Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti

Wensanyň ýaraly – çüýrän stomatiti (stomatitis ulceronecroticans Vincent) – ýokanç kesel bolup, ik ýaly towly görnüşli taýajyklar (Bacillus fusiformis) we Borellia wencenti-mikroblar tarapdan döreýär. Bu kesel dürli-dürli atlar bilen ýazylan: ýaraly gingiwit we ýaraly stomatit, ýaraly-membranoz stomatiti, fuzospirohetoz stomatit, Plauta-Wensanyň stomatiti, “idegsiz agyz”, ýara-perdeli stomatit we ş.m. Häzirki zaman keselleri toparlara bölünişi boýunça “Wensanyň ýaraly-çüýreýän stomatiti”, ýa-da “Wensanyň stomatiti” diýip atlandyrylýar. Haçanda diş etleri zeperlenende kesel Wensanyň gingiwiti diýlip kesgitlenýär. Diş etleri bilen bir wagytda agyz boşlugynyň nemli bardasynyň beýleki meýdançalary zeperlenende Wensanyň stomatiti, a egerde zeperlenme hadysa kentlewük badam sebtinde ýerleşse – oňa Wensana – Simanowsko – Plauta diýip atlandyrylýar.

Sebäbi. Wensanyň ýaraly – çüýreýän stomatiti ik görnüşli taýajyklaryň toplumy we Wensanyň sipirohety tarapyndan döreýändir. Adaty ýagdaýda bu mikroblar agyz boşlugynda elmydama bolýan mikrofloralaryň wekili hökminde bolup durýar we olar köp bolmadyk möçberde dişleri bar hemme adamlarda ýüze çykarylýar. Olary esasan diş etleriniň keş­ja­gaz­larynda, parodontyň kisejiklerinde, kariýes köweklerinde, kentlewük badamynyň gasyn aralarynda görmek bolýär. Agyz boşlugynyň saplanmadyk wagtynda, onuň arasaçylyk ýagdaýy pese düşende, şeýle hem parodontit kesellerinde fuzobakteriýalaryň we spirohet­leriň möçberi birden köpelýär. Wensanyň ýaraly-çüreýän stomatitiniň döremegi, bütin bedeniň ýokanç mikroblara garşy güýçleriniň birden pese düşen ýagdaýy bilen bagly bolup, wirus keselleri başdan geçirenlerde (ýokarky demalyş ýollarynyň ýiti ýokanç keselleri, gerpetiki stomatit, pnewmoniýa we ş.m.), awitominozlarda, stres ýagdaýlarda, çenden aşa ýadalanda, doly derejede iýmitlenmedik adamlarda. Ýaraly – çüýreýän gingiwit köplenç ýagdaýlarda, umumy agyr keselleriň (leýkoz, agranulositoz, pnewmoniýa, ýokançly mono­nuk­leoz) geçişini beterleşdirýär.

Köp görnüşli şypyljaýan eritema, ýüzleý ýaraly allergik stomatit ýaly gaýra üzülmeler ýüze çykyp biler. Bedende mahsus bolan we mahsus bolmagyň goraýyş güýçleriniň işjeňligi bozulan ýagdaýda fuzobakteriýalaryň we spirohetalaryň kesel dörediji ukyby beýgelýär. Olaryň sany şeýle bir köpelýär, hatda beýleki mikroblara garaňda olary başypalyjy bolup höküm sürýärler. Bedeniň umumy garşylyk görkeziji güýçleriniň peselmegi ýaramaz ýagdaý bilen agyz boşlugynyň nemli bardasynyň durnuklylygyna täsir edýär - ol, ýokanç mikroblara garşy, ynamdar goraýyş işini (rolyny) ýerine ýetirip bilmeýär, nemli bardanyň bitewliginiň bozulmagy bolsa, agyz boşlugynyň idegsiz ýagdaýynda, ýerli şikes berýän sebäpleriň (dişleriň ýiti gyralary, protezler, diş daşlarynyň çökündileri we ş.m.) bolmagy netijesinde fuzobakteriýalara we spirohetalara kesel döretmek üçin şert döredýär. Şonuň üçin hem Wensanyň ýaraly çüýreýän stomatiti köplenç agyz boşlugy saplanmadyk we arassaçylyk ýagdaýy kanagatlanarsyz bolan adamlarda döreýär.

