- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.2.4. Leýkoplakiýalar
Leýkoplakiýa (leucoplakia) – agyz boşlugynyň nemli bardasynyň ýa-da dodaklaryň gyzyl gaýmasynyň üznüksiz keseli bolup, epiteliýanyň ýokary derejeli buýnuzlaşmagy we hususy nemli bardanyň çişmekligi bilen häsýetlenýar.
Leýkoplakiýa diňe bir agyz boşlugynda däl-de, seýrek bolsa-da beýleki nemli bardalarda (peşew haltasynyň, jyns synalarynyň, göni içegäniň, burnuň, gyzylödegiň, bokurdagyň) duş gelýär. Çagalarda leýkoplakiýa örän seýrek ýagdaýlarda duş gelýär. Kesel köplenç orta we uly ýaşly adamlarda, özü hem has ýygy erkeklerde duş gelýär, bu bolsa çüňki, olaryň agzynyň nemli bardasyny köpsanly güýçli gyjyndyryjylaryň (çilim çekme, alkogol, mehaniki şikeslenilme) täsir etmekligi bilen bagly bolaýmakluygy mümkin zatdyr. Leýkoplakiýa fakultatiw rak öňýany hadysasydyr.
Gelip çykyş sebäbi. Leýkoplakiýanyň döremekliginde esasy rol ýerli gyjyndyryjylar (mehaniki, gyzgyna, himiki) degişlidir. Leýkoplakiýanyň döremekliginiň esasy sebäbi çilim çekmekdir, onda agzyň nemli bardasyna gyzgyn we himiki faktorlarynyň utgaşykly täsir etmekligi (ammiak we fenol birleşmeleri, nikotin, emele gelmeleri) esasy zatdyr. Leýkoplakiýanyň döremekliginde uzak wagtlap bolýan ýöne weli gowşak bolan gyjyndyryjylaryň (örän gyzgyn we ýiti iýmitiň iýilmekliginiň, güýçli alkogol içgileriniň içilmekliginiň, temmäki çeýnelmekliginiň, nas atylmaklygynyň uly ähmiýeti bardyr (nasyň düzümine kül, sönen hek, pagta ýagy ýa-da bolmasa suw girýär), metereologiki faktorlaryň (güýçli insolýasiýanyň, sowugyň, şemalyň) ýaramaz täsir etmekleri degişlidir. Mehaniki taýdan gyjyndyrmalary, dişleriň ýiti gyralary, dargan dişleriň kökleri, diş daşynyň uly möçberleri, hili pes bolan protezler, diş hatarlaryndaky kemçilikler, aýry-aýry dişleriň nädogry ýerleşişi ýüze çykarylýar. Agyz boşlugynda bolan dürli-dürli demir diş täçleriniň we petikleriň aralarynda ýüze çykýan galwaniki tok hem leýkoplakiýanyň emele gelmeginiň sebäpleriniň biri bolmagy mümkindir. Käbir adamlarda amalgamdan goýlan petigiň agyz boşlugynyň nemli bardasyna degip durýan ýerlerinde ýokary derejeli buýnuzlaşma döräp biler. Amalgam petikleri plastmassadan ýa-da bolmasa sementden bolan petikler bilen çalşylan ýagdaýlarynda giperkeratoz ýerleri tizlik bilen ýok bolup gidýärler.
Leýkoplakiýa amatsyz hünär taýdan faktorlaryň (anilin boýaglarynyň we laklarynyň, hekiň, daş kömür şepbikleriniň, fenollaryň, benzolyň käbir birleşmeleriniň, formaldegidiň, kömrüň gury taýarlanan önümleriniň, benzin buglarynyň, bromyň we başg.) täsir etmekliginiň netijesinde ýüze çykyp biler.
Leýkoplakiýanyň döremekliginde daşky gyjyndyryjylara agzyň nemli bardasynyň berdaşlylygynyň peselmeginiň hem uly ähmiýeti bardyr, munda bolsa, ilkinji nobatda ol aşgazan-içege ýolunyň ýagdaýy, stres täsirler, gipowitaminoz A, gormonal näsazlyklar, genetiki sebäpler bilen baglanşyklydyr.
Kliniki alamatlary. Leýkoplakiýanyň başlangyç alamatlary bildirmän geçýär sebäbi olaryň agyrly duýgylary bolmaýar. Adatça leýkoplakiýa daş ýüzünde buýnuzlaşma elementleri bilen, epiteliýa çalymtyk reňkli bulançak meýdançalaryň ýüze çykmaklygy bilen başlanýar. Zeperlenme ojagy üýtgemedik nemli bardanyň düzünde ýüze çykýar. Leýkoplakiýanyň ojaklarynyň ýerleşýän ýerleri–agzyň öň bölümindäki dişleriň gysylyşýan çyzygy boýunça duluklaryň nemli bardasynda, agyz burçlarynda we aşaky dodagyň gyzyl gaýmasynda bolýar, ýöne deri zeperlenmedik bolýar. Birneme seýregiräk diliň arkasynda we gapdal taraplary zeperlenýär. Çilim çekýänler üçin “Tappeýnariň çilimkeşleriniň leýkoplakiýasy” diýilip atlandyrylan kentlewigiň zeperlenmesi mahsusdyr, hem-de agzyň burçlaryndaky üçburç görnüşli giperkeratoz ýerleriniň depejigi azy dişlere bakdyrlan bolýar.
Leýkoplakiýanyň şu aşakdaky görnüşleri tapawutlandyrylýar: ýasy ýa-da ýönekeý, werrukoz we ýaraly. Bu görnüşler biri-birlerine geçip bilýärler. Şol bir näsagyň özünde agzyň nemli bardasynyň dürli-dürli ýerlerinde leýkoplakiýanyň dürli-dürli görnüşleri utgaşykly gelmekligi mümkindir. Kesel ýasy görnüşiň emele gelmekligi bilen başlanylýar.
