Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.

Gurşaýjy gerpes (herpes zoster) ýa-da bolmasa gurşaýjyly demrew Waricella/Zoster wirusy tarapyndan döreýär.

Şeýle adalga diňe şu wirusyň gatnaşmagynda dürli-dürli kliniki alamatlary boýunça deň bolmadyk iki sany aýratyn keselleri döredýanligi bilen şertlenendir ýagny: garamygyň we gurşaýjyly demrewiň. Wirus özüniň nerw-derilere täsir edijiligi bilen tapawutlanýar. Gurşaý­jyly demrew bedeniň oten zamanlarda wirus bilen gatnaşykda bolanlygy netijesinde immuni­tetiň peselmekligi esasynda ýüze çykýan gaýtalanma ýokanç keseli hökmünde görülýar.

Nerw gangliýalarynda ýaşrylan ýagdaýda ýatan wirusyň höwesjeňligi netijesinde kesel döreýandigi diýip hasap edilýär.

Gurşaýjyly demrew keseli bilen çagalar we uly adamlar, has ýygy gartaşan adamlar keselleýärler. Kesel köplenç halatlarda bedeniň goraýyş güýçleriniň gowşamaklygynda, öň başdan geçiren öýken keselleriniň, gan keseliniň, täzeden dömmeleriniň we beýleki bedeni horukdyrýan keselleriň netijesiniň esasynda döreýärler.

Gurşaýjy demrew düzgün boluşy ýaly özünden soňra durnukly güýçleri galdyrýar. Ýöne weli agyr üznüksiz kesellerden (onkologiki, ganyň keselleri) ejir çekýän näsaglarda onuň gaýtalanylýan halatlary-da bolup biler. Ýokanç kesel döredijileri hem-ä gatnaşykda bolan­lar hem-de howa-damja ýollar arkaly sagat adamlara geçip bilýar. Gurşaýyjy gerpes köplenç güýz-ýaz döwürlerinde duş gelýär, üşedip-gyzdyrma, newrologiki häsiýetli agyrlar we çetki zeperlenen nerw damarlarynyň ug­ry boýunça deride we nemli bardada eritema­tozly-wezikulýar örgünler bilen häsiýetlendirilýär. K­äbir kelle çanakda we oňurga aralyk­daky nerw gangliýalar, köplenç bir taraplaýyn, zeperle­nilýärler. Üçem nerw damarynyň birin­ji we üçünji şahalarynyň zeperlenen halatynda, hem-de üçem nerw damarynyň düwü­niniň (gerpetiki ganglionit) zeperlenen halatynda agzyň nemli bardasynda wezikulalaryň örgüni ýüze çykýar. Şol bir wagtyň özünde degişli bolan deri sebti hem zeperlenýär. Agzyň nemli bardasynyň aýraryň özbaşdak zeperlenmeleri seýrek duş gelýär.

Kliniki alamatlary. Adaty hakyky halatlarda keseliň örgini gelejekde boljak ýerlerinde dürli-dürli dartgynlykdaky agyrylaryň ýüze çykmaklygy bilen başlaýar. Agyrylaryň häsiýeti az-kem bildirýan agyry duýgylaryndan, puresteziýalardan başlanyp, tä zeperlenen nerw damar­laryň ugry boýunça ýüze çykýan ejir berijili, ýakyjyly, kesijili, tutgaý görnüşli agyrylar duý­gysy bolup, çäklerinde üýtgäp dürýar. Gyjyndyryjylaryň täsiri astynda agyrylar güýçlen­ýär­ler. Şol bir wagtyň özünde hem uşütme, serimsämelik, kelle agyry ýüze çykýar, bedeniň gyzgynlyk derejesi 38-39 0C çenli galýar. Näsaglaryň umumy ýagdaýy elmydama ejir çekip hem durmaýar. Agyrlaryň ýüze çyk­maklygynda 1-5 gün geçenden soň zeperlenme sebtinde çişginlik, deriniň gyzarmasy ýüze çykýar, onuň esasynda bolsa suklyk bilen doldurylan taparlaýyn, göwrümi 1-5 mm bolan wezikulalar döreýärler. Deriniň zeperlenmekligi bilen bir wagtda agzyň gyzaran nemli bardasynda hem zeper­lenen nerw damarynyň ugry boýunça köp sanly wezikulalar ýäze çykýarlar. Agyz boşlugynda pak­garyklar çalt açylyp, ýarylýar we ýeke-ýekelikde ýa-da biri-birine birleşen ýaralar döredip, fibroz kesmegi bilen örtülendir. Deride ýaralar guraýarlar we kesmekler bilen örtülýärler ýa-da bolmasa zeperleme zerarly eroziýalaryň emele gelmekligi bilen açylýarlar (11.14-nji surat).

