Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.3.1.3. Gerpetiki angina

Gerpetiki angina (herpandina we zikulýar faringit, aftozy faringit)-koksakiniň entero­wi­ruslarynyň A topary tarapyndan ýüze çykarylan ýiti ýokanç keseldir. Köplenç tomus aýlary, has hem çagalarda ýüze çykýar. Ýokuşma howa-damja ýoly arkaly bolup geçýär. Şolbir maş­galarynyň agzalarynyň kesellemekligi we hat-da onuň epodemiki ýüze çykmagy bellenip ýazylan.

Kliniki alamatlary. Kesel ýiti görnüşde bolup onuň ilkinji günlerinde bedeniň gyzgynlyk derejesi 37-38 0C çenli, üçünji-dördünji günlerinde bolsa 39-39.5 0C çenli galmaklygy bilen başlanýar.

Näsaglar kelle agyra, ýuwdynanda agyra umumy ýarawsyzlyga aryz edýarler; gaý­tarmaklygyň we garynyň agyrlarynyň hem bolmaklygy mümkindir. Agyz boşlugynyň göz­den geçirilmekliginde ýumşak gaňşylawkda, öňdäki ýasyjyklarda, badamlarda we bokur­da­gyň yzky diwarjygynyň gyzarmasy ýüze çykarylýar, onuň esasynda bolsa seroz ýa-da ge­morragiki suwklyk bilen doldurylan agyryly bolan ýeke-ýeke we toparlaýyn wezikulalar hem ýüze çykarylýar. Wezikulalar diýseň çalt ýazylyp aftalary we eroziýalary emele getir­ýär. Owunjak eroziýalaryň biri-birlerine birleşmekliginiň netijesinde tegelejik gyralary jähek­li giňişleýin eroziýalary emele getirýärler. Eroziýalaryň agyrlygy dişe keseliň ilkinji günleri bildirýär, onsoň ol azalýar ýa-da bütünleý ýok bolup gidýär. Aşaky äňasty limfatiki düwünjikleriň azowlak ulalmaklygy bellenilýär, ýöne weli olar agyryly bolmaýarlar. Kesel köplenç 4-6 güniň dowamynda ýeňil görnüşde bolup geçýär, ýöne weli onuň has agyr görnüşinde duş gelmekligi mümkindir.

Bejergisi. Keseliň bejergisi umumy kliniki alamatlara görä bejergiden ybarat bolýar (Sali­si­lat­lar, B1 we B2 witaminler). Keseliň ilkinji 2-3 günlerinde wirusa garşy ýerli serişdeleri, agyz boşlu­gyny we bokurdagy, antiseptiki erginler bilen çaýkalmaklygy soňra bolsa keratoplastiki serişdeleri ulanmalydyr.

11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.

Ýiti respirator wirus ýokanç kesellerine (YRWYK) grip, paragrip, rinowirus ýokanç keselleri, respirator-sintisal ýokanç keselleri, adenowirus keselleri we başgalar degişlidir. Bu keseller düzüminde DHK saklaýjy adenowiruslardan özge RNK-a, saklaýjy dürli görnüşdäki wiruslaryň gatnaşmagynda ýüze çykýar. Ýokuşma howa-damja ýoly arkaly bolup geçýär. Kesel ýokary dem alyş ýollarynyň dürli-dürli bölümleriniň zeperlenmekligi bilen häsiýet­lendirilýär. YRWYK-inde agyz boşlugynyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri öz boluşly häsiýete eýe bolmaýarlar we olar bokurdagyň kiçi diline degip duran sebitde ýerleşýärler. Ýumşak (gaňşylawygyň) nemli bardasynyň, diljagazyň, agyz-bokurdagyň gaňşylawykdaky tümmi aýlawjygyň nemli bardasynyň gyzarmasy, gandamar şekiliniň görünmeginiň güýçlen­mekligi, dilde kesmekleme we onuň epiteliýasynyň deskwamasiýasy bellenilýär. Käbir ha­lat­larda hadysa duluklaryň we diliň yzky bölümleriniň nemli bardasyna-da ýaýraýar. Nemli barda, owunjak limfatiki düwünçejikleriň (follikulalaryň) çişmegi sebäpli däne-däne bolýar.

Birnäçe günden soňra gyzaran we däneli ýerleri ýok bolupgidýär we nokat nokat menekler, ge­mor­ragiýalar ýüze çykýarlar. Käbir halatlarda pakgarykly örgünler emele gelýär 7-9 gün geçenden soňra ähli hadysalar ýok bolup gidýär. Respirator wirus ýokanç keselleriň agyr derejede bolup geçmekligi ýaraly-çüýreýän gingiwitiň we wensanyň stomatitiniň döremekligi bilen agyrlaşyp biler, aýratynda saplanmadyk agyz boşlugynda. Şu döwürde üznüksiz gaýtalanýan gerpesiň, parodontitiň we gingiwitiň beterleşmekligi ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Näsaglar tarapyndan YRWYK-niň bejermekligi üçin derman serişdeleriniň ulanylmaklygy zerarly agyz boşlugynda disbakterioz we kandidoz, allergiki dermandan soňky stomatiti ýüze çykyp biler.

Bejergisi. Ýiti resperator ýokanç keselleriniň bejerilmekligi üçin serişdeleriň ulanyl­maklygy bilen bir hatarda näsaglaryň agyz boşlugynyň arassaçylygyny berjaý etmekligi, agyz boşlugyny we bokur­dagy antiseptiki erginler bilen çaýkamaklygyny berjaý etmekidir, ýokanç keseller bolan agyz boş­lu­gy­nyň durnuklylygyny ýokarlandyrýan serişdeleri (mys. üçin, lizosim, interferon, KUF-yň) ulanmalydyr.

Antibiotikleriň ulanmaly halatynda (gaýra üzülmelerde) agyz boşlugynda kandidizyň döremekliginiň öňüni alynmalydyr (kömelejiklere garşy serişdeler ulanmalydyr).

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]