Wensanyň stomatit keseli bilen toparlaýyn kesellemeklik (harby bölümlerde, mekdep­lerde, çagalar bagynda), gatnaşyk üäti bilen däl eýsem bu ýagdaý ýaramaz durmuş şertle­rin­de (doly ýeterlik derejede iýmitlenmezlik, witaminleriň ýetmezçiligi, agyz boşlugynyň arasaçylyk çäreleriniň ýerine ýetirilmänligi) döreýar diýip hasap etmek bilen düşündirilýär.

Kliniki alamatlary. Köplenç ýaş adamlar (17-30 ýaşly), esasan hem erkekler kesel­le­ýär. Wensanyň ýaraly-çüreýän stomatitini döredýän sebäpler, howanyň sowamagy bolup du­r­ýar, ol bolsa iň köpýygy-ýygydan güz-ýaz döwürleri ýüze çykýandygyny düşündirýär; bu ke­sel bilen keselleýänler esasan Oktýabr –Dekabr aýlary aralygynda örän kän bolýar.

Kliniki geçişi boýunça ýiti we üznüksiz görnüşleri tapawutlandyrylýär, keseliň agyrlyk dere­je­si boýunça ýeňil, ortaça we agyr görnüşleri bolýar. Kesel bedeniň gyzgynlygynyň 37,5-380C çenli beýgelmegi bilen ýiti başlanýar. Şol sebitlerde ýerleşýän limfa düwünler ullalýar, dykyzlanýar, barmak basyp barlananda agyryly bolýar. Näsaglary kelle agyry bin­jalyk edýär, bedende umumy gowşaklyk peýda bolýar, agzyň nemli bardasy agyryly, iýmit iýlende, gürlände, agyry guýçlenýär, diş etleriniň ganamagy, sülekeýiň çenden aşa bölünip çykmagy (gipersaliwasiýa), agzyndan ýakymsyz ysyň gelmegi.

Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň gyzaran görnüşi bahym ýara öwrülýär. Hadysa köp halatlarda diş etlerinde başlanýar, ondan soňra nemli bardanyň beýleki meýdançalaryna gir­ýarler. Diş etleri ýellenip, gyzarýar, çalaja degseň örän agyryly we ganaýar. Diş etleriniň gy­ra­synyň we dişara emzijekleriň epiteliýasy bulançak çalarýar, soňra çüýreýär. Netijede diş­etleriniň gyralary kesilen ýaly gyradeňsiz bolup görünýärler, onuň üsti ýeňillik bilen aý­ryl­ýan çalymtyk-sary kesmek bilen örtilýär. Zeperlenmäniň netijesinde dişetleri doly derejede öz kadaly ýagdaýyna gelmeýär we nädogrylygyna galýarlar. Esasan köp ýagdaýlarda aşaky sekizinji dişiň sebitleri zeperlenär, ol ýerdäki çüýreýän hadysa äň ösüntgisinden çalt dulygyň we azy dişleriň ýeňse sebitleriniň nemli bardasyna ýaýraýar, ol bolsa birnäçe ýagdaýlarda aňiň açylmazlygyna we ýuwdynjyraňda agyrynyň bolmagyna eltýär. Ýara dulugyň nemli bardasynda uly göwrüme we çuňluga çenli (5-6 sm göw­rüme) ýetip bilýär (11.15. surat). Onuň gyralary ýum­­şak, deň bolmaýar. Dübi çalymtyl-ýaşyl reňkli galyň çürän kesmek bilen örtülen, ýa­kym­syz porsy ysly, ol kesmegi aýyrlandan soň ýaranyň ganjaryp duran dubi açylýar. Ýara­nyň gyralarynyň we esasy dübiniň sebtinde dykyzlanma ýok. Ýaranyň daştöweregindäki nem­­li barda ýellenen, gyzaran. Agyz boşlugynda ýerli şikeslendiriji sebäpleriň (dişleriň pyt­rap galan kökleri, dişleriň ýiti gyralary, protezler) bolmagy, agyz boşlugynyň beýleki ýer­le­riniň (gaty, ýumşak kentlewük, kiçi diliň ýaýy, damagyň badamy, dil) nemli bardasyny ze­perläp bilýärler. Agyz boşlugynda ýara ýeketäk we birnäçe bolup, dürli göwrümde we çuňlykda bolup biler. Ýaranyň gaty kentlewkde ýerleşmeginde örän çalt çüýreme hadysa döräp nemli bardanyň ähli gatlaklaryna ýetýär we süňki açylýar. Kiçi diliň aýratyn çäk­len­dirlen zeperlenmesi (Simanow–Plauta–Wensanyň anginasy), düzgün bolşy ýaly bir tarap­laýyn bolýar, ýone stomatolog-lukmanyň amaly işinde seýrek duşýar. Ýaraly – çüýreýän stomatiti başlap 2-3 hepde geçinden soň, adat boýunça hadysanyň yzyna gaýtmagy başlanýar we ýaranyň üstüniň doly derejede bitip gitmegi bolup geçýär. Seýrek ýadaýlarda, haçanda bejergi geçirilmese ýa-da ol netije bermese onda wen­sanyň ýaraly-çüýreýan stomatitiniň üznüksiz görnüşi döreýär. Onda umumy alamatlar bolmaýar. Näsaglary mydama diş etle­ri­niň ganamagy we agyrmagy binjalyk etýär, şeýlede agzynda erbet-ýakymsyz ys bolýar. Kli­ni­ki alamatlary bozulan, dişetleri duzukly-gyzaran, ýellenen, onuň ýara tutan ýerleri myda­ma dykyz, nemli bardanyň çürän ýerleri dişleriň aralarynda ýerleşýän, şonuň üçin agyz boş­lugy bahymjak seredilip çykylanda, görünmän galmagy hem mümkin. Örän gowy üns berip agyz boşlugy gözden geçirlende we dürtgüç bilen dişetleriniň gyralary barlag edilende süňk dokumasynyň açylandygy kesgitlenýär. Diňe käbir diş etlerinde zeperlenme bolýar. Limfatik düwünleri (aşaky äňasty, äňasty aşagyndaky) Wensanyň ýaraly-çüýreýän stomatitiniň üznüksiz görnüşinde dykyzlanan, sähelça agyryly. Kesel 4-8 aýyň dowamyna çenli çekse, onda limfatiki düwünler, kikirdewige çalymdaş gatylykda bolýar.

Patogistologik barlagda ýaraly dişetiniň gyralarynda iki zolak ýüze çykarylýar: ýokary üsti – çüýreýän we çuň – çişginli (11.16. surat). Ýüzleý gatlakdaky çürän dişetiniň dokumasynda hirgiden dürli görnüşli mikroblar (kökkiber, taýajyk şekilliler, fuzobakteriýalar, spirohetalar we ş.m.) ýüze çykarylýar. Has çuň gatlaklarda esasan fuzobakteriýalar we spirohetalar bolýar (11.17 surat). Çuň gatlakda ýerleşen berleşdiriji dokuma çişginli: olar ýellenen, gandamarlar giňelen. Damarýany çişginliginiň ýellen­mesinde ganyň görnüşli elementleri tapylýar. Şu çişginli zolakda zeperlenmedik dokumanyň içinde, epiteliýanyň öýjükleriniň arasynda giren, diňe spirohetalary tapmak bolýar.

