- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
Olar sülekeý çykaryjy akabalaryň giperkeratiki maddalar bilen dykylmaklygynyň hasabyna döreýärler. Çilimkeşleriň leýkoplakiýasyndan gaňşyrawgyň zeperlenmeleri dulugyň, agyz burçlarynyň, aşaky dodagyň nemli bardasynda elementleriň ýelmeşmekligi bilen utgaşyp biler. Leýkoplakiýanyň bu görnüşi ýeňillik bilen yzyna gaýydýan hadysa degişlidir: çilim çekilmegiň bes edilmekligi keseliň ýok edilmekligine alyp barýar.
Werrikoz leýkoplakiýa (leuсoplakia werriсosa) ýasy leýkoplakiýanyň indiki tapgyry bolup durýar. Munyň döremegine bolsa ýerli gyjyndyryjylar; dişleriň we protezleriň ýiti gyralary bilen şikeslenilme, çilim çekmek, gyzgyn we ýiti iýmitleriň iýilmekligi, kiçi toklar we baş. ýardam edýärler.
Leýkoplakiýanyň bu görnüşiniň ýasy görnüşinden tapawutlandyrýan alamatlaryna şu aşakdakylar degişlidir: has guýçli buýnuzlaşmada, buýnuz gatlagyň ep-esli galňamaklygy bellenýär. Leýkoplakiýa meýdany nemli bardanyň derejesinden ep-esli ýokary çykýar we reňki boýunça çürt-kesik tapawutlanýar (11.7-nji surat). Barmak bilen basyp barlap görlende ýüzleý dykyzlanma bellenilýär. Adatça näsaglar nahar iýilende, aýratyn-da ýiti iýmitler bolanda ýakyjylyga we agyrlyga nemli bardanyň büdür-südürligine we dartgynlylyk duýgysyna arz edýärler.
Leýkoplakiýanyň örtükli we siňňilli görnüşleri tapawutlandyrylýar. Leýkoplakiýanyň örtükli görnüşi aýdyň bildirýän gyralary bar bolan we gurşap alan nemli bardadan ýokarlygyna çykýan saman-sary reňkli, kähalatlarda bolsa süýt-ak reňkli çäklendirlen görnüşli örtüklerdir. Werrikoz leýkoplakiýanyň siňňilli gornüşi nemli bardanyň ýuzünden ýokaryk galýan büdür-südür ýa-da siňňil emele gelmeler bilen häsiýetlendirilýär. Leýkoplakiýanyň siňňilli görnüşi örtüklilere garanyňda has güýçli howply çişleriň bolmagyna eýedir. El bilen basyşdyryp gorülen halatynda zeperlenme elementleri dykyz, agyrysyz, aşagynda ýatan nemli barda bilen birikdirilmedik bolýar. Giperkeratoz, ýokaryk galyp duran meýdançalarynyň galyňlygy birsydyrgyn däldir we adaty gözden geçirlende örän kynlyk bilen ýuze çykarylýar. Elementleriň o diýen bir uly bolmadyk ýokaryk çykmaklygynda zeperlenme ýerleri barmak bilen basylyp görülende bütinleý kesgitlenmeýär. Leýkoplakiýa ojagynyň has aýdyň bildirýän galyň ýerini el bilen ellenilip görlen ýagdaýlarda dykyz bolýar we ony gasynly etmeklik mümkin bolmaýar.
