Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.

Adamynyň immun ýetmezçiligindäki wirusy (AIÝW) ýokanç keseliniň döredijisi bolup dur­ýar we AIÝW ýokanç keseli hem-de ýüze çykarýan soňky gazanylan kliniki alamatlar top­lumynyň immun ýetmezçiligi diýip ady göterýär, (AIDS) ol bolsa näsaglaryň şertli patogen mikroblara bolan durnuk­lylygynyň peselmekligi we olaryň onkologiki keseller döremegine ýokary derejede ýykgyn edilen.

Adamynyň immun ýetmezçilikli wirusy (AIÝW) retro wiruslar toparyna degişlidir onuň atlandyrylyşy şonýaly, sebabi olar gaýtarnykly transkriptaza atly fermentiň barlygy sebäpli we maglumaty RNK-den DNK geçirmeklik mümkinçiligi berýärler. AIÝW T-limfositler (ak­gan bedenjiklerini) zeperleýär we olar gyrylýar. Netijede öýjükli immunitetiň ulgamy bozul­ýar, şol sebäpli hem wirus tarapyndan zeperlenen beden şertli patogen mikroflora bolan dur­nuklylygyny ýitirýär, birgiden ýöriteleşdirilmedik ýokanç kesel döredijilerini we täzeden dömmeleri özüne kabul etmeklige meýilli bolýar ýagny AIDS keseli ýüze çykýär.

Ýokuşma ojagy höküminde AIÝW-den zäherlenen keseli adam ýa-da özünde wirus­gö­te­riji sagat adamlar bolyp biler. AIÝW-ýokuşmaklyga şahyslaryň ähli wirus ýokuşanlary (olaryň kliniki ýagdaýyna garamazdan) degişlidir, ol barada bolsa anyk serologiki sinaglar şaýatlyk edýärler: immunosorbet seljeriş barlagy (ELISA) tassyklanan (westernblot) immunoblotting seljerme tassyk edýär, immun felýuressensiýaly ýa-da bolmasa radioimmunologiki täsir ediş usuly we wirusyň ýüze çykarylmaklygy şaýatlyk edýär. AIÝW ýokuşmaklyk bolan soňra il­kin­ji 5 ýyllykda 20% zäherlenenlerde AIDS keseli döreýar, 10 ýylyň içinde bolsa-50% töweregi ýokuşanlarda duş gelýär.

AIÝW kesel ýokuşan adamlarda kesel dýrediji mikroby köpsanly biologiki suwuk­lyk­larda ýüze çykarylandyr (ganda, suwk tohymlykda, waginal bölnüp çykarylmada, ene süý­dünde, sülekeýde, göz ýaşynda, derde we baş.). ýöne weli ýokan keseliň ýokuşyp-geç­me­k­li­gi diňe ganyň, tohumlygyň, waginal bölnüp çykarylmalaryň, ene süýdiniň üsti bilen geçýär.

AIÝW ýokanç keselleriniň 3 sany geçiş ýoly bellidir: jyns gatnaşygy, (parenteral) san­jymdan we ýatgydan çaga (perinatal), ýollar. AIÝW köplenç jyns ýoly arkaly geçýär. Zäher­lenen adamdan wirus jyns gatnaşygyndaky ýoldaşyna geçip biler. Ýokanç kesel parenteral görnüşde zäherlenen gany ýa-da ganyň gýrnüşlerini sagat adama guýulanda, hem-de iňňeleriň, şprisleriň, stomatologiki ýa-da beýleki gurallaryderini ýa-da nemli barda sanjym üçin ulanylanda geçip biler. AIÝW ýokanç keseliniň eneden düwünçege ýa-da bolmasa emýän çaga geçirilmekligi dogurma wagtyndan öň, dogurma wagtynda ýa-da dogurandan soňra (göwüs süýdi arkaly) geçip biler.

AIÝW-iň beýleki biologiki suwuklyklardan (sülekeýden, göz ýaşyndan we baş.) bölnüp çykarylandygyna garamazdan häzirki döwürde ýokanç keseliň geçmekliginiň başga ýollary­nyň (respirator, gatnaşykly, iýmitiň we baş.) bardygyny habar berýän maglumatlar ýokdyr.

