Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.

Äň-ýüz sebtiniň täze dömmeleri bejerilende şu aşakdaky şöhle bejergi usullary ulanylýär: aradaşlykly, gysga fokusly we dokuma – içereli. Munda şöhlelenme boşlugyna zeperlenen dokumalardan başga-da kadaly dokumalary şol sanda hem agyzyň nemli bardasy bilen hem düşmekligi mümkindir. Onuň şöhlelenmeklige bolan jogap berijilik derejesi, giňişleýin çäklerde üýtgäp durýar we düşýän paýyň kuwwatlylygyna, birgezeklik we jemlenip düşen şöhle mukdary, şöhlelenmekligiň dowamlylygyna, bedeniň biologiki aýratynlyklaryna, hem-de şöhlelenmeklige çenli bolan, agyz boşlugynyň ýagdaýyna bagly bolýar.

Kliniki alamaty. Şöhlelenmeklige bolan nemli bardanyň jogap berijiligi kem-kemden ösýär – gyzarmadan we çişginlilikden ýüzleý-ýaralaryň ýüze çykmaklygyna çenli ösyär. Şeýle jogap berijilikler nemli bardanyň dürli-dürli meýdançasynda özüniň aýratynlyklaryna eýe bolýarlar. Nemli bardadaky ilkinji kliniki alamatlary epiteliýada buýnuzlaşma gatlagy bolmadyk (dulyklar, agyz boşlugynyň düýbi, ýumşak gaňşylawyk) ýeňiljek gyzarma we çişginlik arkaly ýüze çykýarlar, olar şöhle möçberi köp düşdigiçe kem-kemden güýçlenýär. Ondan soňra nemli bardaň reňki bulançaklanýär, ýalpyl­dawuklygyny ýitirýär, dykyzlaşýär, gasyn-gasynlyk ýüze çykýar, ýüzüni sypyrmaga synanşylanda ýuzleý gatlak gopmaýar. Bu epiteliýanyň güýçlendirilen buýnuzlaşmaklygy zerarly bolup geçýär. Käbir zeperlenen ýerler leýkoplakiýanyň ýa-da gyrmyzy ýasy demrewi ýada salýarlar. Eger şöhleleriň mukdary köp düşýän bolsa, onda buýnuzlaşýan epiteliýanyň käbir ýerleri ilkibaşda gopýar, soňra eroziýalar ýüze çykýärlar, ol ýelmeşen çüýrän kesmek bilen örtülen – ojakly ýuka perdeli radiomukozit emele gelýär, ondan soňra giň göwrümli meýdançaň epiteliýasy gopýar, eroziýalar biri-birleri bilen goşulýarlar we ojakly radiomukozit ýuka perdeli radiomukozide öwrülýär. (11.4-nji surat). Ýumşak kentlewigiň nemli bardasy ýokary derejeli radioduýujylyga eýedir, şöhle täsir eden halatynda onuň buýnuzlaşma tapgyry bolmaýar, agyz boşlugynyň beýleki bölümlerine garanyňda, jogap berijilik hadysasy çaltlyk bilen ösýär. Kadada buýnuzlaşmaklyga duçar edilýän nemli bardanyň meýdançasynda, şöhlä jogap berijiligi has amatly bolup geçýär we diňe epiteliýanyň ojakly gopmagyna (deskwamassiýasyna) ýa-da bolmasa ýeketäk ýüzleý ýaralaryň döremegine alyp barýar.

Geçişi: Agzyň nemli bardasynda keselçilik hadysanyň bolup geçişi, sülekeý mäzleriniň zeperlenmekligi bilen (şöhlelendirmekligiň aradaşlykly usulyndan peýdalanylanda) gaýra-üzülýär. Ilki başda sülekeýiň örän köp bölünip çykmagy (3-5 günde) bellenilip bilner, ol bolsa soňra gurplandyryjy bejergä başartmaýan, agyz boşlugynyň guramaklygyna geçýär, hatda tä düybinden doly sülekeýiň bolmazlygyna (kserostomiýa) öwrülýär.