Ýaraly leýkoplakiýa (leuсoplakia erosiwa) şikeslenme zerarly ýönekeý ýa-da werrukoz leýkoplakiýanyň hakykatdan agyrlaşmaklygydyr. Leýkoplakiýanyň bu görnüşinde näsaglar agyrynyň bolmagyna arz edýärler we gyjyndyrmanyň ähli görnüşleriniň täsirine güýçlenýär, (nahar iýilende, gürrüňleşende we başgalar). Adatça ýönekeý ýa-da werrukoz leýkoplakiýanyň ýerliginde
11.7-nji surat. Werrukoz leýkoplakiýa. Ýaňagyň nemli bardasynda ýokary çykýan büdür-südür üstli bolan giperbuýnuzlaşma örtükleri. |
ýüzleý ýaralar, jaýryklar, seýrek halatlarda çuňňur ýaralar ýüze çykýarlar (11.8-nji surat). Eroziýalar kynlyk bilen epitelizassiýalaşýarlar we köplenç gaýtalanýarlar. Dodaklaryň gyzyl gaýmasynyň buýnuzlaşan ýerindäki ýaralar näsaglary aýratyn binjalyk edýär. Insolýasiýanyň we beýleki gyjyndyryjy faktorlaryň täsiri astynda olar ölçegleri boýunça ulalýarlar we bitmeklik ukyby bolmaýar. Munda agyry duýgylary güýçlenýär. |
11.8-nji surat. Ýaraly leýkoplakiýa. Ýaňagyň nemli bardasyndaky buýnuzlaşan ýerinde bolan ýara. |
Leýkoplakiýanyň patogistologiki üýtgeşmeleri buýnuz we däne-däne gatlagyň aşa ösmekliginiň hasabyna epiteliýanyň galňamaklygy bilen häsýetlendirilýär. Buýnuz gatlagy, aýratynda leýkoplakiýanyň werrukoz görnüşinde örän güýçli galňamaklyga eýe bolýar. Onda giperkeratozyň ýerleri köplenç parakeratozyň ýerleri bilen gezekleşip gelýärler. (11.9-nji surat)
|
Zeperlenen meýdançada epiteliýanyň däne-däne gatlagy dürli-dürli aýdyň derejä eýe bolýar. Werrukoz we ýaraly leýkoplakiýada giperkeratozyň we akantozyň hasabyna epiteliýanyň gowy bildirýan galňamaklygy bolýar. Nemli bardadaky birleşdiriji dokumasynda bolan stromanyň zeperlenen meýdançasynyň ýuzleý gatlaklarynda limfatiki we plazmatiki öýjükler hem-de sklerozyň ýüze çykmaklygy bilen aýdyň bildirýän ýaýraň üznüksiz çişme hadysasy kesgitlenilýär. Iň soňy hem jaýryklaryň we ýaralaryň emele gelmekligi bilen erbet bitmeklik we ýygy-ýygydan bolýan gaýtalanylmalaryň bolýandygy düşündirilýär, ol bolsa leýkoplakiýanyň örtükli görnüşi üçin has häsiýetlidir.
Leýkoplakiýa rak öňýany kesellere degişlidir, sebäbi onuň ähli görnüşleri dürli-dürli derejeli mümkinçiligi bilen arkasellulýar rak keseline geçmekligi bilen howply dömmelere ukyply bolýar. Ýasy leýkoplakiýa 3-5% näsaglarda howply döme çişe geçýär özi hem näsaglaryň birisinde howply dömme çişe öwrülme hadysasy örän çalt (1-1.5 ýylyň dowamynda) bolup geçýär, beýleki birilerinde bolsa rak keseline geçmän onlarça ýyllap bolup geçýär. Leýkoplakiýanyň werrukoz we ýaraly görnüşleriniň howply dömme çişe öwrülmekligi köp ýagdaýda (20-30% halatlarda) bolup geçýär. Buýnuzlaşma hadysanyň güýçlenmegi howply dömmeleriň kliniki alamatlarydyr; göwrüminiň çalt ösmegi we ojagyň dykyzlanmagy; ýaranyň, örtügiň dübiniň dykyzlaşmagynyň ýüze çykmagy; ýaranyň ýüzinde ösen emzijekler bolýar; şikeslenende gan akmaklygy bolýar, wagtynda bitmeýan jaýryjaklar peýda bolýar. Keseliň kesgidi bahym-gyssagly sitologiki ýa-da gistologiki barlaglaryň netijesinde kesgitlenilýär.
Deňeşdirilip anyklanyşy. Leýkoplakiýany şu aşakdakylardan tapawutlandyrmak zerurdyr:
Gyrmyzy ýasy demrew;
Gyzyl gurt;
Ikilenji mereziýel keselinden;
Üznüksiz giperplastiki kandidozdan;
Epiteliýanyň bitmek hadysasynda onuň bulanmaklygyndan;
Boueniň keselinden;
Ýumşak leýkoplakiýadan;
Buýnuzlaşýan ýasy öýjükli rak keselinden.
Leýkoplakiýa, gyzyl ýasy denrewden zeperlenmäniň elementleriniň häsiýeti boýunça: leýkoplakiýada – giperkeratiki tegmil ýa-da bolmasa örtükli. Gyzyl ýasy demrewde agzyň nemli bardasyndaky köpsanly papulalar; düzgün boluşy ýaly; biri-birine garyşyp, keşde şekilini döredýär, birnäçe ýagdaýlarda bolsa deride köpsanly papulalar hem bolýar. Leýkoplakiýada deri örtügi hiç haçan zeperlenmeýar we çişme hadysa bolmaýar. Gyzyl ýasy demrewde bolsa–agzyň nemli bardasynyň çişme hadysasynyň bardygy (hakyky görnüşden başgalarynda) hem degişlidir.
Leýkoplakiýa, gyzyl gurt hakyky görnüşde bolan aýdyň bildirýän eritemanyň, atrofiýalaryň we mahsus bolan deri zeperlenmeleriniň ýoklugy bilen tapawutlanýar.