AIÝW ýokuşan şahlar bütin ömri boýy ýokuşanlygynda-da galýarlar. Olardan köpüsinde hiç bolmanynda, birnäçe ýyllaryň dowamynda hiç hili alamatlaryň ýa-da keseliň ýüze çykmalarynyň bolmazlygy mümkindir, şonuň bilen birlikde olaryň özlerinde şol howply ýokan keseliň bardygyna hiç hili ünüs hem bermeýärler. Şol döwrüň dowamynda olar başga adamlara keseliň wirusyny geçiriji hökmünde bolup durýar.

AIÝW ýokanç keseliniň üýtgeşmeleri kliniki alamatlary köpsanly we köpgörnüşli bol­ýarlar. AIÝW ýokanç keselleriň geçişini 4 sany tapgyra bölmek bolýar, ýöne weli olar herbir zäherlenen adamda şeýlebir hökmanylyk bilen ýüze çykybam durmaýarlar.

AIÝW ýokanjyň ýiti döwri eýýam bir ýa-da birnäçe hepdeden zäherlenenden soňra ýüze çykyp bilýär, haçanda entäk AIÝW ýokanja seropozitiw barlagyň anyklamasy bolmadyk ýagdaýynda, haçanda adatça 6-12 hepde geçip ýokuşandan soň bellenýär.

Şu döwrüň hakyky pisintli kliniki ýüze çykmalary üşetmek, limfadenopatiýa, gijesine derlemek, deri örgini, kelle agyry, üsgürmek.

Keseliň 1 tapgyrynda ol ýa-da hiç hili alamatsyz bolup geçýär ýa-da bolmasa çatalga sebtinden özge iki we birnäçe ýerde göwrimi 1 sm köpüräk bolan limfatiki düwünçejikleriň ulalmaklygy bilen häsiýetlendirilýän öjükdiriji ýaýbaňlaşdyrylan limfadenopatiýa (Oýl) döreýär.

Şeýle ýagdaý 3 aý töweregi dowam edýär. Keseliň beterleşdigiçe öjükdiriji ýaýbaň-laşdyrylan limfadenopatiýa yzyna gaýdyş ösüşe ukyply bolýar.

Keseliň 2 tapgyry “AIDS bilen baglanyşykly toplum” (ABT) diýlip atlandyry­lýar. Şu toplum üçin şu aşakdaky alamatlar we ýüze çykmalar häsiýetli bolýar: göwre agramynyň ýitrilmekligi, diareýa, ýarawsyzlyk, ýadawlyk, ukylylyk, işdäniň kesilmekligi, gije derle­mek­ligi, ýadyň ýitirilmekligine alyp barýan newrologik üýtgeşmeler we çetkili neýropatiýa. Şeýle alamatlar we ýüze çykmalar köplenç wagtal-wagtal ýüze çykýarlar. Häzirki tapgyr şeý­le hem tüýi pisintli deriniň zeperlenmesi we agzyň nemli bardasynyň üýtgeýan alamat­lary boýunça hem häsiýetlendirilip bilner: saçly leýkoplakiýa, gurşaýjy demrew, agzyň we jyns synalarynyň nemli bardasynda üznüksiz gaýtalanýan gerpesiň beterleşmekligi.

3 tapgyr “Keseliň aralykly tapgyry” diýen adalga eýe bolýar. 3 tapgyrdaky kliniki ala­matlar köplenç irki alamatlaryň ýüze çykmaklygyndan soňra, käbir wagtyň geçmekligi bilen bitirýar, ýöne weli AIDS kliniki alamatlarynyň doly suratdaky görnüşinden öň syrasynda ýüze çykýarlar. Keseliň bu tapgyrynda agyz boşlugynda kandidoz, saçly leýkoplakiýa, ýiti ger­petiki stomatit ýa-da bolmasa üznüksiz gerpesiň beterleşmekligi ýüze çykýar. Öýken inçekeseli, alweolýar pnewmoniýa-da ýüze çykyp biler.

