Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy

B.M.Paşkow 1964 ýylda ýumşak leýkoplakiýa keselini ýazypdyr – bu kesel başga alymlar tarapyndan hem “leýkoedema nemli bardabyň üsti tekiz” we “dulugyň dişlenmegi” (nemli barda üsti büdür-südir) diýip atlandyrylýar.

Ýumşak leýkoplakiýa (leucoplakia mollis) – bu agzyň nemli bardasynyň howyply däl zeperlenmegi. Wagtal-wagtal epiteliýanyň ýüzleý gatlagynyň gopmak hadysasynyň (desk­wa­masipa) başlanmagy bilen häsiýetlenýar.

Ýumşak leýkoplakiýa esasan ýaş adamlarda duş gelýär, köplenç çagalarda we 30 ýaşa çenlilerde hem-de has, ýygy-ýygydan zenanlarda ýüze çykyp, kesel o diýen bir, duýyjylygy az-şikaýaty bolman bolup geçýär.

Esasan bu kesel dişler bejerilýan wagty ýa-da keseliň öňüni alyş – gözden geçiriş işlerinde ýüze çykarylýar. Näsaglar kä wagytlar agzyň nemli bardasynyň büdür-südürligine, tozgalamagyna, doku­manyň galňap päsgel berýän duýgynyň bolmagyna arz edýär. Köp ýagdaýlarda näsaglar şol duýgydan dynjak bolup galňan güberçekli ýeri dişlap aýyrjak bolýar, ol bolsa ýaramaz endige öwrülýär.

Sebäbi bu kesel nesilyzarlaýjy häsiýetli bolup, epitelial displaziýanyň dürli görnüş­le­riniň biridir.

Kliniki alamatlary. Tozgalaýan meýdançaň ýeňiliräk çişgin bolmagy, nemli barda pökgeren dürs araçäksiz çişgin hadysasyz we dykyzlananlygy bilen häsiýetlenýär (surat 11.10), nemli bar­danyň çalymtyl-ak reňki bolýar. Ýumşak leýkoplakiýa köp ýagdaýlarda dulygyň, dodagyň nemli bardasynda has ýygy dilde we diş etlerinde ýerleşýär. Zeperlenme çäklendirilen hem bolup biler haçanda dulygyň nemli bardasynda dişleriň gysylyşýan çyzygynyň ugrunda ýerleşende, ýa-da ýaý­raň ýagdaýda, haçanda nemli bardanyň ähli ýerine ýaýranda, kä halatlarda dodagyň gyzyl gaý­masynda ýerleşende. Ilkinji sapar dulygy, dodagy, dili dişlenende ýa-da sorulanda, köp ýag­daýlarda näsaglarda newropatik hadysa ýüze çykýar, esasan hem ýaş adamlarda, dişleriň galtaşýan çy­zy­gynyň ugrundaky epiteliýa deň ölçegsiz tozgalaýar, epiteliýanyň birnäçe ownyk ösüntgisiniň bol­magy netijesinde mahmal görnüşi bolýar, ol bolsa zeperlenen ýüzüniň düz däldigini esas­landyrýar (hamala güýe-degen ýaly). Bu ütgän epiteliýa gyrçalanda bölekleýin aýrylýar. Keseliň agyr ýag­daýlarynda epiteliýniň dişlenmeginde agyryly ýaralaryň ýüze çykmagy mümkin.

Patologik anatomiýa. Gistologiki barlagda gowy bildirýan parakeratoz, akantoz, pyta­nak (ýada tikenek) pisintli gatynda ýagty öýjükleri görmek bolýar. Olaryň sitoplazmalary beýle bir reňklenmeýar, a ýadrosy ütgeýär. Birleşdiriji dokumanyň gatynda owynjak gan-damarlary giňän, kollagen süýümleriň galňamagy, elastik süýümleriň inçelmegi bolýar.

Anyklanşy. Kynçylyk döretmeýär. Agzyň nemli bardasynyň hakyky görki we dulygyny elmydama dişleýän endigi, ýygy-ýygydan dişleriň aralygyndaky nemli bardany barmak bilen basyp saklamak ýaly hereketler, keseli dogry kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Deňeşdirilip anyklanşy. Bu keseli şu aşakdakylardan tapawutlandyrylýar.

  • ýasy leýkoplakiýadan;

  • gyrmyzy ýasy demrewiň hakyky görnişinden;

  • kandidozdan;

  • derman täsirinden dörän stomatitden.

Bejerlişi. Witamin A-nyň ýagly ergini, witamin B-topary, C bellenýär. Agyz boşlugy­nyň saplanmagy geçirilýär. Bejergi kä wagytlar hadysanyň doly aýrylmagyna getirýär. Ýöne köp ýagdaýlarda diňe wagytlaýinça gowlanýar, sagalýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]