11.14 surat

11.14-nji surat. Gurşaýjy demrew. Has gyzaran dodakda we äňästy deride köp sanly bulançak suwly pakgarçak.

Agzyň nemli bardasyndaky ýaralaryň bitenben soňky we deridäki kesmejikleriň-de gop­mak­ly­gyndan soňra hadysa tamamlanýar, ol bolsa özünden soň deride wagytlaýynça tegmilt galdyrýar. Keseliň umumy dowamlylygy 3-4 hepde bolýar. Keseliň gelejegi, düzgün boluşy ýaly, şowly geşýär. Ýöne weli ýaşy ýokary bolan adamlarda, hem-de immunitetiň has peselmekligi bilen utga­ş­ýan gan keseli howplydömme keseli agyr kesellerden ejir çekýan şahslarda gerpes keselinden soňky newralgiýa, ýokary duýgurlyk, gipernatiýa, ýaly gaýraüzülmeler bolup biler. Munyň dowamlylygy birnäçe aýdan-ýyla çenli bolýar. Köplenç şoňameňzeş hadysalar uly ýaşly adamlarda bellenilýär, özi hem näsag näçe uly ýaşly boldugyça, postgerpetiki gaýraüzülmeleriň döremekligine ýokary ähtimatly bolýar.

Deňeşdirilip anyklanylmasy. Gurşaýjy gerpesi şu aşakdakylardan tapawutlandyrylmagy zerurdyr:

  • Ýiti gerpetiki stomatitden;

  • Pakgarçakdan;

  • Pemfigoýitden;

  • Allergiki stomatitden;

  • Deriniň zeperlenmekliginde-beze çişinden.

Gurşaýjyly gerpesiň anyklanmaklygynda zeperlenmäniň bir taraplaýyn bolmagy, gaýtalan­ma­laryň, aýdyn bildirýän agyrly alamatyň ýoklygy, zeperlenen nerw damarlarynyň hutupjin edýan meýdanynda wezikulalaryň ýerleşmekliginiň wajyp ähmiýeti bardyr. Anyklamanyň kesgidiniň go­ýul­maklygy üçin şu aşakdaky goşmaça barlagyň usullary ulanylýar: ganyň umumy kliniki sel­jer­mekligi wirusologiki (täze ýaralardan, gandan, beýni-oňurga suwuklykdan ýa-da bolmasa bokurdakdan alnan ýuwundylardan wirusyň bölünip ýüze çykarylmaklygy), sitologiki.

Bejergisi. Gurşaýyjy demrewde bejerginiň esasy wezipeleri-agyryly alamatlary aýyr­mak, deride we nemli bardada wezikulalaryň mundan beýläk emele gelmekliginiň we ger­pes­den soňky newralgiýalaryň öňüni alynmaklygy. Şeýle maksat bilen analgetikler (analgin, baralgin), salisilatlaryň (günde 3-4 gezekden 0.5 g möçberde asetilsalisil turşysumyň) gangleron B1; B2 witaminleriň berilmekligi görkezilýär.

Wirusa garşy serişdeler ulanylýar; metisazon (6 günüň dowamynda nahardan soň günde 2 gezekden 0.6 g möçberde); bonafton (1-2 günlik ara-kesmeler bilen 3 sany bäş-günlik doly bejergi bilen günde 3-5 gezekden 0.1 g möçberde); asiklowir (5günüň dowamynda günde 5 gezekden 0.8 g möçberde). Dezoksiribonukleazanyň ulanylmaklygy hem netijeli bolýar. Serişde 7-10 güniň dowa­myn­da herbir 4 sagatdan 25 mg möçberde ýa-da günde iki-üç ge­zek­den 50 mg möçberde sanjylýar. Hadysanyň tizlik bilen aýrylmaklygy bolup geçýär. De­zok­­sipibonukleaza bilen bejergi hem gerpetiki newralgiýanyň bolmazlygyny ähtimallaş­­dy­rýar. Ýerli bejergi keseliň ilkinji günlerinden wirusa garşy dermanlaryň (tebrofeniň, florena­lyň, gossipolyň, megosiniň, oksoliniň, interferonyň) ulanmaklygyndan ybarat bolýar.

Wezikulýar örgünleriň bitişýan döwründe ýara bitiriji (keratoplastiki) serişdeler: itburyň ýagy, oblepihanyň ýagy, A witamini, karotolin, aktoweginmelhemi we başgalar görkezilýär. Keseliň ilkinji günlerinden başlap lazerbejergisi (geliý-neon, infragyzyl), ultramelewşe şöhlelendirilme üstünlik bilen ulanylýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]