Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly

Ilkinji bolup 1935 ýylda Kennon agyz boşlugynyň nemli bardasynyň howypsyz epitelial displaziýasyny ýazdy, onuň özboluşly kliniki we gistologiki alamatlarynyň bolmagy “Kennonyň ak ýumşak haly” diýen adalga eýe boldy (naewus spongiosus Cannon).

Sebäbi birnäçe alymlaryň hasap etmegine görä bu kesel nesil yzarlaýjy häsiýetli bolup, ol autosombasyp alyjy ugyr boýunça yzarlaýar diýilip bellenýär.

Kliniki alamatlary. Ak ýumşak hal çagalyk ir döwürde ýa-da gijiräk ýüze çykyp bilýär, ondan soňra beterleşip jahyllyk döwürde ol özüniň ýokarky derejesine çenli ýetýär. Ondan soň kesel yzyna gaýdýar ýa-da ütgemän galýar.

Bedende ýaramaz duýgular bolmaýar. Näsaglar nemli bardanyň adaty görnüşde däldigine arz etmekleri mümkin.

Ak ýumşak halyň hakyky ýerleşýän ýeri-dulugyň nemli bardasy. Zeperlenme elmydama iki taraplaýyn (simmetrik) bolýar. Dulugyň nemli bardasy ak ýa-da çalymtyk-ak, birneme galňan, ýumşak, edil mahmal ýaly, örän gasynly. Käbir ýagdaýlarda gasynlylyk we epin-epinlik şeýle bir güýçli, hatda agyz boşlugynda asylyp duran ýaly bolýar.

Epiteliýanyň ýüzleý gatlagy gyrçalanda gopyp aýrylýar. Şol bir wagytda, edil şoňa meňzeş zeperlenme jyns synalaryň we göni içegäniň nemli bardasynda hem bolup biler. Köp awtorlar ak ýumşak hala we ýumşak leýkoplakiýa, şol bir keseliň aýry-aýry görnüşleri diýip hal keseline degişlilikde hasap edýärler.

Deňeşdirip anyklanşy. Leýkoplakiýa we kandidoz keselleri bilen geçirilýär.

Bejerlişi. Agyz boşlugynyň saplanmagyndan, ýerli şikes ýetirýän sebäpleri aýyrmakdan (diş­leriň ýiti gyralaryny tekizlemek, hili pes goýlan protezleri çalşmak we başgalar), doda­gyň, dulygyň nemli bardasyny dişlemekligi dübünden gadagan etmekden ybarat bolup, witaminleriň A, B – toplumy bermek bellenýär. Görkezilen bejergiler köp ýagdaýlarda kliniki taýdan sagalmaga ýa-da wagytlaýynça oňatlaşmaga ýardam berýär.

11.3. Ýokanç keseller

Agyz boşlugynyň nemli bardasy hemişe ýokanç kesellerde patologiki hadysalara çekilýär. Şol sebäpli-de ýiti hem-de üznüksiz ýokanç keseller agyz boşlugynyň nemli bardasynda tüýs hakyky ýüze çykma alamatlara (täjihoraz, hörezek. Gyzamyk, merezýel, inçekesel, AIDS (wiç) ýokanç keseli we başgalar) eýe bolýarlar. Şeýle alamatlary bilmeklik, ýokanç keselleri anyklamakda ep-esli derejede ýeňilleşdirýär.

Agzyň nemli bardasynyň ýokanç kesellerdäki zeperlenmesiniň häsiýetini we kesel dö­­redijiniň wirulentliligine we mikrobyň ýagdaýyna bagly bolýär. Ilkinji nobatda immun, en­dok­rin ulgamlaryň, nesilyzarlaýjy faktoryň we baş. ýagdaýyna bagly bolýar. Agyz boş­lugyndaky mikroblaryň (rezidentli) hemişelik wekilleri tarapyndan gyjyndyrlyp, keseliň döre­meginde bedeniň goraýyş güýçleri boýunça ýagdaýlarynyň aýratyn orny bardyr.

