- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.3.1. Wirus keseller
Agzyň nemli bardasynyň wirus keselleri özleriniň giňden ýaýranlygy boýunça nemli bardanyň keselleriniň toparynyň arasynda ep-esli uly orny eýeleýärler. Uly adamynyň agyz boşlugynda wiruslaryň birnäçe görnüşi bardyr. Olar köplenç bedende keselleri ýüze çykarman, ukydaky, şol ýagdaýda bolýarlar. Bedeniň garşylyk görkezijiligi peselende olar keselleri ýüze çykarýarlar. Uly adamlaryň agyz boşlugynda ýönekeý gerpesiň wiruslary, sitomegaliýa wiruslary, adenowiruslar, käbir enterowiruslar, reowiruslar we käbir beýlekiler (alamatsyz wirus göterijili) bardyr.
11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
Ýönekeý (adaty) gerpes (herpes simplex)-ýönekeý gerpesiň wirusy tarapyndan ýa-da bolmasa gerpeswirus tarapyndan ýüze çykarylýan has ýygy-ýygydan duş gelýän wirus keselidir. Ýönekeý gerpesi wiruslary özleriniň antigenli häsiýetleri boýunça iki sany esasy topara bölünýärler.
1-nji we 2-nji topar. 1-nji toparyň wiruslary agzyň nemli bardasynda gerpetiki zeperlenmeleri döredýärler, 2-nji toparyňkylar bolsa-jyns sinalarynda. ýönekeý gerpesiň wiruslary DNK-saklaýjylardyr. Adam bedeninde ol esasan epiteliýanyň öýjüklerinde köpelýär. Adam bedenine aralaşmak bilen we ilkinji gerpetiki keselleriň alamatlaryny ýüze çykaryp, ol esasan adamynyň bütin ömrüniň dowamynda gizlin ýagdaýda galýar ýa-da keseliň gaýtalanmaklygyny ýüze çykarýar. Ýönekeý gerpesiň wiruslary uly ýaşly ilatyň 75-90 %-inde duş gelýär. Ilkinji ýokuşma köplenç 1 ýaşdan 3 ýaşa çenli ýaş döwürlerinde bolup geçýär. Haçan-da çaganyň ganyndaky enesinden alan antitelalaryň mukdary azalyp pese düşende ýa-da bütinleý ýok bolan ýagdaýynda we adam bedeni ýönekeý gerpesiň ýokuşmaklyga, zäherlenmegine ukyply bolýar. Çaganyň ilkinji ýokuşma duçar bolmaklygy köplenç duýdansyz bolup geçýär, ýöne weli birnäçe ýagdaýlarda çagalarda keseliň aýdyň bildirýän kliniki alamatlary ýuze çykýar ilkinji gerpes diýlip atlandyrylýan. Aýratyn-da bu kesel çaganyň doglandan soňky birinji aýynda agyr geçýär haçan-da deriniň, gözleriň we beýleki synalaryň nemli bardasynyň ýaýran zeperlenmesi bolanda. Seýrek ýagdaýlarda uly adamlarda ilkinji gerpes bolup biler, ol hem haçan-da ýaşlykda ilkiji gerpes bilen gatnaşykda bolmadyk bolsa. Ilkinji gerpesden sagalandan soňra ýokanç kesel gaýtadan dörap bilmez, ýöne weli ol ukydaky ýagdaýyna-da geçip biler ýa-da bolmasa dürli-dürli amatsyz faktorlaryň (sowuklamak, stresslik ýagdaýlaryň, anginanyň, gripiň, pnewmoniýanyň, aşgazan-içege ýolunyň keselleriniň we baş.) täsiri ýetmeginde gaýtalanyp biler.
Ýönekeý gerpesiň ýökuşmaklygy gerpesli näsag ýa-da wirus göteriji bilen göni gatnaşykda bolanlara geçýär, çuňki ýökanç keseliň alamatlarynyň görnup durmadyk ýagdaýdaky adamynyň sülekeýinde, gerpetiki wirus ýüze çykarylan, hem-de howa-damja ýoly bilen hem ýokuşyp biler.