11.4-nji surat. Ýaýraň görnüşdäki ýüka perdejikli radiomukozit. Aýdyň görünýan gyzarmanyň esasynda diliň gapdal üstünde uly göwrümli ýara, ol çürän kesmek bilen örtülen.

Diliň tagam alyjy emzijekleriniň gyrylmaklygy netijesinde tagam bilinmekliginiň näsaz­laş­ma­gy yüze çykyar. Ilki başda dildäki duýujylyk, glossalgiýa hökmünde ýüze çykmaklygy mümkindir, ondan soňra tagamyň ýakymsyz duýulmaklygy, soňra-da onuň ýitirilmekligi bellenilýär.

Agyz boşlugyndaky şöhle üýtgeşmeleri, belli bir derejede yzyna gaýdyp bilýär. Şöhlelendir­mäniň tamamlanmagyndan soňra ýa-da bolmasa arakesme döwründe, nemli barda örän çalt ugyr­daş­lyk kadalaşma gaýdyp gelýär. Bu döwür 2-3 hepdä çekýär. Şöhle uly möçberde (50-60 Gr, ýa-da 5000-6000 rad-dan köp bolsa) siňen, täsir eden bolsa, onda sülekeý mäzlerinde we nemli bardada yzyna gaýtmaýan üýtgeşmeler ýüze çykyp biler (çiş, gyzarma, gandamar-ýarylmasy, atrofiýa, şöhle ýarasy).

Şöhle bejergisi agyz boşlugynyň saplanmasyndan soň geçirilmelidir, çuňki saplanmadyk agyz boşlugynda şöhläniň täsir etmeklerine bolan jogap berijilikler has agyr bolup geçýärler.

Trofiki näsazlyklar zerarly mehaniki şikeslenmä we ýokanç kesellere bolan nemli bardanyň duýgurlygy çürt-kesik peselýär. Doly derejede bolmadyk epitelial örtükli, çişginli nemli barda, dişleriň we protezleriň ýiti gyralary bilen ýeňil zeperlenilýär, ol bolsa uzak wagytlap bitmeýän, ýiti agyryly ýaralaryň döremekligine alyp barmaklygy mümkindir.

Bejergisi. Şöhle bejergisi üçin agyz boşlugynyň taýýar edilmekligi, bejergi döwürde we onuň gaýraüzülmeleriniň öňüni alynmakda şöhle jogap berijiliginiň gowşadylmagy üçin zerur bolýar. Agyz boşlugyndaky bejergi çäreleri şu aşakdaky yzygiderlilikde geçirilmelidir:

Agyrysyzlandyrma esasynda periodontitli ähli kökler we dişler hem-de has yrgyldaýan dişler şöhle bejergisinde 3-5 gün öňürti aýrylmalydyr. Diş sogyrmaklyk az şikesli bolmalydyr, has çalt bitmeklik üçin ýaranyň ýüzi dikilýär.

Ýokarky we aşaky diş eti asty we üsti daşlaryň aýrylmagy, diş eti we parodontal jübileriň gyrçalmaklygy zerurdyr.

Kariýesli dişleriň bejerilmekligi, polat protezleriň we amalgama petikleriň aýrylmak­lygy, ikilenji şöhlelenmäniň aradan aýrylmaklygy üçin geçirilýär şol maksat bilen diş hatarlaryna şöhlelendirilme döwründe galyňlygy 2-3 mm bolan rezinden ýa-da bolmasa plastmassadan ýasalan kapplary goýup bolar (ikinji derejeli şöhle bejergisiniň geçirilme pursatynda elektronlaryň geçiş ýolunyň uzynlygy 1-2 mm-den ýokary ýetmeýär).

Kappanyň ýerine öňünden wazelin ýagyny ýa-da bolmasa nowakaine batyrlan pamyk ýa-da hasa letdejigi ulanylyp bilner.