Keseliň 4 tapgyrynda (keseliň giçki tapgyry) AIDS-iň agyr derejeli kliniki alamatlary ýaýbaňlanýar. Ol şertli-patogen mikrofloralar we AIÝW tarapyndan ýüze çykarylýan öjüklikli immunitetiň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly bolan çişme dömmeleriň döremegi, edil kapoşy sarkoma çişleri ýaly döremekligi bilen häsiýetlendirilýär. AIDS üçin häsiýetli bolan ýokanç kesellere protozoý inwaziýa (pnewmosistik, pnewmoniýa, toksoplazmoz) hem-de köme­lejikli (ulgamlaýyn kandidoz, kriptokokkoz) bakterial pisintsiz mikrobak-terioz, salmonellez septisemiýa), ýa-da wirusly (sitomegaliýa, papowawirus keseli we baş.) degişlidir. Bu tap­gyrda aýratyn agyr görnüşli limfomalar, kaheksiýa we newrologik näsazlyklar (newro­pa­tiýa, ýadyň ýitirilmekligi, lemakyllylyk) hem ýüze çykmaklygy mümkindir.

Bedendäki immunologiki goraýjylyga güýçleriň dargamagyna tüsir edýan, AIÝW-iň ýo­ku­şandygyny görkezýän “belgiler”-ilkinji ýüze çykmalar agzyň nemli bardasynyň zeper­lenil­meleridir.

AIÝW ýokan kesel tarapyndan assosirlenen agyz boşlugynyň nemli bardasynyň kesel­lerine şu aşakdakylar degişlidir:

  • Her dürli kliniki görnüşdäki kandidoz

  • Wirusly ýokanç keseller.

  • Saçly leýkoplakiýa

  • Ýaraly-çüreýän gingiwostamatit

  • Parodontitiň beterleşýän görnüşi (AIÝW parodontit)

  • Kaposyň sarkomasy.

Bu kesele ýagny diş lukmanyň seresap bolmaklygy AIÝW ýokuşma keseline bolan gara­ýyşy zerur bolup, oňa agzyň nemli bardasynyň ýasy öýjükli howyply dömme çişmesi, Lim­fo­ma. Kandidoz - AIÝW ýokuşmanyň has giňden ýaýran agzyň içindäki alamatlarydyr. Muňa has mahsus ýiti psewdomembranoz kandidozydyr. AIÝW ýokuşanlarda ol uzak wagytlap geçýär (aýlap), şonuň üçinem “ýiti” adalga özüniň ähmiýetini ýitirýär.

Kliniki ýüze çykmalary doly derejede, adaty kandidoz bilen deň gelýär. Agzyň nemli bar­da­synda çalymtyk-ak kesmek bolup rekize-aýrany ýa-da salýar. Kesmek şpatel bilen ýeňil aýrylýar, onuň aşagynda agzyň gyzaran nemli bardasyny görmek bolýar. Göniden-göni ol gulagyň, diliň, agyz boşlugynyň dübindiň, gaňşyrawgyň, kettlewigiň nemli bardasynda ýerleşýärler. Kandidpzy gözüň gör­ýän meňzeş üýtgeşmelerden Leýkoplakiýadan, gyzyl ýasy demrewden tapawutlandyrmak zerur­dyr. Ýiti atrofiki kandidoz allergiýadaky, gipowitami­noz C, B1, B2, B6 –daky ýaly azgyň nemli bardasynyň zeperlenmesini ýada salýar. Adatça zeperlenme dilde bolup gyzaran meýdança gör­nü­şinde onuň ortaky çyzygynda ýerleşýar; sapakgornüşli emzijekler atrofirlenen.

Seýrek agdaýda üznüksiz giperplastiki kandidoz duş gelýär. Olar adatça iki taraplaýyn dulugyň, gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynda ýerleşýärler.

Zeperlenme agzyň burjynda ýerleşen bolsa onda koplenç kandidozly angulýar heýliti we jaýryklar gowy görünýan hadysaly epiteliýanyň giperplaziýasy bellenýar.

Jaýryklar wagtyň geçmegi bilen göwrimi boýunça ulalýarlar, gataýar, örtük bilen örtül­ýär. Näsaglaryň agyry ýok bolmagy mümkin, bolaýsada birazyrak agyrly, ýakyjy duýgurly.

Kandidozy deňeşdirilip anyklanylanda meňzeş keselleriň alamatlaryny göz öňünde tutmaly: - Leýkoplakiýalar

  • Gyzyl ýasy demrew

  • Allergiki stomatit

  • Şikesli zeperlenmeler

Kandidozyň anyklanmasy pisintli kliniki alamatlary we agzyň zeperlenen nemli bardasyndan gyrlyp alynan kesmege, bakteriologiki barlagyň netijelerine esaslanylýar. Sporalar we grifler görnüşindäki candida görnüşli köp sanly kömelejikleriň barlygy elmydama kandidozyň anyklaýjysynyň tassyklanmasy bolup hyzmat edýär.