Agyz boşlugynda gerpetiki ýokanç kesel iki hili kliniki görnüşde bolup geçýär: ýiti gerpetiki stomatit (ilkinji gerpes); üznüksiz gaýtalanýan gerpes (gaýtalanýan gerpetiki stomatit).
Ýiti Gerpetiki stomatit (stomatitis herpetika akuta). Öňler kesel “ýiti ýaraly stomatit” diýen adyna eýe bolupdy. Umumy ýagdaýyň näsazlaşmalarynyň aýdyňlygyna we agzyň nemli bardasyndaky zeperlenilmäniň ýaýranlygyna baglylykda ýeňil, ortaça agyrlyk we ýiti gerpetiki stomatitiň agyr görnüşine bölünýär. Keseliň döremeginde bir näçe döwürler tapawutlandyrylýar; gizlin (inkubasion), prodormal (kataral) döwürler, örgün örme döwri (keseliň ýüze çykmaklygy), keseliň öçmekligi we kliniki sagalma (rekonwalesensii) döwri.
Kesel öň wirus bilen zäherlenmedik şahslar üçin ýokançly bolýar. Ilkinji gerpes täze dogan bäbeklerde örän agyr ýagdaýda bolup geçýär.
Kliniki alamatlary: Gizlin döwür 1-4 günläp dowam edýär. prodormal döwürde aşaky äňasty, agyr ýagdaýlarda bolsa boýun limfatiki düwünçekleriniň ulalmaklygy bolup geçýär. Kesel ýiti görnüşde başlaýar. Keseliň agyrlyk derejesine baglylykda bedeniň gyzgynlygy 37-41 0C–a çenli beýgelýär, umumy ýarawsyzlyk, ysgynsyzlyk, kelleagyry, deriniň we muskulaturanyň ýokary duýujylygy, deri örtükleriniň reňkiniň görküniň solmagy, ýürek bulanma we beýni merkezinden gelip çykyşly bolan gaýtarma bellenýär, sebäbi diýseň ýönekeý gerpesiň wirusy ensefalotropen bolýar. Agyz boşlugynda ilki başda guýulan, ýaýraň gyzarma, nemli bardanyň çişmekligi, soňra bolsa ýeketäk ýa-da toparlaýyn, içinde dury eksudat bar bolan pakgarçaklar (wezikulalar) döreýärler. Pakgarçaklaryň örmegi, sanjylmakly, ýakyjylykly duýgulary bolýar, käbir halatlarda bolsa agzyň nemli bardasynyň çişmekligi bilen utgaşýar. Wezikulalaryň mukdary biri-birlerine ýakynlykda ýerleşip, 2-3-den dirnäçe onluklara çenli sanlar arasynda üýtgäp durýar. Pakgarçaklar çalt ýarylyp-açylýarlar we olaryň ýerinde aftalary ýatladýan çalymtyk-ak kesmegi bilen örtülen tegelek eroziýalar ýüze çykýarlar. Köpsanly pakgarçaklaryň biri-birlerine goşulmaklygyndan emele gelen eroziýalar, nädogry köpaýlawly şekile eýe bolýarlar (11.11-nji surat). Wezikulalar köplenç gaty gaňşyrawykda, diliň arkasynda, kentlewükde, duluklarda, dodaklarda ýerleşýärler. Köplenç dodaklaryň gyzyl gaýmasy we oňa degip duran deriniň meýdançasy zeperlenilýär. Birneme seýregräk keratokonýunktiwitler, ýüzde pakgarçakly örgünler, wulwowaginitler duş gelýär. Hadysalar sülekeýiň çenden aşa çykmagy guýçli agry bilen bolup geçýär. Zeperlenme elementleriň birnäçe güniň dowamynda ýüze çykyp bilýändigi bilen baglanşykda, agyz boşlugynyň barlagy geçirilende olaryň dürli-dürli döwürlerdäki ýüze çykmada görmek bolýar. Kentlewigiň ýaýraň zeperlenmekligi mahsus–ýiti kataral gingiwiti, ol köp ýagdaýlarda gaňşyrawyk we dil taraplarynda has bildirýarler.
Egerde agyz boşlugyna ideg ýeterlik däl bolsa, onda karal gingiwit ýaraly-gingwite geçip biler. Ýiti gerpstiki zeperlenilmelerde gingiwit, keseliň kliniki alamatlarynyň ýok bolup gitmekliginden we eroziýalaryň bitenlerinden soňrada bellibir döwür içinde saklanyp galýarlar.