Sitologik alamatlar, nemli bardanyň ýüzüniň ýarasyndan barlag üçin alnan kesmekde Wen­sanyň ýaraly-çüýreýän stomatitli näsaglarynda ýöriteleşdirilmedik çişgin hadysa gabat gelýär. Ilki keseliň başynda birgiden sudyrsyz massa ýüze çykarylýar, birden Neýtrofilleri edinmek (ýeňmek) esasan hem dargap çökýän ýagdaýda we eritrositler (güýçli ganakmanyň netijesinde). Keseliň ikinji döwründe, haçanda ýaralar bitip başlanda, dargap çöken neýtro­filler bilen bir hatarda dolyderejeli fagositozlaýjy öýjükler we köp makrofaglar peýda bolýar. Ýara bitme döwrüniň başlanmagy bilen ýaşajyk epitelial öýjükleriň düşegi emele gelýär, fuzobakteriýalaryň we spiro­hetlaryň sany azalýar. Wensanyň ýaraly-çüýreýän stomatitiniň üznüksiz görnüşinde spirohetalaryň we fuzobakteriýalaryň sany azalýar we kokkileriň (mikroblaryň) sany köpelýär, ýöne hiç niçik bolsada fuzospirohetlar üstün çykýarlar.

Wensanyň ýaraly-çüýreýän stomatitiniň anyklanmasy esasan oňa mahsus bolan kliniki alamatlaryň esasynda we ýaranyň ýüzünden alnan suwklykda örän köp towly fuzobakteriýalar we spirohetalar ýüze çykarylýar.

Deňeşdirip anyklanşy. Wensanyň ýaraly-çüýreýan stomatitini ilki bilen hökman gan kesel­lerinde (leýkoz, agranulositoz, ýokanç mononukleoz) duş gelýän ýaraly zeperlenmeler bilen deňeş­dirmeli. Kliniki alamatlaryň tapawutlanmagy bilen bir hatarda (agyz boşlugynyň nemli bardasynyň reňkiniň solmagy, ganöýmäniň, leýkomiýa ýellenmesiniň bolmaklary, gan kesellerinde uzak wagy­t­lap diş etleriniň ganakmagy) esasy meseläniň çözgüdi bu ýagdaýda daşky damarlardaky ganyň leý­koz, agranulositoz kesellinde uýtgemegi bilen düşündirilýär. Wensanyň ýaraly-çüýreýän stomatitini allergik stomatit bilen deňeşdirilýär. Ol sorag-jogap, aryz-şikaýatyň, kliniki alamatlarynyň aýra­tyn­lyklarynyň we bakterioskopik barlaglaryň esasynda geçirilýär. Wensanyň ýaraly-çüýreýan stomatiti, agyz boşlugynda simap bilen zäherlenende ýüze çykýan ýaraly-çüýreýan hadysa meňzeşdir. Egerde simap bilen zäherle­nen ýagdaý duş gelse onda peşewiň düzüminde barlag edilýär we simabyň bar­lygy anykla­ny­lýar. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň ýaraly-çüýreýän zeperlenmesi ýörite­leş­dirlen ýokanç (mereziýel, AIÝW – keselleri) keselleriň ýa-da howply domme keseliň geçişini agyr­laşdyryp bolýandigini ýadyňa salmalydyr. Şu ýagdaýda keseli kesgitlemekde ýalňyşmaz ýaly, örän gowy edip keseliň döreýşini soramaly (anamnez), hökman diňe ýerli dälde, eýsem keseliň umumy alamatlaryny hasaba almaly we zerur bolan laborator barlaglary geçirmeli (ganyň kliniki barlagy, Wessermanyň serologik reaksiýasy, sitologik, bakterioskopik, pato­gis­tologik we başgalar).