Wirus ýokanç keselleri. AIÝW ýokuşan näsaglar üçin agzyň nemli bardasynyň ýonekeý gerpes bilen zeperlenmekligi häsiýetli bolýar, ol bolsa gaýtalanýan gerpetiki stomatitiň ýygy-ýygydan we ejirjekdirijili görnüşde bolup geçýär. Agzyň içindäki bilen bir hatarda ýygy-ýygydan jyns synalarynyň-da zeperlenmekligi bellenilýär. Zeperlenme ýerleşýan ýeri boýunça pisintsiz uzak wagytlaýyn we agyryly bolýar. Wezikulalar dilde, ýumşak gaňşylawda, agyz boşlugynyň düýbinde, dodaklarda ýüze çykýarlar, örän tiz eroziýalara öwrülýärler, olar bolsa köplenç ulu möçberde bolan ýara öwrilýärler (göwrümi 0.5-3 sm). Ýaralar ýokary galdyrylan nädogry gyralary we ýiti gyzaran diýbi bolan (krater) oýuk görnüşe eýe bolýar, olar bolsa çalymtyl-ak kesmek bilen örtülendir. Öz wagtynda bejergi geçirilmese şeýle zeperlenmeler beterleşýär, olaryň göwrümi ulalýar, olar şonuň esasynda wirusly gerpetik ýokanç keseliň içki beden (wisseral) organlara aralaşmagy (inasiýasy) we kliniki geçişiniň agyrlaşmagyna alyp barmaklygy mümkindir, käbir halatlarda bolsa ölümçilik sebäpkäri bolup hyzmat etmekligi mümkindir.

AIÝW ýokuşan näsaglaryň agyzynyň nemli bardasy hem örän ýygy-ýygydan gurşaýj ger­pes we wirusly siňňeler (pupilomalar) bilen zeperlenýär. Olar düwünçejikleriň zeperlenme görnüşinde bolup, emzijekler görnüşde köp sanly tümmiler örtülen.

Köplenç kentlewigiň, gaty gaňşyrawgyň nemli bardasynda ýerleşýärler.

Tüýli leýkoplakiýa. Saçly leýkoplakiýa (seçekli leýkoplakiýa, ýasy kandiloma, wirusly agyz leýkoplakiýasy) AIÝW seropozitiwli näsaglarda bellenilýär we immunoýetmezçilikli hem-de AIÝW ýokanç keseli bilen assosisirlenen zeperlenmedir. Saçly leýkoplakiýanyň barly­gy AIÝW barlagyna, gözden geçrilmä görkezmedir. Ylmy edebiýatyň ahyrky maglumatlaryna laýyklykda saçly leýkoplakiýaly barlagdan geçirilen näsaglaryň 98%-li AIÝW seropazitiwli bolup çykypdyrlar.

Saçly leýkoplakiýanyň ýüze çykmalary ölçegleri we ýerleşme ýeri boýunça tapawut­lanyp biler olar bir ýa-da ikitaraplaýyn hem bolup biler. Saçly leýkoplakiýa kliniki görnüşi boýunça saçlary ýayňa salýan, agzyň nemli bardasyndan ýokarlygyna çykyp duran ak reňkli gasynlar ýa-da bolmasa ösüntgiler (worsinok) görnüşinde görünýär. Ösüntgiler buler nemli bardanyň ýokary ýüzüne berk ýelmeşdirilen ýaly bolýarlar we olary gyryp aýyrmak mümkin däldir. Saçly leýkoplakiýa köplenç diliň gapdal tarapynda ýerleşýär, ýöne weli ol onuň bütin yzky bölegine-de ýaýramaklygy mümkindir; seýrek halatlarda dodaklaryň duluk-çekgeleriň agyz boşlugynyň düýbiniň we gaňşylawgyň nemli bardasyn-da-da ýüze çykyp biler.

Saçly leýkoplakiýanyň deňeşdirilip anyklanmasyny stamatologiki serişdeler bilen gat­na­şykda bolanda allergiki täsir edişmeler, hakyky leýkoplakiýa we çilimkeşleriň leýkopla­kiýasy, gyzyl ýasy demrew, giperplastiki kandidoz, galwanizm hadysalaryndaky agzyň nem­li bardasynyň zeper­len­mekligi bilen geçilýär.

