- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
Ýiti zeperlenmeler nemli bardanyň gyzgyn suw, bug, ot bilen (termiki şikeslenilme), elektrik togy bilen, ionizirleýji şöhläniň gysga wagtlaýyn täsir etmekligi bilen ýüze çykýarlar. Özüniň batlylygy çaltlyk bilen gyzgyn bug ýa-da suw bilen bolan ýanyklar ilki başda ýiti agyrylar, nemli bardanyň tozonlanylma meňzeş bolan büdür-südürliliginiň duýgysy ýüze çykýar. Ýiti kataral stomatiti emele gelýär. Agzyň nemli bardasynyň epiteliýasy bölekleýin ýa-da bütünleýin sürtülýär; güýçli ýanykdan soňra gatlaklaýyň bitişmeler bilen tozgalanýar ýa-da düwçejikler emele gelýär, olar bolsa tizlik bilen ýarylýarlar, olaryň aşagynda bolsa eroziýalar ýa-da bolmasa ýüzleý ýaralar ýüze çykýarlar.
Bejergisi. Edil özboluşly bolmadyk ýiti çişme hadysadaky ýaly geçirilýär.
Keseliň önüniň alnyşy. Şeýle zeperlenmeleriň öňüniň alynmaklygy sanitariýa-wagyznama işleriň geçirilmekligine, tehniki howpsuzlyk boýunça düzgünnamalaryň berjaý edilmekligi arkaly ýerine ýetirilýär.
11.2.3.1. Galwanizm.
Agyz boşlugyndaky galwaniki tok onda dürli-dürli metallaryň (protezleriň, petikleriň) barlygynda köpelýär. Dürli-dürli metallaryň we mikrotoklaryň uly möçberligi elmydama patologiki üýtgeşmeleri ýüze çykaryp hem durmaýar, ýöne weli käbir şahyslarda hatda o diýen bir uly bolmadyk möçberde bolan toklary ýüze çykarmaklyga ukyply bolýar. Agyz boşlugyndaky mikrotoklaryň 10 mkA çenli bolan möçberleri şertli kada diýlip hasap edilýär. Protezleriň nädogry taýýar edilenligi üçin emele gelýän çenden aşa sepleriň (kada bilen deňeşdirlende) döremekligi olaryň artmaklygyna alyp barýar. Has uly göwrümli mikrotogy şu aşakdaky abzallar arkaly döreýär: altyn-amalgam, polat-aşa sep, amalgam-aşa sep we amalgam-polat utgaşmalarynda.
Agzyň nemli bardasynda çişme hadysanyň, aýratynda leýkoplakiýa we gyrmyzy ýasy demrewiň şeýle hem öň bar bolan patologiki hadysanyň döremeginde, galwaniki toga belli bir derejede orun berilýär. Leýkoplakiýaly we gyrmyzy ýasy demrewli näsaglaryň köpüsinde hadysanyň peselip aýrylmagy ýa-da keseliň şowly geçmegi protezleriň başga bir proteza çalşylmagy netijesinde bolup geçýär, hemde mikrotoklaryň göwrümleriniň peselmegine getirýär. Haýyrly netijesi 1-4 aý geçenden soň bildirip başlaýar. Şeýle hem agzyň nemli bardasynyň simaba, kümüşe we başga serişdelere ýokary duýgurlygynyň bolup biljekdigini unytmak bolmaz.
Kä bir näsaglarda galwaniki tok ýaramaz duýgy döredýär ýagny diliniň awyşamagy ýa-da nemli bardanyň başga ýerlerinde uly bolmadyk görünýän ýerli üýtgeşmeler. Näsaglaryň arz-şikaýatlarynyň ýüze çykmaklygynyň wagty, protezleriň ýa-da demir petikleriň goýulan wagtyna gabat gelýär. Agyz boşlugynda galwaniki tok 10 mkA ýokary geçýär. Bu ýagdaýlarda amalgama petigi sement ýa-da plastmassa çalşylmagy, polatdan protezleri aýyrmaklyk işleri bejerilmäge ýardam berýärler.