Nemli bardanyň jogap berijiligini azaltmak üçin şöhlelendirmegiň öň ýanynda agyz boşlugyny natriý hloridiniň izotoniki ergininde adrinalin bar bolan suwklyk (2:100) bilen ýygy-ýygydan çaýkamaklygy ýa-da deri astyna adrenaliniň sanjylmaklygy, nemli bardanyň, 5%-li dieton melhemi bilen päkizelenip bejerilmekligi maslahat berilýär.

Şöhle bejergi hadysasynda çilim çekmeklik, alkogolly içgiler, diş protez­leriniň göterilmegi gadagan edilýär. Iýmit owradylan, gyjyndyrmaýan, ýokary kaloriýaly we witaminleşdirilen bolmalydyr. Şöhle jogap berijiliginiň ilkinji alamatlarynda agyz boşlugyny gaýnadylan ýyly suw, kaliniň permenganatynyň ergini (1:5000) bilen çaýkamaklygy maslahat berilýär. Agyz boşlugy, aýratynda dişler we dişeti emzijekler günde 4-5 gezek antiseptikleriň gowşak erginlerine (0.5%-li perekis wodorodyň ergini, furassiliniň erginleri 1:5000, hloraminiň 0.25%-li ergini bor turşusynyň 2%-li ergini bilen) batyrlan pamyk letdejikleri bilen päkizelenip bejerilýär, dimeksidiň 10% -ergini, “Lieksazol” aýrazoly bilen ýapgy edilýär.

Şöhlä jogap berijiligiň beterleşmesinde agyz boşlugy we diş eti jübiler şprisiň kömegi bilen gowşak antiseptikleriň erginleri bilen ýuwulýar, nemli barda erik ýa-da beýleki bir ösümlik ýagyndan bolan sitralyň 1%-li ergini çalynýar; itburnyň, oblepihanyň ýagy, “Lewosin” metilurassil, olazol, melhemleri, dibunolyň linimeti bilen ýapgylar edilýär.

Ýerli agyrsyzlandyrma üçin trimekainiň, lidokainiň 1-2%-li erginleri, ýa-da anesteziniň 10%-li ýag ergini ulanylýar.

Parodontal jübilerinde hirurgiki bejergisine görkezme berilmeýär, şol sanda dişleriň sogryl­mak­lygy, paradontal jübüjikleriniň gyrçalmagy-da. Birnäçe aýyň dowamynda ýa-da 1-ýyl geçýänçä olardan saklanmalydyr. Nemli bardanyň ugurlaýyn kadalaşmaklygy 1-2.5 aýdan soňra bolup geçýär.

Şöhle ýaralarda umumy bejergiden (witamin bejergisinden) başga, ýerli bejergi geçirmek zerur bol­ýar. Agyrsyzlandyrma esasynda günde agyz boşlugyny we şöhle ýarasyny yhlasly antiseptiki der­manlar bilen bejergi geçirilýär. Çürän dokumalar proteolitik fermentler (lizoamidazanyň, roni­da­za­nyň, DNKazanyň we başg.) erginleriniň kömegi bilen aýrylýarlar. Uzak wagtyň dowamynda bel­li bir üstünlik bilen (1,5-2 aýa çenli) ýaranyň üstüne melhemler (“Jruksol”, “Lewosin”, “Propolis”, “Solkoseril”, “Aktowegin” we başg.) witaminleşdirlen ýaglar (oblepihanyň, itburunyň), galab­kor­biniň ýapgylary geçirilýär.

Uzak wagytlap bitmeýän şöhle ýaralaryň konserwatiw bejergisine başartmaýan halatlarynda, sagdyn dokumalaryň çägine çenli kesilip aýrylýa yzyndan plastiki bejergi edilýär. Hirurgiki bejergi usuly haçanda, ýerli şöhlelenme (gysgafokusly rentgen bejergisinde, dokuma içi gamma-bejer­gide) bolan ýagdaýynda geçirilýär. Şöhle bejergisiniň aradaşlykly bejergisinde hirurgiki bejer­gisi­niň netijeliligi pes bolýar.

Gerek bolan ýagdaýlarda dişleriň şöhle zeperlenmegini we şöhle osteomieliti bejermeklik zerurdyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]