Ýaraly-çüýreýan gingiwostomatit. Agyz boşlugynda AIÝW keseliniň ýokuşanlygynyň alama­ty ýaraly-çüýreýän gangiwostomatitdir. Kesel ýiti, duýdansyz ýa-da bolmasa dişleriň arassalan­mak­ly­gynda dişetleriniň ganamaklygy bilen bildirmän başlaýar. Ýaraly-çüýreýän gin­giwostomatitiň ýiti görnüşde bolup geçmekligi 3-4 hepdeläp dowam edip biler, ondan soňra kesel näsaglaryň köpü­sin­de üznüksiz görnüşe geçýär we ýygy-ýygydan gaýtalanýar. AIÝW assosdirlenen ýaraly-çüýrän gangiwostomatit üçin keseliň beterleşmegi kentlewigiň we süňk dokuma gurluşlarynyň ýitgisine seýrek bolmadyk halatda sekwestrlenmeklige alyp barýar.

AIÝW ýokuşan näsaglarda paradontyň dokumalarynda hadysanyň ýaýramagy bilen agyr görnüşi bolup biler. Dişetleriniň aýdyň bildirýän ganamaklygy we giperplaziýasy belleni­lýär, dişleriň yrgyldamagy-da güýçlenýär, alweolýar ösüntginiň sünk dokumasynyň ýaýraň dar­gamaklygy bolup geçýär, ol balsa seýrek bolmadyk halatlarda aişaralyk germewleriň böleklenip pytramagy bilen utgaşýar.

Kapoşiň sarkomasy. AIDS-iň iň bir häsiýetli bolan kliniki alamatlarynyň biridir. Çiş limfatiki damarlardan emele gelýär. Köplenç aýak-eliň dersini zeperleýär. AIÝW ýokanç keselinde kapoşiň sarkomasy 30% halatlarda başlangyç alamat hökmünde beýan edilendir. Ol akýagyz adamlarda we gomoseksuollarda garaýagyz adamlara we (narkomanlara) neşekeşlere garanyňda has ýygy-ýygydan duş gelýär.

Beýan edilen halatlaryň köpüsinde kaposyň sarkomasy agyz boşlugynda gaňşyrawyk-da ýerleşýär, kentlewigiň nemli bardasynda has seýrek duş gelýär. Ol gögümtilräk gyzylym­tylrak ýa-da gara tegmiltleriň görnüşine eýe bolýar, başlangyç tapgyrlarda ýasy görnüşde. Gelejekde olar garalýarlar, ölçegleri boýunça ulalýarlar, köplenç halatlarda bölejiklere bö­lün­ýärler we ýara öwrülýär ýaralar agzyň nemli bardasynda derä garanyňda has ýagy-ýygy­dan duş gelýär. Agyz boşlugyndaky zeperlenmeler ýaraly tapgyrna çenli agyryly bolýar. Kentlewükde ýerleşen Kapoşiň sarkomasy daşky görnüşi boýunça epulisi ýatladýar.

AIÝW ýokanç keselleriň anyklanmaklygy geçirlen halatlarynda beýan edilen alamatlar bilen birhatarda immunoýetmezçiligiňkliniki alamatlarynyň üstüni ýetirýan beýleki keseller: limfadeno­patiýalar, pnewmosistik, pnewmoniýa, sebäpsiz horlanma, içki organlaryň we ulgam­laryň zeperlen­meleri nerw ulgamyny hem öz içine alynmaklygy bilen hasaba alynmalydyr.

Keseliň taryhy (anamnez) ýygnalan wagtynda başdan geçrilen we hemralyk edýän kesellere, kortikosteroidleriň, sitostatikleriň we immun ulgamyny näsazlaşdyryp beläjek serişdeleriň kabul edilmekligine aýratyn üns berilmelidir. Näsagyň hünär taýdan aýratyn-lyklarynyň, jynsy gatnaşyklarynyň häsiýetini, aýratynda daşary ýurtlarda işewürlikde bolýan şahyslaryň, hasaba alynmaklygynyň örün wajyp ähmiýeti bardyr.