11.2.3.2. Şöhle keseli
Şöhle keseli (morbus radialis) bütin bedene ýa-da bolmasa onuň iri bölümlerine: gursaga, garna çanaklyk sebitine ionizirleýji şöhläniň täsir etmekligi netijesinde ýüze çykýar.
Şöhle zeperlenmesi ionizirleýji şöhleleriň islendik görnüşiniň rentgen şöhleleriniň, gamma-şöhleleriniň, neýtron toplymlarynyň täsirleri astynda ýüze çykyp bilerler. Şöhlelendirlen dokumalarda gan damarlarynyň diwarjyklarynyň morfologiki gurluşy üýtgeýär, birleşdiriji dokumanyň goraýyş işi peselýär, bitiriji ukyby basylyp ýatyrylýar. Şöhle keseliniň ýiti we üznüksiz görnüşlerini tapawutlandyrmak bolar.
Ýiti şöhle keseli (morbus radialis acutus) bedeniň bir gezeklik örän uly mukdarlarda (2-10 Gr, ýa-da bolmasa 100-1000 rad), şöhlelenmeginden soňra döreýär. Şöhlelenmekden soňra ilkinji döwür-ilkinji täsir etmeler döwüri-şöhlelenmekden soňra tiz ýüze çykýar (1-2 sagatdan soňra) we 2 gije-gündize çenli dowam edýär, agyz boşlugynda gurakçylyk (ýa-da bolmasa sülekeý azalmagy) ýüze çykýar. Agzyň we dodaklaryň nemli bardasy ýellenen, gyzaran alamatlary, nokat-nokat gan öýmeler ýüze çykyp bilýärler. Ikinji, gizlin döwürde (birnüçe sagatlardan, 2 hepdä çenli dowam edýär) ähli bu hadysalar aýrylýarlar. Kliniki alamatlaryň möwjeme döwri (üçünji döwür)-keseliň möwjemekligidir. Umumy ýagdaýyň çürt-kesik erbetleşmekliginiň esasynda agyz boşlugyndaky üýtgeşikler ýokary derejä çenli baryp ýetýärler. Ýakyjyly duýgysy ýüze çykýar, nemli bardanyň reňki öçüksi bolýar we guraýar. Şöhle stomatitiň şekili döreýär.
Gan damarlarynyň we ganyň bu döwürdäki üýtgemeleri gemoragiki diateziň hadysalary arkaly şertlendirilýär: ýokarlandyrylan ganjarmaklygy we gan öýmeleri. Dokumalaryň garşylyk görkezijiliginiň çürtkesik peselmekligine güýçli ösýän auto ýokanç keselçilik birikýär aýratynda çüýremeklikler. Şeýlelik bilen, şöhle stomatitiniň kliniki şekili esasan gemorragiki alamatlar toplumyndan we çüýreýän-ýaraly hadysalardan ybarat bolýar. Olardan soňkysy şikeslenme ýerlerinde (sallanýan petikleriň, diş jübileriniň sebitlerinde) has aýdyň bildirýär we kesel mikroblaryň ýygnanmaklygy bilen ýerlerde, ýagny ilki başda diş etiniň gyrasy we badamjagazlar, soňra bolsa diliň, kentlewigiň gapdal ýüzleri gyzaryp çişyär we ejir çekýärler. Nemli barda metal protezleriň we petikleriň degip durýan ýerlerinde-ikilenji şöhlelenme sebäpli ol has aýdyň bildirip biler. Dodaklaryň, agzyň we ýüzüň nemli bardasy çişýär. Diş-eti emzijekleri ezilýärler, ganjarýarlar, ondan soňra bolsa dişetindäki gyralary çüýreýär. Alweolýar ösüntginiň çuň dokumasy sorulýar, dişler yrgyldaýarlar we gaçýarlar. Nemli bardanyň köpsanly çüýremekliginiň ara çäkleri aýdyň bildirmeýär, gurşap alan dokumalaryň çişgin jogap berijiligi gowşak bildirýär. Ýaranyň düýbi hapa-çal gatlak bilen örtülýär we ýakymsyz ys bolýar. Agyr ýagdaýlarda çüýreme hadysa nemli bardadan aşaky ýatan ýumşak dokuma ýaýraýar, äňleriň bu ýagdaýda döwülmekligi-de mümkindir. Muňa bolsa üznüksiz parodontitiň we periodontitiň ojaklaryndan ýokanç mikroblaryň ýaýramakly-gyna ýardam edýär.