11.11-nji surat. Ýiti gerpetiki stomatit.
Aşaky dodagyň gyzaran nemli bardasynyň düşeginde köpgörnüşli şekilleri bolan köpsanly aftalar we eroziýalar duşýar.
Prodormal döwürde ýüze çykýan (region) limfadenit. Keseliň bütin dowamynda we hatda eroziýalar bitenden soňra-da ýene-de 5-10 günlik saklanyp galýar.
Ganda ýiti çişme hadysasyna häsiýetli bolan, özboluşly ýörite bolmadyk üýtgeşmeler ýüze çykýar. Sülekeýiň jogap berijiligi keseliň ilkibaşynda turşulykly bolýar, soňra bolsa onuň aşgarlylyk tarapa üýtgemekligi kesgitlenilýär (pH 5,8-6,4). Lizosimin mukdary peselen bolýar, interferon ýok bolýar. Ýönekeý gerpetiki stomatitde agyz boşlugynyň nemli bardasynyň we deriniň gistologiki üýtgemegi, epiteliýaň içinde pakgarçagyň bolmagy, ol hem tikenek görnüşli gatlakdaky öýjügiň ballonirleýji we lentikulýar dargamagy netijesinde döreýär, şeýle-de akantoliziň ýüze çykmagy bolup geçýär. Dargamalykly epitelial öýjükleri ýa-da DNK saklaýjy goşulmalary görmek bolýar. Nemli bardanyň hususy gatlagynyň edil aşagynda ýatan emzijekli gatlagyň çişmekligi, limfatiki we gan-damarlarynyň giňelmekligi we neýtrofillerden hem-de limfositlerden bolan ýellenmeler bellenilýär.
Ýiti gerpetiki stomatitiň anyklanyşyny tassyklamak üçin sitologiki usul ulanylýar. Barlaglar pakgaryklaryň emele gelenden soň, keseliň ilkinji 2-3-nji günlerinde geçrilýär. Eroziýalar sebitinden gyrdalyp alynan ýa-da bolmasa pakgarygyň içindäki suwuklyk barlag üçin serişde bolup hyzmat edýär. Preparatyň Romonowskiý-Gimzaniň usuly boýunça reňklenmekliginde ýüze çykýan köp özenli ägirt uly öýjükler bellenilýär. Olar özleriniň görnüşi boýunça birden polimorfizmligi, reňki we ölçegleri (diametri boýunça 30-120 mkm) bilen tapawutlanýarlar. Öýjigiň merkezini ýadrodan durýan dykyz konglomerat eýeleýär (mukdary 2-3-den tä 10-20 sana çenli ýadrosjklary (nukleolar) kesgitlenmeýar (11.12. surat).
Sitologiki barlagda hem nekrobiozyň dürli-dürli tapgyrlarynda polimorf ýadroly neýtrofiller, epitelial öýjükleriň özeni polimorfizm hadysalary bilen bolan ýagdaýynyň sinsitiýewli görnüşinde, makrofaglar kesgitlenilýär.
Ýiti gerpetiki stomatitde keseliň ilkinji günlerinde, hem-de gaýtalanylmalar döwründe pakgarygyň içindäkiden gerpesiň wirusyny tapmak bolýar. Gerpesiň wirusyna bolan antitelalar keseliň başynda tapylmaýarlar, ýöne weli kesel ösdügiçe antitelalaryň titri artýar. Ýiti gerpetiki stomatitiň anyklanylmaklygy üçin immunofloressensiýa usuly, ýöriteleşdirilen antigen bilen deri synaglary, serologiki barlaglary ulanylýar.
Deňeşdirilip anyklama. Su aşakdakylardan tapawutlandyrmak üçin geçirilýär:
Beýleki wirusly zeperlenmelerden (gerpanginadan, ýuşşurdan, wezikulýar stomatitden);
Köp görnüşli şypyljaýan eritemadan;
Allergiki zeperlenmelerden.