Bejerlişi. Wensanyň ýaraly-çüýreýän stomatitinde bejerginiň möçberi, esasan keseliň agyr geçişine baglylykda kesgitlenýär. Kesel köplenç ýaş adamlarda düş gelýanligi üçin, ýerli bejergi möhüm çözgide eýedir. Agyz boşlugy näçe ir we gowy päkizelenip saplansa, şonçada näsagyň ýagdaýy çalt gowlaşýar. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň gowy päkizelenmegi, şikes berýan sebäpleriň aýrylmagy, keseliň soňky geçişine we bejerginiň netijesine täsir edýär.

Ýerli bejerlişi ilki bilen ýerli şikes beriji sebäpleri, çürän dokumalary aýyrmakdan, mik­roblara garşy täsir etmekden we agyz boşlugynyň nemli bardasynyň ýarabitirijilik hady­sasyny sazlaş­dyr­makdan ybaratdyr. Agyz boşlugynyň päkizelenip saplanmagyny agyrsyz­landyrmakdan başlanylýar. Şol maksat bilen ýüzleý ýapgy görnüşde we sanjym görnüşde piro­me­kain, trimekain, ergini bilen agyrsyzlandyrylýar. Ondan soňra ähli mehaniki gyjyn­dy­ry­jylary aýyrmaly: dişleriň we protezleriň ýiti gyralary ýylmanýar, diş daşlary we ýokyndy kesmekler aýrylýar. Kariýes boşluklaryny anti­sep­tiki erginler bilen päkizelemelidir. Ýaraly-çüýreýän stomatitli näsaglarda ýaranyň ýüzi gowy bit­ýançä, pytran dişleri sogurmak gada­gan, egerde zäherlenen agyz boşlugynda diş sogrulsa, agyr gaýraüzülmelere (alweolit, pe­rios­­tit, absess, flegmona) getirip biler. Ýaranyň ýüzini çüýrän dokumalarda arasalanylanda pro­teolitik fermentler ulanylýar: tripsin, himotripsin, fizoamidazy, dezoksipibonukleazy. Bütin agyz boşlugyny ýyjak antiseptik erginler bilen päkizelenýär (0.5%- hidrogeni peroxidi, 1% hloramin ergini, 0.06% hlorgeksidiniň ergini, 0.5% etoniýanyň ergini, 1:5000 bolan gatnaşygynda permenganat kaliýaň ergini we başgalar. Dişeti kisejikleri, ýaranyň ýüzüni, dişara boşluklary, dişetiň asyndaky boşluklary gowysy güýçli basyşly pürküp ýumalydyr. Ilkinji sapar geleninden bütin agyz boşlugyny gowy päkizelemeli. Soňky sapar gelenlerinde her günde päkizeleniş işleri geçirmeli. Öý şertlerinde näsaglara ýyladylan antiseptiki erginler bilen çaýkamak bellenýär: 3% - hidrogeni peroxidi (1-stakan suwa 2-nahar çemçesi goşu­l­ýar), 0.25%-hloramin ergini, permanganat kaliý ergini (1:5000), 0.06%-hlorgeksidiniň ergini ýa-da başga antiseptiki dermanlar her 3-4 sagatdan çaýkamak maslahat berilýär. wensanyň ýaraly-çüreýän stomatitiniň ýeňil derejeli görnüşinde ýerli bejergi ýeterlik. Has agyrlaşan ýagdaýlarynda hökman umumy bejergi geçirilýär. Mikroblara garşy täsir etmek maksady bilen içmek üçin metronidazol (trihopol, flagil, klion) 0.25 gr. günde 2-gezekde 7-10 güniň dowamynda içmeli. Metronidazol dermany şeýle hem ýerli bejergi üçin ulanylýar (çürän dokumalar aýyrlanandan soň suwklandyrylan suwly hamyry ýaranyň üstüne goýul­ýar). Keseliň agyr ýagdaýlarynda giň göwrümli täsir edýän entibiotikler hem ulanylýar (Bisillin-3, 300.000 ED 3 günden 1 sapar ýa-da 6 günden 1 sapar 600.000ED-den; eritromisin, oletetrin, oksitetrasiklin bir gije-gündüziň dowamyndaky möçberi 800.000-1000.000 ED 5-10 güniň dowamynda sanjym edilýär). Keseliň ähli agyrlyk derejeli görnüşlerinde B-witaminler toplumy, ackorutin içmek maslahat berilýär (0.1 gr. günde 2 gezekden 10-14 günläp içmeli). Wensanyň ýaraly-çüýreýän stomatiti dogry bejerilende näsaglaryň ýagdaýlary eýýäm 24-48 sagatdan gowlanyp başlaýar, agyrylar azalýar ýada dübinde ýitip gidýär, näsaglar iýmitlenip, ýatyp bilýärler. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň ýellenmesi we gyzarmasy peselýär, ýaranyň bitişmegi başlanýar, keseliň ýeňil derejeli görnüşinde we agyz boşlugynyň kanagatlanarly ýagdaýynda ol 3-6 günden bitişme tamamlanýar. Agyz boşlugy saplanmadyk ýagdaýda ýaranyň ýüzüniň bitmegi örän haýal geçýär. Näsagyň umumy ýagdaýlarynyň gowlanmagyndan soň we ýiti çişme hadysanyň ýitip gitmeginden soň hökman gowy edip agyz boşlugy päkizelenip saplanmaly, ol bolsa diş daşlarynyň dişleriň kökleriniň aýrylmagy, kariýesli dişleriň bejerilmegi, parodont keselleriniň bejerilmegi bolup durýar. egerde agyz boşlugynda üznüksiz ýokanç ojagy galan bolsa, (dişetiniň patologik kisejigi, dişeti astyndaky boşluklaryň bolmagy haçanda üçinji azy diş çykanda), ýa-da şikes ýetirýän sebäpleri (artyk, açylyp duran petikler, kariýes boşlugy, pytyran dişleriň galan kökleri, diş daşlary, hili pes protezler we başgalar) bar bolsa onda olar ýaraly-çüýreýän stomatitiň gaýra üzülmelerine getirip biler. Agyz boşlugynyň arassaçylyk ýagdaýynyň kanahatlanarsyz bolmagy, keseliň gaýra üzülmeleriniň döremegine sebäp bolup biler.