Dil çişýär, birgiden kesmekler bilen örtülýär, jaýryklar ýüze çykýar, ganöýmeler we çüýreme köplenç diliň köküniň sebtinde emele gelýärler. Diliň tagam duýujylygy ýitýär. Agyr derejeli çüýreýä nanginalar döreýärler. Eger-de näsag ölümçilige sezewar bolmasa, onda keseliň dördünji döeri emele gelýär sagalma, onda bolsa haçanda keseliň alamatlarynyň haýallyk bilen tersine yza gaýtmaklygy bellenilýär. Agyz boşlugynda-da ähli hadysalar, degişli ugurlaýyn kadalaşýarlar. Bu keseliň gaýtalanmalary bolup biler.
Üznüksiz şöhle keseli (morbus radialis chronicus) şöhleleriň az möçberde uzak wagtlaýyn bütin bedene ýa-da onuň ep-esli bölegine täsir etmekliginde döreýär. Agyz boşlugy ionizirleýji şöhläniň täsirine duýgur bolýar, şol sebäpli-de keseliň agyz boşlugyndaky üýtgemeler aýratyn bir aýdyň bildirýar. Sülekeý mäzleriniň zeperlenendigi zerarly kem-kemden guraklyk artýar. Durnukly kataral gingiwit ýüze çykýar, ol bolsa gelejekde ýaraly gingiwite geçip biler. Ýüzleý ýaralar soňra bolsa çuňňur ýaralar alyn tarapyndan geçiş gasynlarda ýüze çykyp bilýärler, soň bolsa diş etini we dodaklary hem eýeleýärler. Glossalgiýanyň ýüze çykmaklygy mümkindir, soňra bolsa diliň çişginligi jaýryklanmasy bilen döreýän glossitiň ýüzüniň kesmek örtmekligine alyp barmaklygy mümkindir. Üznüksiz şöhle keseliniň uzak wagytlap bolup geçmekligi, düzgün boýunça, parodontit bilen meňzeş alamaty bolan şöhle parodontiti diýilip atlandyrylýana alyp barmaklygy mümkindir.
Bejerlişi. Şöhle zeperlenmelerinde umumy, hem-de ýerli bejergi geçirilýär. Bejergi çäreleriniň möçberi keseliň derejesine we tapgyryna, zeperlenmeleriň göniden-göni ýerleşýän ýerine, dürli-dürli synalaryň we ulgamlaryň ýagdaýyna bagly bolýar. Umumy bejeriş çäreler, radiohimiki duýgyrlygy haýallaýan serişdeleri – radioprotektorlary (sistamin, batilol we ş.m., olar bolsa şöhlelendirmeden öň goýberilen bolmalydyr), bedeniň radio-duýujylygyny peseldýän serişdeleri, kortikosterod serişdelerini, antigistamin dermanlary (suprastin, tawegil, fenkarol), antibakterial dermanlary (giň göwrümli täsir ediji antibiotikleriň) ulanylmaklygyny öz içine alýar.
Şeýle hem gan ulgamynyň funksiýasyny dikeldiji maddalar ulanylýar. Olardan witaminler (B6 we B12 witaminler, foliýew turşusy, natriniň nukleanti pentoksil, koamid) gemorragiki datez hadysasynyň öňüni alýan ýa-da duýdurýan (rutin, wikasol, kalsi glýuko-naty), poliwitaminler hem ulanylýar, gemotranfuziýa hem geçirilýär.