Gerpanginadan tapawutlylygy ilkinji nobatda zeperlenmäniň ýerleşen ýerine görä bolýar. Gerpanginada bu agyz-bokurdak sebiti bolýar, şol zerarly hem köplenç halatlarda mialgiýa we disfagiýa bellenilýär. Keseliň gutarnykly anyklanmagy wirusologiki maglumatlaryň esasynda tassyklanylýar.
Agsal keseli bilen deňeşdirilip anyklanylanda epidemiologiki ýagdaýyň we şol keseldäki özboluşly deri zeperlenmeleriniň hasaba alynmaklygy arkaly geçirilýär.
Anyklaýyş laboratoriýa usullarynyň netijeleri: biologiki synaglaryň, serologiki we wirusologiki barlaglaryň goýulmaklygynyň netijeleri, agsal keseliniň hakykatdan-da barlygynyň tassyklanylmasydyr.
Wezikulýar stomatit bilen deňeşdirip anyklamada, wirusologiki barlag usullarynyň esasy netijeleri keseliň anyklaýyş meselesini çözýän bolup durýar.
Köp görnüşli şypyljaýan eritema ýönekeý gerpesden tapawutlygy pasyllar boýunça gaýraüzülmeleriň bolmagy (ýazda we güýzde) bilen tapawutlanýar. Şeýle hem elementleriň zeperlenmeginde köp görnüşligi-de bardyr: subepitelial pakgaryklar, deride we agzyň nemli bardasyndaky eritemalar, giňişleýin eroziýaly üstler. Deňeşdirilip anyklaýyş, allergologiki synaglaryň we wirusologiki barlaglaryň netijeleri arkaly tassyklanylýar.
Allergiki bullez-ýaraly zeperlenilmeler ýönekeý gerpesden anamnezi we allergologiki barlaglaryň netijeleri arkaly tapawutlanýarlar.
Bejergisi. Beýleki bir näçe ýökanç keseller ýaly ýiti gerpetiki stomatitli näsag hem birden sagalyp biler. Ol ortaça 2-3 hepde bolup geçýär. Bejerginiň ugry keseliň agyrlyk derejesine we ösiş döwrüne görä kesgitlenilýär. Ýiti gerpetiki stomatitde bejergi keseliň ilkinji günlerinden wirusa garşy derman serişdeleriň ulanylmaklygy we näsagyň ýagdaýyny ýeňilleşdirýän simtomatiki bejerginiň geçirilmekligini öz içine alýar.
Umumy bejergi. Keseliň agyr görnüşlerinde ilkinji günlerden wirusa garşy dermanlar ulnylýar: bonofton (5 günläp, günde 0.1 gramdan günde 3-5 gezek) ondan başga-da 5 güniň dowamynda günde 5 gezekden 0.2 g. asiklawir ulanylýar, şol maksat bilen dezoksinukledza (DNKaza) ulanylýar onuň külkesini öňünden distillirlenen suwda ýa-da natriniň hloridiniň ergininde eredilmekligi bilen sanjym görnüşde ulanylýar. Sanjymlar günaşadan sanjylýar, bejerginiň dowamlylygy 6-10 sanjymlar.
Desensibilizirleýji we çişmä garşy bejergi geçirilýar.
Munuň üçin antigistamin serişdeler (suprastin, tawegil, fenkarol we baş.) ulanylýar; natriniň solisilaty ýa-da bolmasa assetilsalisil turşusy (nahardan soňra günde 3 gezek 0.25 g-dan). Kalsiniň glýukonaty (günde 3 gezek 0.5 g-dan) ulanylýar. Bedeniň berdaşlylygyny ýokarlandyrmak üçin witaminler, aýratynda C we P witaminleri, poliwitaminler belenilýar. Hassahana şertlerinde şeýle maksat bilen lizosim ulanylýar (7 güniň dowamynda günde 2-3 gezek 150 mg-dan), sanjym görnüşde prodigiozan goýberilýar 4-7 gün arakesme, bilen gije-gündiziň dowamynda 25-50mkg-dan; doly bejergi 3-6 sanjymadan ybarat. Fuzospirohetoz bilen gaýraüzülmede metronidazolyň içilmekligi bellenilýär. Görkezmeler boýunça ýürek-gandamar serişdeleri ulanylýar. Ýokary kaloriýaly, witaminleşdirilen iýmitlenilme, köp mukdarda suwuk içgileriň içilmekligi bellenilýär.