Leýkoplakiýada, onuň bilen daşky meňzeşlige eýe bolan mereziýel papulalary bilen deňeşdirilip anyklanmasy şu aşakdaky üýtgeşiklikler bilen tapawutlandyrylýar: leýkoplakiýadaky buýnuz gatlagy (massasyny) gazalan halatynda aýyrmak başartmaýar, şol bir wagtyň özünde weli mereziýel papulalaryny ortýän çalymtyk-ak gatlak, ýarany ýeňillik bilen aýrylýar, onuň ýokary ýüzünde bolsa köpsanly aksolgin triponemalar ýüze çykarylýar. leýkoplakiýanyň esasynda mereziýel papulalaryna häsiýetli bolan ýellenme (infiltrat) bolmaýar. Wassermanyň reaksiýasy we çökdürme reaksiýalary, düzgün boluşy ýaly, ikilenji mereziýelde pložitel bolýarlar.
11.9-nji surat. Ýaraly leýkoplakiýa.
Epiteliýanyň aýdyň bildirýän giperkeratozy we akantozy.
Giperkeratozyň meýdançalary parankeratozyň ýerleri bilen gezekleşip gelýärler x 50 esse ulaldylan.
Leýkoplakiýadan tapawutlylykda üznüksiz giperplastiki kandidozdaky aksolgyn gatlagy gyrçalanda aýrylýar we onda spora ýa-da psewdomissellalar görnüşinde, Kandida maşgalasyna degişli bolan kömelejikler ýüze çykarylýar.
Käbir ýagdaýlarda özleriniň epiteliýasynyň ýüzi bitenden soňra birden ýok bolup gidýär dürli-dürli gelip çykyşy bolan ýaralaryň ýa-da bolmasa çuň ýaralaryň (epitelizasiýa) bitmek hadysasynda epiteliýanyň bulançakly görnüşine leýkoplakiýa diýlip ýalňyş kabul edilýär.
Leýkoplakiýadan tapawutlylykda Boueniň keselinde onuň üstüni ak-çalymtyk kesmek örtýär we ol aýrylanda mahamal pisint goýy-gyzyl reňkli üsti açylýarda, başgada zeperlenme ojagynyň daştöwereginde çişme hadysasy bolýar. Ondan başga-da Boueniň keselindäki zeperlenme sebti, köplenç ýumşak kentlewükde, onuň ýaýynda, diljagazda, ýagny leýkoplakiýanyň ojaklary örän seýrek duş gelýän ýerlerde ýerleşýär.
Leýkoplakiýany daş ýüzi tozgalaýan hökmündäki agymtyk-çal reňke eýe bolan, ýumşak leýkoplakiýadan tapawutlandyrylýar. Hakyky leýkoplakiýadan tapawutlylykda ýumşak leýkoplakiýada bu agymtyk-çal gatlagy gazalanda aýrylýar, sebäbi ol parakeratoz zerarly döreýär.
Buýnuzlaşýan ýasy öýjükli rak keseli leýkoplakiýadan tapawutlylykda dübiniň dykyzlaşmagy we sitologiki we gistologiki mahsus alamatlary – rak öýjükleriň barlygyny görmek bolýar.
Leýkoplakiýa dodagyň gyzyl gaýmasynda ýerleşen ýagdaýda ol çäklendirilen ragyň öňýany giperkeratozyndan tapawutlandyrylmalydyr. Ony leýkoplakiýadan onuň ýüzünde giperkeratiki teňňejikleriň bolmagy, zeperlenen ojagynyň aşak çökmegi we onuň kiçi ölçeg göwrüminde bolýanlygy boýunça tapawutlandyrylýar.
Bejerlişi. Leýkoplakiýada bejergi çäreleriniň möçberi ilkinji nobatda onuň bolup geçişine, hem-de zeperlenme ojagynyň göwrümine hadysanyň döreýän tizligine bagly bolýar. Ýasy leýkoplakiýa gyjyndyryjy faktorlaryň, çilim çekmekligiň aradan aýrylmaklygyndan soňra giperkeratozyň ojaklarynyň doly suratda ýok bolmaklygy bilen yzyna gaýdyp biler. Ýöne weli, çilim täzeden çekip başlanan ýagdaýynda leýkoplakiýa täzeden ösüp başlaýar. Leýkoplakiýanyň ýasy görnüşiniň bejerlişi şu aşakdaky tapgyrlardan durýar: ýerli gyjyndyryjy faktorlary ýok edilmek, poliwitaminleriň, ilkinji nobatda hem A witamininiň ulanylmaklygy bilen epiteliýadaky alyş-çalyş hadysasyny kadalaşdyrylmak zerur bolup durýar.
