolsa daştöwerekdäki damarlaryň giňemeginde bolýar we tümmejigiň ilkinji ele­me­nt­leri gowy görünýärler–ol sarymtyk–mele ýada düwünler şem görnüşli reňkde, alma­nyň go­ýut­magynyň reňkini ýadyňa salýan (almanyň goýytmakly alamaty). Egerde düm­me­jigiň üs­tünden düwünli dürtgüç bilen basylanda, onda ol ýeňillik bilen içine opyrylýar (Pos­pelowyň alamaty), bu bolsa esasan tümmejikdäki elastik we kollagen süýümleriň dargamagy bilen düşündirilýär. Hadysa haçanda alweolýar ösüntgisiniň nemli bardasynda ýerleşende dişara germewleriň süňk dokumalary dargaýar, dişler yrgyldap we gapýarlar. Ýara dodagyň gyzyl gaýmasynda ganjarmak – iriňli gaty kesmek bilen örtülen. Şonuň bilen baglanşykda zeper­lenen dodak güýçli ýellenýär, göwrümi boýunça ulalýar, onda agyryly jaýryklar ýüze çyk­ýar. Hadysa bolup geçenden soň bertigiň yzy galýar. Egerde hadysa, ýarasyň, ýaralan­man geçen bolsa, onda ýylmanak çörek (atrofiki) bertik emele gelýär. Ýara bolan ýerdäki bertik dy­kyz, gödek we ol nemli bardany aşakda ýatan dokumalar bilen bitişdirýär. Bertikde gaýtadan tümmüjegi döremegi häsiýetlidir. Gyzylgürt ojagynyň dodakda ýerleşenligi üçin ol onuň görküniň bozulma­gy­na getirýär, onuň netijesinde adamyň iýmitlenmegi kynlaşýar, gurleýşi üýtgeýär. Dodaklaryň ikisi hem zeperlenende kiçi agyz (mikrostoma) döremegi müm­kin. Inçekeselli gyzylgurt tumşygynyň ge­çişi üznüksiz bolýar. Bejergi geçirilmese ha­dy­sa kesgitlenmedik uzak wagyt dowam edip biler, ber­tiklerde täze tümmüjekler ýüze çyk­ýar. Inçekeseldäki gyzylgurt tumşygy beze çişginligi, kan­didoz bilen gaýraüzülip bilýär. Ag­zyň nemli bardasynda gyzylgurt 1-10%-ýagdaýda howyply çiş (lýupus karsenoma) döredýär.

Anyklanşy. Hakyky ýagdaýda, inçekeselli gyzylgurdyň anyklanmagy kynçylyk döret­meýär. Manty (reaksiýasy) – barlagy köp ýagdaýlarda tassyklanylýar. Ýaradan bölünip çyk­ýan suwk­lyk­dan, düzgün bolşy-ýaly inçekesel mikobakteriýalary tapylmaýar. Gistologik bar­lagda birleşdirji do­ku­manyň torly gatymda tümmejik kesgitlenilýär, ol Pirogow-Lang­hon­sanyň mähnet öýjüklerinden, plazmatik, epitelioid öýjüklerden ybarat bolup, limfasit­ler­den gala ýaly gabawlanan. Karioz çüre­mekligi bolmaýar ýada örän azajyk bolýar. Elastik we kollagen süýumleri mahsus bolan infiltrat zolagynda dargan. Infiltratyň sebitlerinde we onuň daştöwereginde köp sanly gan damarlary giňän, şol sanda hem täze döränlerde.

Deňeşdirilip anyklanşy. Inçekeselli gyzylgurt tumşygyny üçülenji mereziýelde ýüze çykýan tümmüjikler bilen deňeşdirilýär. Mereziýel tümmejikleri inçekeselli gyzylgurta garaňda, öňa görä has uly, olar köp dykyzlygy bilen tapawutlanýärlar. Mereziýelde ýaranyň gyralary deň, dykyz, a inçekeselli gyzylgurtda – ýumşak, gyralary gemirlen ýaly bolýar. Inçekesel gyzylgurtdan mere­ziýeliň tapawudy bertikleriň ýüzünde gaýtadan örgünler ýüze çykmaýar. Düwmeli dürtgüç bilen barlananda we almanyň goýutmak alamatlary merezi­ýelde bolmaýar.

Surat 11.21. inçekesel ýarasy. Gyralary ýellenen deň bolmadyk ýara.

Miliar – ýaraly inçekesel (tuberculosis miliaris ilcerosa).

Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň miliar-ýaraly inçekeseli seýrek duşýar. Öýken ýada bokurdak inçeseseliniň agyr görnüşi bilen ejir çekýän näsaglarynda ýüze çykýar, bu bolsa köp mukdarda gakylyk bilen inçekeseliň mikobakteriýalary bölünüp çykmagy bilen utgaşýar. Bedeniň durnuklylygynyň peselmegi netijesinde şeýle näsaglarda inçekeseliň ýokanç mikroblary ýeňillik bilen nemli barda girýarler we hiç hili päsgelsiz köpelýärler, ýaraly hadysany döredýär. Esasan hem mydama şikeslenýän dulugyň nemli bardasynyň meýdançasy, dişleriň gysylyşýa zology, diliň gapdal we arka ýüzü, ýumşak kentlewük, agyz boşlugynyň dübi zeperlenýärler. Adatça 1-3 ýaralar döreýär. Inçekeseliň mikobakteriýalaryň giren ýerlerinde tümmejikler peýda bolýar olaryň göwrümi mäşiň ulylygynda, çalymtyl-gyzyl reňkde, olar örän çalt ownyk iriňli haltajyga (mikroabsseslere) öwrülýärler we ýarylyp –açylýarlar, hem-de örän agyryly, owynjak, ýüzleý ýarajyklar döredýärler. Ýuwaş-ýuwaşdan daş töwerege ýaýrap ulalýarlar, köplenç bir meňzeş ýakynda ýerleşýän ýaralar bir-biri bilen goşyluşýarlar, kä wagytlar olara 2-3 sm göwrüme ýetýärler (11.21. surat). Şolar ýaly ýaralar adatça çuňdäl, nädogry görkibolýar; oýulan, gyralary gemirlen ýaly, ýiti agyryly. Ýaranyň dübi sarymtyk-çal kesmek bilen örtülen, birazyrak bölünip çykýan iriňli, sähelçe ganaýar, dargamadyk tümmejikleriň hasabyna onuň däneli görnüşi bolýar. Ýaranyň dübinde we töwereginde owynjak saryja tegmiltler (ownyk abssessler) ýüze çykarylýar – ol Treliň dänesi diýip atlan­dy­rylýar. Ýaranyň daş töwereginde çişme hadysasy azowlak bolýar. Sebitleýin limfa düwünleri ilki baş­da barmak basylyp barlananda kesgitlenmeýär, soňra ulalýarlar, dykyzlanýarlar, agyryly bol­ýarlar. Dilde ýada geçiş gasynda ýaralar çuňňur, agyryly jaýryk görnüşe eýe bolýar. Ýaralaryň diş etinde ýerleşmeginde ýumşak dokumany zeperlemekden başgada, periodontyň we süňkleriň dargamagy mümkin, onuň netijesinde bolsa dişleriň yrgyldaşyp gaçmeklary mümkin.

11.22. Surat. Inçekesel ýaradan

alnan kesmekli çyrşak.

Näsaglaryň umumy ýagdaýy örän ejir çekýär: horlanýandygy, çenden aşa derlemeklik, demi­gys­ma, bedeniň gyzgynlygynyň beýgelmegi, sülekeýiň köp bölünip çykmagy (giper­saliwasiýa) ýüze çykýar. Leýkositar formulanyň ütgemegi, EÇT-niň beýgelmegi bellenýär. Ýaranyň ýüzünden gyrçalyp alnan kesmegi sitologik barlag edilende Pirogow-Langhansyň (11.22. surat) mähnet öý­jük­­leri we epitelioid öýjükleri ýüze çykarylýar. Bakterioskopik barlagy geçirlende Kohyň basil­la­laryny görmek bolýar (Sil-Nilsen boýunça boýag edilende).

Deňeşdirilip anyklanşy. Mereziýeliň düwünli ýarasy bilen geçirilýär, onuň miliar-ýaraly inçekeselden tapawydy ol agyrysyz, oýulan görnüşde, gyralary dykyz ýasyjak pisintli. Inçekeselli ýarany şeýlede Wensanyň ýaraly çüýreýän stomatiti şikeslenen, trofik we howyply çiş ýarasy bilen deňeşdirmek zerurdyr.

Keseliň kesgidini çözýän esasy sitologik we bakterioskopik barlaglar bolup dürýar.

Bejerlişi. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň inçekesel bilen zeperlenmeleri umumy inçekesel ýokanjynyň ýüze çykmalary bolanlygy üçin, näsaglaryň umumy bejergisi ýöriteleşdirlen hassahanalarda, inçekeseliň öňüni alyş merkezlerinde geçirilýär. Ýerli bejergiler şikeslendirýän sebäpleri aradan aýyrmaklyga, dişleriň gaty dokumalaryny we parodontny bejermekligi ugrykdyrlan bolmalydyr. Şeýlede agyz boşlugynyň nemli bardasy antiseptik we agyrsyzlandyryjy dermanlar bilen päkizelenip çaýkamaklyk we ýapgy görnüşde ulanylýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]