Ýerli bejergi. Keseliň ilkinji günlerinde ýa-da hatda sagatlarynda-da wirusa garşy derman serişdeleriň ulanylmaklygy netijeli bolýar:
11.12-nji surat. Gaýtalanylmalykly gerpesdäki ägirt uly köp ýadroly öýjükler (1).
Sitogramma. Mikrosurata düşürme.
Leýkositar interferon-onuň ergini günde 6-7 gezek, ýapgylar görnüşinde azyň nemli bardasyna ýapylýar. Wirusa garşy melhemler üstünlikli ulanylýar: 2% teobrofen melhemi, 1-2%-li florenal melhemi, 1-5%-li holepin melhemi, 3%-li gossipoluň linimenti. Şu serişdeleri ulanmazdan öň agyz boşlugyny proteolitiki fermentler we antiseptik dermanlar bilen arassalamak zerurdyr, soňra agzyň nemli bardasynyň ähli üstüne çalynýär. Wirusa garşy serişdeleriň diňe bir zeperlenen meýdançasyna çalynman eýsem ähli nemli bardasynyň bütin ýüzüne çalynmaklygy zerurdyr, çuňki olar bejergi netijelilikden başga-da keseliň öňüni alyş täsiri hem bardyr.
Agzyň nemli bardasynyň agyrsyzlandyrmaklygy derman serişdeleri bilen arassalanyp bejerilmekligi, nahar iýilmekligiň öňünden gelmelidir. Ol trimekaniň 1%-li ergini, piromekainiň 1-2%-li ergini, lidokainiň 1-2%-li ergini, “Lidestin”, “Ksilostesinýa” aýrazollary, şetdaly ýagly 5-10%-li anestezin ergini we baş. Bilen geçirilýär.
Dezoksiribonukleazanyň 0.2%-li ergininiň ýa-da bolmasa lizoamidozanyň 1%-li ergininiň ulanylmaklygy hem maksada laýyk bolýar, sebäbi şeýle fermenler proteolitiki we wirusa garşy täsiri ukyplydyr.
Agyz boşlugyny antiseptiki arassalamak üçin agyz çaýkamalar ýa-da bolmasa agyz boşlugynyň ýuwulmagy görnüşinde, ýyly erginler bolan: perekis wodorodyň 0.25-0.5%-li erginini, hlorominiň 0.25%-li ergini, firossiliniň (1:5000) erginini, etoniýanyň 0.5%-li erginini, gossipolyň 0.1%-li erginini we başgalary ulanylýar. Keseliň ilkinji günlerinde agyz boşlugynyň her bir 3-4 sagatdan arassalanyp bejerilmekligi maslahat berilýär.
Agyz boşlugynyň çalt bitmek hadysalaryny (regenerassiýa) gurplandyrmaklyk üçin witamin A, E-niň, karotoliniň, itburyn ýagynyň, solkoseriliň hem aktoweginiň melhemini we ýagyny, “Liwian”, “Spedian”, “Gipozol” aerozolyny ýapgy görnüşinde ulanylýar.
Keseliň ilkinji günlerinden doly derejede ýaranyň bitmegi üçin fiziobejerginiň ulanylmaklygy netijeli bolýar: KUF-şöhlelendirme, geliýneon, (gyzylmelewşe), lazer bejergisiniň ulanylmaklygy.
Deridäki zeperlenilme elementleri anilin, fukarsin boýaglary şol sanda hem wirusa garşy melhemler bilen arassalanylyp çalynýar.
Maglumat. Ýiti gerpetiki stomatitde gelejegi örän şowly bolýar, sagalma 1-3 hepdede bolup geçýär, eroziýalar bertiksiz bitýarler, kentlewükler özüniň görnüşini saklaýar. Sagaldylma işleri edilmeklik agyz boşlugynda we öz wagtynda bejerilmedik halatynda, fuzaros-pirohetozyň ýokuşmasynda Wensanyň ýaraly-çüýreýän gengiwo stomatiti ýuze çykyp biler.