AIÝW ýokanç keseliniň anyklanmasy wirusa bolan öz boluşly ýöriteleşdirlen antitelalaryň laborator barlaglarynda ýüze çykarylmaklygy arkaly kesgitlenilip bilner. Immunsorbentik seljerilme (ELISA) hem-de immunobolotting (western blot) ýa-da bolmasa gönidäl immunflýiressensiýa usullary has ýygy-ýygydan ulanylýar. AIÝW ýokan keseliniň anyklanmasynda immunologiki statusyň barlanmaklygyna belli bir ýol berilýär, çuňki AIÝW ýokuşan näsaglarda T-helperleriň T-supressorlara bolan gatnaşygy peselýär, akgan bedenjikleriniň (leýkositleriň) we limfositleriň mukdary azalýar, immunoglobulinle-riň aýratynda A we G immunoglobulinleriň mukdary artýar. Ýöne weli dürli-dürli sebäpli gelip çykyşy bolan ikilenji immunetmezçiliklerde görkezijiler hem üýtgeýärler, bu bolsa AIÝW ýokanç keselleriň anyklanmagyndaky olaryň ähmiýetini azaldýar.

AIÝW ýokunç keseliň ýokuşmaklygynyň öňüniň alnyşy. Sterilizassiýanyň we dezinfeksi­ýanyň adaty ugurlary boýunça usullarynyň netijeli her günki ulanylmaklygy AIÝW ýokanç keseliniň öňüniň alynmaklygynyň wajyp bölegidir. AIÝW keseliniň ýokuşyp geçmezligini duýdurmak üçin maslahaty berjaý etmek gereginden hem artyk ýeterlikdir, eger ýokanç keselleriň agentleri bilen zäherlenmeleriden duýdurulsa, öňüni alynsa esasanam gan bilen geçýanleri edil wirus gepatit-B ýaly.

AIÝW ýokan keseline garşylykly göreş şu aşakdakylary göz öňünde tutýar:

  • Bedeniň gany we beýleki suwuklary bilen işlenende seresaply bolmalydyr

  • Sanjym we emler edilende baglanyşykly bolan deriniň deşilmekliginde seresaply bolmak, sterilizassiýanyň we dezinfeksiýanyň netijeli geçrilmekligi.

Stomotologiki emleriniň köpüsiniň inwaziýalydygy zerurly olar ýygy-ýygydan gan akmaklyga alyp barýarlar, şol sebäpli hem AIÝW gan ýokanç keselidir we şonuň üçinde lukman-stomatologlar AIÝW ýokanç keseliniň ýokuşmakygyna has ýakyn bolan şahslar toparyna degişli edilýärler. Şol sebäpli-de stomatologlar, orta we kiçi lukmançylyk işgärleri hökmany suratda gan we bedeniň beýleki suwuklyklary (iriň, tüýkilik) babatda seresaplylyk çärelerini berjaý etmelidirler. Gan ýa-da beýleki bir biologiki suwuklyk bilen hapalanan eller we bedeniň beýleki ýerleri sabynly suw bilen hökmany ýagdaýda ýuwulmalydyr. Goraýjy ellikler çykarylandan soňrada eller şolwagyt ýuwulmalydyr. Gan we beýleki biologiki suwuklyklaryň edil özleri bilen gös-göni gatnaşmaklykda ellere ellik geýilmelidir. Emleriniň geçrilmekliginde ganyň syçramaklygy ýa-da bolmasa suspen­zi­ýalary emele gelme howpy bolan emler döwründe (mysal üçin, ýokary tizlilikli stomatologiki gural­larda we ultrases abzallaryndan purkulip (aerozollaryň) ýaýramakly-gynda), gözler, burun we agyz perde, äýnekler ýa-da bolmasa plastiki galkanjyklar bilen goralmalydyr. Sanjylmaklygyň, kesil­mek­ligiň we beýleki zeperlenmeleriniň öňüniň alynmaklygy üçin aýnekler, skalpeller, diskler, endo­dontiki we beýleki ýiti gurallar bilen örän seresaplylyk bilen iş salyşmalydyr. Birgezeklik gurallary emler üçin peýdalanylandan soşra ýok edilmeklige degişlidir. Egerde ýiti gural bilen işlenende şikeslenme howpy bar bolsa (mysal üçin, olaryň arassalanylma döwründe), goşmaça küti ellikleriň-geýilmekligi we gurallar bilen örän seresaply iş salşyl­mak­lygy maslahat berilýär. Owynjak gural­laryň hapalarynyň mehaniki arassalanylmaklygy üçin ýörite ultrases gurnaglarynyň ulanylmaklygy maksadalaýyk bolýar. Derisinde şupulja­ýan zeperlenmeleri bolan lukmanlar inwaziýaly emleri ýerine ýetirmeli däldir we ýokanç keselli näsaglary bejerilmeklik gadagan edilýär.