Näsaglaryň agyz boşlugy gowy edilip saplanylýar we dişleriniň ýiti gyralary ýylmanýar; göwne jaý protez goýmak; amalgamadan goýlan petigi, eger görkezme bar bolan ýagdaýda plastmassa ýada sement petigine çalşylýar. Leýkoplakiýa dodagyň gyzyl gaýmasynda ýerleşen ýagdaýynda näsaglar mümkin boldygyça ýele-güne (insolýasiýa) az çykmaly, a egerde meýdança çykylanda, hökman gün şöhlesinden goraýan kremler “Şöhle” ýada dodaga çalynýan arassaçylyk kremi çalmaly. Çilim çekmekligi doly taşlamak, gyzgyn, ýiti naharlardan, spirtli içgilerden gaça durmak örän möhüm orny tutýar. Näsaglara çilim çekmekligiň howyplydygyny hökman düşündirmelidir we zerur bolan ýagdaýynda ýöriteleşdirilen bejergä ugratmaly. Ýakylyp aýrylýan we gyjyndyrýan serişdeler ulanmak dübinden gadagan. Sebäbi howyply çişme hadysanyň döremegi mümkin. Ýerli gyjyndyryjy sebäpleri aýyrmak bilen bir hatarda agzyň nemli bardasynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin aşgazan içege ýollarynyň kesellerini bejermek möhüm orny eýeleýär.
Içmek üçin A witamini (retinol assetatyň 3.4% ýagly ergini ýa-da retinol palmitiniň 5.5%-li ýagly ergini) 1.5-2 aýyň dowamynda günde 2-3 gezek 10-damjadan bellenýär. Ýerli görkezilen A witaminiň ýagly erginler bilen günde 3-4 gezek ýüzleý ýapgy edilýär. Bejergi 1.5-2 aý dowam etdrilýär. Doly bejergini ýylda 2-3 gezek geçirilýär. Bu bejergi çäreleri leýkoplakiýanyň aýrylyp gitmekligine ýa-da onuň durnuklaşmagyna alyp barýar.
Eger-de leýkoplakiýa keselinde kandidoz ýüze çykarylsa, onda mikrob-kömelejiklere garşy serişdeler bilen bejergi geçirilýär.
Werrikozly we ýaraly görnüşli leýkoplakiýalarda ilkibaşda edil ýasy leýkoplakiýanyňky ýaly bejergi geçirilýär. Egerde ol netijeli bejergi bolmasa (werrikoz görnüşliniň ýasy görnüşe öwrülmekligi) onda 1 aýyň dowamynda hirurgiki bejergini geçirmek zerur bolýar: sagdyn dokumalaryň çägine çenli zeperlenilen ojagy kesip aýrylýar, soňundan gistologiki barlag geçrilýär. Leýkoplakiýaly zeperlenen meýdançany elektrokongulýatoryň ýa-da kriodestruksiýanyň kömegi bilen aýyrmak bolýar.
Hadysanyň howply çişe öwrülmekliginiň öňüni almaklyk üçin leýkoplakiýa ojagynyň ýüzündäki ýaralary bejerilmeklige aýratyn üns berilmelidir. Leýkoplakiýanyň ýaraly görnüşiniň bejergisi, ýokarda görkezilenlerden başga-da, nemli bardada ýaranyň çalt bitmegini üpjün edýan serişdeleriň ýerli ulanylmaklygyny (A, E witaminleriniň ýagly erginlerini, it burun ýagynyň, oblepihanyň ýagynyň we baş.) ýüzleý ýapgylaryny göz öňünde tutmalydyr. Agyry duýgylary bar bolanda ýerli agyrsyzlandyryjy serişdeler (lidokain, trimeknin, poromekaon) ulanylýar. Eger-de ýaralar ýara bitiriji derman serişdeleriň täsiri bilen 2-hepdäniň dowamynda bitip başlamasa, onda hökman gyssagly şol ojagy kesip aýyrmalydyr we gistologiki barlag geçirmelidir. Leýkoplakiýa keselli näsaglar elmydama stomatolog-lukmanyň dispanser gözegçiliginde saklanmalydyr hem-de her 3-4 aýdan gözegçilik edip durmaly. Keseliň howply çişme hadysasyna dönmekligine çala duýulan – aňylan wagty, hökmany ýagdaýda şol dokumada barlag (biopsiýa) bölejik alynyp gistologiki barlagy geçirilýär, ondan soňra bejerginiň gelejekki geçirilmeli işleri çözülýär.
Öňüniň alnyşy. Leýkoplakiýanyň öňüni almaklygynyň esasy bolup, şu aşakdakylar durýarlar: agyz boşlugynyň nemli bardasynyň şikeslenmezliginiň wagtynda öňüni alynmaklygy – çilim çekmekligiň, ýiti we gyzgyn naharlaryň iýilmekliginiň, ýaramaz hilli prortezleriň, dişleriň ýiti gyralarynyň, galwaniki toklaryň we beýleki gyjyndyryjylaryň öňüni almak zerurdyr.