Alamatlara görä bejerlişi. Ýaraly-çüýreýan stomatit haçanda gan kesellerinde, allergik ýagdaýlarda, simap bilen zäherlenen ýagdaýlarynda duş gelse ilki bilen umumy bejergi bilen bedeniň esasy keseli bejerilýär.

Gelejegi. Kesel öz wagtynda we dogry bejerilse onuň geljegi şowly bolýar. Kesel ýiti ha­dysa­da geçende ýaranyň ýüzüniň bitmegi 3-6 günden başlanýar, a üznüksiz bolup geçende – birazyrak haýal başlanýar. Agyz boşlugynyň saplanmadyk ýagdaýynda birgiden şikes berýän sebäpleriň bolmagy we öz wagtynda ýa-da nädogry bejerilende diş etleriniň pese düşmegi (ret­raksiýa) ýa-da dişetiniň daş görnüşiniň bozulmagy, äň ösüntgisiniň çuň dokumasynyň (rezorbsiýa) dargap çökmegi bolupbiler. Şu utgeşmeler uzagyndan parodontyň agyz kesellerine, gaýra üzülmelerine getirip biler.

Wensanyň stomatitini geçiren näsaglar, hökman suratda 1 ýylyň dowamynda höwesli gözegçilikde saklanmalydyr.

Ilkinji gözden geçiriş 1-2 aýdan geçirilýär, ondan soňkylar – 6 aýdan.

Keseliň öňüni alyş çäreleri. Agyz boşlugynyň arassaçylygyny berjaý etmekden, elmydama agyzyň saplanmagyndan, bedeniň garşylyk güýçlerini peseldýän ýokanç we başga keselleri doly derejede we özwagtynda bejermekden ybaratdyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]