Ýasy ýa-da ýönekeý görnüşli leýkoplakiýa (leucoplakia plana) has ýygy-ýygydan duş gelýär. Keseliň bu görnüşi hiç bir ýerli subýektiw duýgylary bermeýär we tötänden ýüze çykarylýar. Kä halatlarda näsaglarda dartylyp duran ýaly duýga, ýakyp-ýandyrylma, nemli bardanyň adaty bolmadyk reňkine bolan arzlar ýüze çykyp biler. Dilde giň göwrümli ojaklar bolan ýagdaýlarynda tagam duýyjylygyň peselmegi mümkindir. Ýasy leýkoplakiýada zeperlenmäniň esasy morfologiki elementi epiteliýanyň çürt-kesik araçäkli gyralary bolan bulançak meýdançasy hökmündäki giperkeratiki tegmildir. Barlagdan geçirilende gurşap alan meýdançalaryň nemli bardasynyň deňinden ýokary çykmaýan, ýöne weli zeperlenmäniň aýdyň bildirýän serhetleri bolan dürli-dürli göwrümli we görnüşli giperkeratozyň ojaklary ýüze çykarylýar. Ýasy leýkoplakiýanyň elementleri nemli bardanyň lýapis bilen döredilen ýanyklaryny, ýelmenen ýukajyk çilimiň kagyzjygyny ýa-da bolmasa hat-da batly gyrçalananda-da gopmaýan ak gatlagy ýada salýar. Buýnuzlaşma hadysasy dürli-dürli depginlikde bolýar; şol sebäpli hem zeperlenen ýerleriň reňki aksolgyn-çalymtyldan, ýiti ak reňkler aralygynda üýtgäp durýar. Ýasy leýkoplakiýanyň ýokary ýüzi, üsti az-owlak büdür-südürräk bolýar we gurydyr. Zeperlenen ojagyň düýbiniň dykyzlanmagy bolmaýar, edil şonuň ýaly-da onuň daştöweregi boýunça görnüp duran çişme hadysasy hem ýokdur.
Buýnuzlaşan ýeriň göwrimi onuň ýerleşýan ýeri, görnüşi, reňki bilen göni arabaglanşygy bardyr. Agyz burçynyň sebtindäki nemli bardanyň giperkeratozy 85%-ýagdaýda zeperlenmäniň simmetrikligi bellenilýär. Zeperlenen ojak üç burçlyk görnüşde bolup, onuň dübi agzyň burçyna, a yjy azy dişleriň yzky giňişligine tarap ugrukdyrlan bolýar. Leýkoplakiýa ojagy dişleriň gysylma çyzygy boýunça dulugyň nemli bardasynda ýerleşen ýagdaýlarynda zeperlenilme elementleri süýndirilen çyzyga meňzeş bolup, üznüksiz-yzygider bolup belli bir meýdançany zeperlap bilýär. Dodaklaryň gyzyl gaýmasyndaky leýkoplakiýa çalymtyk-ak reňkli çilim kagyzjygyň ýelmenen zolajygynyň görnüşine eýe bolýar (11.5-nji surat). Diliň, gaty kentlewigiň, agyz boşlugynyň düýbiniň nemli bardasynda zeperlenmäniň çäklendirilen meýdançasy emele gelýär, kähalatlar giň zolaklary ýadasalýan görnüşi bolýar. Zeperlenmäniň has giňişleýin ojaklary-da bellenýär.
Nemli bardanyň düzligi, onuň dykyzlygy-da zeperlenen ojagyň daşky görnüşinde bildirýär. Mysal üçin, eger leýkoplakiýa gasyn-gasyn diliň esasynda dörän bolsa, ýokaryk çykýan ýerleri güýçli buýnuzlaşýarlar we diliň daş ýüzi uly daşlar düşelen köprini ýada salýar. Soňra meňzeş şekili alamatlary duluklarda turgoryň peselmekliginde we gasyn-gasynlygynda hem görmek bolýar. Eger-de dilde aýdyň bildirýän gasyn-gasynlylyk ýok bolsa, ýasy leýkoplakiýa çalymtyk-agyrak, çalarak çökýän tegmil görnüşinde bildirýär.
Amatly şertlerde ýasy leýkoplakiýa hiç hili biýnjalyklygy bildirmän, ýyllar, onýyllar dowamynda agyrlaşman we keseliň has aýdyň bildirýan görnüşlerine öwrülmän bolup biler.
Tappeýneriň çilimkeşler leýkoplakiýasy (leuplaсia nikotinika Tappeiner, gaňşyrawyk nikotin leýkokeratozy) güýçli çilimkeşlerde ýüze çykýar (aýratynda müşdükden, çybykdan peýdalanýanlarda). Köplenç gaty gaňşyrawyk we oňa birikýän ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasy zeperlenýär. Kähalatlarda bolsa diş etiniň gyrasynda-da peýda bolýar.
Zeperlenme sebitlerindäki nemli barda çalyrak-ak reňkli, köplenç gasyn-gasynly bolýar. Şu ýagdaýyň görnüşinde köplenç gaty kentlewigiň yzky böleginde gyzyl nokatlar owynjak düwünçekleriň görnüşine eýe bolan kista görnüşli sülekeý mäzleriniň giňelen suwklyk çykaryjy akabalarynyň açylyp duran agyzlary görünýär (11.6-nji surat).
11.5-nji surat. Ýasy leýkoplakiýa aýdyň araçägi bolan aşaky dodakdaky
giperkeratozyň ojagy.
11.6-nji surat Tappeýneriň leýkoplakiýasy.