Keseliň öňüni alyş. Ýiti gerpetiki stomatitiň gatnaşykda ýokuşýan kesel bolandygy zerurly näsagy aýratyn otagda saklamak zerur bolýar. Çagalar edaralarynda onuň geçişiniň agyrlyk derejesine we ýerleşen ýerine garamazdan näsag çagalaryň sagdyn çagalara galtyşmaklygyna ýol berilmeli däldir.
Üznüksiz gaýtalanýan gerpes (herpes chonicus residiwanç) ýönekeý gerpes tarapyndan ýüze çykarylýan endogen ýokanç keseliň has ýygy-ýygydan ýüze çykýan görnüşidir. Öňden ýönekeý gerpesiň ýokuşan we wirusa garşy antitelalary bar bolan şahslaryň islendik ýaş döwründe ýüze çykýär. Gaýtalanýan üznüksiz gerpesiň döremeginde esasy rol öýjük immunitetini peseldýän şu aşakdaky ýaly faktorlary: sowuklamak, wirus ýokanç keselleri, pnewmaniýa, üznüksiz stresler, agyr derejeli umumy keseller (leýkoz, rak keseli we baş.) degişlidir. Üznüksiz gerpesiň zenanlarda beterleşmekligi köplenç aýbaşy bilen baglanyşykly bolýar. Beterleşmäniň ýüze çykmaklygyna sebäp bolýar ýerli faktorlara şikeslenme, insolýassiýanyň ýokarlanmagy, dodaklaryň gyzyl gaýmasynyň guraklygyny degişli etmek bolar. Keseliň gaýtalanmasy dürli ýygylykda, ýylyň dürli-dürli döwürlerinde ýüze çykyp bilýärler we pasyl boýunça üýtgemek ukyby ýök. Käbir näsaglarda keseliň öjükmesi ýylda 1-2 gezek ýüze çykýarlar, beýleki birlerinde bolsa-aýda 3-4 gezek ýüze çykýarlar, kesel ýygy-ýygydan gaýtalanýan pormonentlilikli häsiýete eýe bolýar.
Kliniki alamatlary. Üznüksiň gerpetiki ýokanç keseliň gaýtalanmaklygynada gyzaran nemli bardada ýek-ýeke ýa-da göwrümi boýunça 1-2 mm bolan toparlaýyn pakgarçaklaryň örmegi bilen häsiýetlenýär. Hadysa ilki bilen örgünleri boljak ýerinde adatça ýakyjyly, gijilewikli kähalatlarda bolsa ýeňiljek agyryk duýgurlygy bilen başlaýar. Ondan soňra nemli bardanyň ýeňiljek gyzarmasy we çişginligi ýüze çykýar, onuň düşeginde bolsa owunjak toparlanan pagaryklar döreýärler (11.13-nji surat). Olar derrew ýarylyp onuň netijesinde ýagty-gyzyl agyryly, nädogry görukli owynjak jähek sudurly pakgarygyň we töweregindäki aýratyn owunjak eroziýalaryň biri-birine goşulmaklygynda emele gelýarler. Ondan soňra eroziýalar dodaklaryň gyzyl gaýmasynda we derisinde agymtyk-sary fibrinozly kesmek bilen ýagny gemorragiki kesmek bilen örtülýärler. Ýaranyň bitmegi yz galdyrman 8-10-nji günde bolup geçýär. Pakgaryklar köplenç dodaklaryň gyzyl gaýmasynda deriniň araçäkli sebtinde (herpes labialis).
11.13-nji surat. Üznüksiz gaýtalanýan gerpes.
Dodagyň gyzaran gyzyl gaýmasyndaky wezikulalar topary.
Gaty gaňşylawgyň öňki böleginde, diliň arkasynda, çekgelerde, burnuň ganatlarynda (herpes nazalis), seýrek halatlarda ýanbaşyň dersinde türre sebtinde, butlarda ýüze çykýarlar. Gaýtalanýan gerpes agzyň nemli bardasynda esasan kadaly ýagdaýda buýnuzlaşýan ýerlerinde ýerleşýär. Gerpesiň şol bir ýerde gaýtadan ýerleşme halatynda berkidilen gerpes diýip aýdylýar. Kähalatlarda pakgaryklaryň emele gelmekligi aşaky äňasty we dilasty limfatiki düwünçejikleriň ulalmaklygy bilen utgaşýär.