Deriniň, nemli bardanyň degşilmekligi we beýleki inwazion emleriniň ýerine ýetiril­mekligi üçin ulanylýan gurallar arkaly AIÝW ýokuşmaklygynyň öňüni alynmaklygynyň wajyp şertleriniň biri-de olaryň ygtybarly sterilizassiýa edilmekligidir. AIÝW ýokary depginli geçirilýan adaty sterili­zas­siýa we dezinfeksiýa usullaryna örän duýgur bolýar. Ol beýleki gyjyndyryjy döredijileriň basy­lyp ýatyrylmaklygy üçin (mysal üçin, B-gepatitiň wirusy) işlenilip taýýarlanan tärleriniň kömegi bilen işjeňsizlendirilýär. Ýokary gyzgynlyk derejesi AIÝW-iň iş zäherlendrilmekliginiň has netijeli usu­lydyr şol sebäpli-de gyzdyr-maklyga esaslanan (gaýnatmaklyga, awtoklawirlendir­mek­lige, gury gyzgyn howa bilen sterilizassiýa edilmeklige) ýokary derejeli sterilizasiýa we dizinfek­siýa gural­laryň (şol sanda-da stomatologiki) sterilizassiýanyň usullarynyň iň bir güýçli ygty­bar­lylaryndan biridir-ýagny AIÝW-iň işjeňsizlendrilmekliginiň has netijeli usulydyr.

Ýokary depginli dezinfeksiýa zähersizlendiriji serişdeleriň (gleýuta-raldegidiň 2%-li ergini, perekis wodorodyň 30%-li ergini bilen) kömegi bilen-de amala aşyrylyp bilner. Şeýle erginlere arassalanan gurallaryň 30 minutlap çümdrilip goýulmaklygy, dezinfeksiýanyň ýokary derejeliligini edýär.

Lukmançylyk stollarynyň, diş gyrjy enjamlaryň (bormaşynlaryň), peýnekleriň we beý­leki gur­şap alýan serişdeleriň üstlerini päkizelemek üçin ortaça we pes derejeli dezinfektant ergini bilen ýuwulmaklygy ýeteklikdir, şýl erginleriň hataryna natriniň gipohloridi, kalsiniň gipohloridi, hlora­niniň 4%-li ergini, natriniň dihlorizosinuraty, hlorgeksidiniň 4%-li ergini hlor bölüp çykaryjy birleşmeleri degişlidir. Hlor bölüp çykaryjyly şeýle serişdeleriň zeper­siz­­len­diriji (dezinfisirleýji) ukyplylygy olarda “işjeň

hloruň” (göterimlerde) bardygy bilen olçenýär. Mysal üçin, gipohlorid natriýda 5% “işjeň hlor” bardyr, kalsiniň gipohloridinde-70%, hloraminde-25%.

Bedeniň dokumalaryny päkizelemek üçin bakterisid täsirli serişdeler-antiseptikler (70%-li etil spirti, 70%-lik izopropilspirti, iodyň 1%-li ergini, ýodoformuň 10%-li ergini) ulanylýar.

Stomatologiki serişdeleriň zähersizlendrilmekligi olary sülekeýden we gandan arasala­nyl­mak­lygy arkaly geçirilýär (ölçeg alynýan serişdeleriň, diş-äň gysylyşmasynyň kesgitlenilmekligi üçin serişdeleriň materialyň we baş.). Diş ölçegleri we agyz içinde ulanylýan ortodontiki we ortopediki gurluşlar laboratoriýa barlamhana iberilmezinden öňürti arassalanmalydyr we dezinfeksiýa edil­me­lidir.

Bormaşynlar üçin päýnekleri ulanylandan soňra ýelmeşen jisimleri aýyrmak üçin suwuň güýçli akymynda ýuwulýar. Soňraolar zähersizlendiriji serişdeler (detergent) bilen gowy edilip öllenen hasa bilen süprülýär. Himiki madda distillirlenen suw bilen ýuwulyp aýrylýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]