Adamynyň agyz boşlugynda bedendäki beýleki boşluklara garanyňda bakteriýalaryň has köp san­ly görnüşleri saklanýar. Agyz boşlugynyň (rezedentli) hemişelik mikroflorasy çyl­şyrymly we durnukly ulgamy döretmek bilen ol özge zäherli mikroflora üçin goraýyş işjeňliginiň rolyny ýerne ýetirýär. Sagdyn bedende mikrofloranyň görnüşleri we köp muk­dar­daky wekilleri adam ýaşaýşynyň bütin dowamynda diýen ýaly hemişe bolýar. Diňe käbir onuň üýtgemeginiň bolmagy ol hem ýylyň wagty, döwri, öň başdan geçiren keseller we ş.m. bilen şertlendirlen. Agyz boşlugyndaky mikrofloranyň gör­nüşlerini we mukdaryny hemişelik ýagdaýda saklamaga goldow berýan esasy faktorlaryň biri, ol hem sülekeý. Ol özüniň köp gör­nüşli, häsiýetligi bilen bilinýar (pH, sogaşyklyk; goraýyş hasiýetligi, ferment ulgamlary, iýonly potensialy we ş.m. bilen). Agyz boşlugyndaky mikrofloranyň düzüminiň we mukda­rynyň üýtgemegine somatiki keseller, derman serişdeleriniň yzygiderli içilmekligi, aýratyn-da anti­biotikleriň we kortikosteroidleriň içilmekligi, immun ulgamynyň ýagdaýy, ekologiki fak­torlar, ikilenji dişsizlik we aýrylyp goýulýan protezleriň göterilmekliginiň ägirt uly täsiri bardyr.

Şu ähli faktorlar agyz boşlugynda hemişelik mikrofloranyň düzüminiň we häsiýetleri­niň nä­saz­laşmaklygyna alyp barýar. Mikroblaryň toplanmagynda deňagramlylyk bozulýar, onuň neti­jesinde hemişelik mikrofloranyň wekilleriniň zäherli täsir etmegi artýar, ol bolsa ýiti we üznüksiz çişme hadysalaryny ýüze çykarýan, agyz boşlugyndaky endogen ýokanç kesel döredijileriniň oja­gyna öwrilýar. Autoýokanç keseliň döremekligi, agyz boşlugynyň nemli bardasynyň goraýyş güýç­leriniň birden pese düşmeginde, dürli-dürli distrofiki hadysalaryň, ýiti we üznüksiz zeperlenmeleriň (mehaniki, ýangynly, himiki) netijesinde bolup geçýär.

Agyz boşlugynyň hemişelik mikrofloralarynyň wekilleri tarapyndan ýüze çykarylan agyz boşlu­gynyň nemli bardasynyň kesellerini endogen ýokanç keseller ýa-da bolmasa auto­ýokanç keseller diýlip atlandyrmak bolar. Olara kandidoz, fuzospirohetoz, iriňli we beýleki bak­terial keseller degişlidir. Ýiti ýokanç kesellerde agzyň nemli bardasy elmydama diýen ýa­ly patologiki zeperlenme hadysa sezewar bolýar. Agzyň nemli bardasyny zeper­le­ýän (ýiti ýa-da bolmasa üznüksiz gerpetiki stomatitiň möwç almaklygy, kandidoz, Wensa­nyň ýaraly-çüran stomatiti we baş.) wiruslar, kömelejikli ýa-da bakterial keselle­ri­­niň ýüze çykmaklygy olaryň beterleşmekligine alyp barýar. Üznüksiz ýokanç kesellerdäki (merezýel, inçekesel, lep­ra, AIDS we baş.) agzyň nemli bardasynyň zeperlenilmesi bar bolan näsaglaryň bejergisi beýleki hünär­men lukmanlary (wenerolog, ftiziatr, ýokanç kesel lukmanlary) tarapyndan amala aşrylýar.

Agzyň nemli bardasynyň ýokanç keselleriniň toparyny keseliň dürli-dürli sebäpli, döreýşi, gelip çykyşy, kliniki alamatlary we morfologiki häsiýetnamasy boýunça düzülýar. Ýöne weli olar bir örän wajyp meňzeşlige eýedirler, ýagny – olaryň döremekligine sebäbi bolup mikroblar (bakteriýalar, wiruslar, spirohetler ýa-da bolmasa kömelejikler) hyzmat edýärler.

Her bir kesel takyk mikroblaryň ýa-da bolmasa olaryň toparynyň täsiri boýunça döreýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]