Deňeşdirilip anyklanma. Üznüksiz gaýtalanýan gerpes şu aşakdakylardan tapawutlandyrylýar:
Gaýtalanýaň aftoz stomatitden;
Allergiki stomatitden;
Streptokok stomatitinden.
Deňeşdirilip anyklanma üznüksiz gaýtalanýan gerpesiň kliniki aýratynlyklaryna hem-de pakgaryklaryň içindäkiniň we köpürjikleriň açylmaklygynda soňky ilkinji 2-3 güniň dowamyndaky emele gelýän eroziýalar sebitinden bolan gyrçap alynmalaryň sitologiki barlagynyň maglumatlaryna esaslanýar.
Preparatlarda köp özenli (ýadroly) ägyrt iri öýjükler ýüze çykarylýarlar. Şeýle-de wirusologiuki usul hem ulanylýar.
Bejergisi. Näsag keseli beterleşdirýän ýönekeý wiruslaryny basyp ýatyrar ýaly, onuň bedeniniň ýöriteleşdirilen we ýöriteleşdirilmedik goraýyş güýçleriniň derejesini ýökarlandyrylmaklygyna gönükdirilýär. Kliniki taýda sagdyn döwüriniň ep-esli uzaldylmaklygyny we gaýtalanylmalardan soňky kliniki alamatlaryň ýeňilleşdirilmekligini lewamizoluň (dekarisiň), ulanylmagynda bejerginiň üstünligini, 1-3 aýyň dowamynda 2 hepdede 1 gezek 150mg-dan içilmekligi arkaly gazanylyp bilner.
Bedendäki we şol sanda hem agyz boşlugyndaky (parodontit, periodontit, tonzellit, gaýmorit we başgalaryň) ýokanç keselleriň üznüksiz ojaklaryny ýok etmek maksady bilen, üznüksiz gaýtalanýan gerpesli näsaglary örän ünüsli gözden geçirilmek zerur bolýar. Gaýtalanylmalaryň ýüze çykmaklygyna üznüksiz zeperlenmäniň, dodaklaryň guraklygynyň, dodaklaryň üznüksiz jaýryklygynyň) ýardam edýän ýerli sebäpler aradan aýrylmalydyr.
Ýöriteleşdirilen gerpetiki polifaksiniň ulanylmaklygy gowy netijeleri berýär. Derman serişde gaýtalanma aralykdaky döwürde hepdede 2 gezek 0.1-0.2 mg möçberde göýberilýär.bejergi kursy 5 sany sanjymdan ybarat bolýar. Birinji we ikinji doly bejerginiň aralygyndaky arasalym 2 hepdeden we ondan soňkylaryň aralygyndakylar bolsa 3-4 aýlykdan ybarat bolýar. Öňünden külkäni distillerlenen suwda ýa-bolmasa natriniň hloridiniň ergininde eredilen dezoksiribonukleaza (DNKaza) 10-15 mg-lyk möçberde sanjym görnüşde goýberilmekliginde hem birneme azyrak bolan terapewtiki netijelik gazanylýar. Sanjymlar günaşadan edilýar; bejergi 6-10 sanjymlardan ybarat.
Gaýtalanmalar aralyk döwürde sanjymlar 3-4 gün arasalym bilen 3 ml möçberde her günde gamma-globuliniň sanjymlary ulanylýar, her bir bejergi 6sanjymdan, doly bejerginiň aralygyndaky interwal bolsa -2 aýlyk bolmalydyr.
Dibazol gowy interferonemelegetrijilik täsire eýedir, ol bir aýyň dowamynda 0.01g möçberde günde 2 gezek bellenilýär.
Askorbin turşusy adatça köp möçberde içilmek üçin bellenilýär.
Gaýtalanylmalaryň ilkinji günlerinden başlap ýerli, zeperlenme sebtine ýapgylar görnüşinde çalynýan wirusa garşylykly bolan melhemleri, leýkosita interferony ulanylýar. Interferonyň ergini günde 5-6 gezek ýapgylar görnüşinde berlen sebte çalynýar.
Lazer bejergisiniň (geliý-neon, infragyzyl şöhleli bolan ulanylmaklygy-da netijeli bolýar.
