Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.2.2. Himiki zeperlenme.

Himiki zeperlenme (trauma chymicum) ýiti şeýle hem üznüksiz görnüşde bolup bilýär. Ýiti zeperlenmeler nemli barda güýçli zeperlendiriji himiki maddalaryň düşmekligi netijesinde ýüze çykýarlar. Bu bolsa köplenç durmuşdaky tötänleýin şikeslenmede, ýa-da bolmasa öz-özüni heläk etmeklige bolan synanşyklarda bolup biler, şeýle hadysa stomatologlaryň kabul edişliginde hem mümkindir. Soňky döwürde stomatologlar köpsanly himiki ýakyjy maddalardan ýüz öwürdiler, ýöne weli amaly iş ýüzünde häzire çenli hem seresaplyk bilen ulanmaklygy talap edýän käbir güýçli täsir ediji maddalar saklanyp galýarlar. Agzyň nemli bardasynyň ýanmaklygy, turşular, esasan aşgarlar bilen gatyşyk bolanlarda, myşýakly pastadan, formalinden, kümşiň nitratyndan, formalin-rezorsin garyndylaryndan peýdalanylanda, ýeterlik derejede polimerizasiýa geçirilmedik plastmas-salardan taýarlanan protezleriň göterilmekliginde ýüze çykmaklygy mümkindir.

Ýokary konsentrassiýaly himiki maddalaryň düşmekliginde ýüze çykýan ýanyklaryň we aller­giýaly täsir etmeleriň, mysal üçin, plastmassalara, amalgama, az mukdarda bolan himiki mad­da­lara bolan reaksiýalardan tapawutlandyrmaklygy zerur bolýar. Ýanyklar we allergiki reaksiýalar utgaşyp bilerler. Kähalatlarda näsaglar diş agyrsyndan özleri dynjak bolup dişe, ugurdaş nemli bardada spirtli assetilsalissil turşysyny we beýleki maddalary goýýarlar, ol bolsa ýanyklaryň emele gelmekligine alyp barýar.

Kliniki alamatlary. Ýiti zeperlenmedäki ýiti agyry, düzgün boluşy ýaly, birden ýüze çykýar we himiki maddalaryň düşen ýerlerinde ýerleşýär. Kliniki alamatlar, zeperleýji maddanyň täsir eden wagtyna, häsiýetine we mukdaryna bagly bolýar.

Turşularyň täsiri bilen dörän ýanyklar, nemli bardada kogulýasion çüýremekligi–dykyz gatlagy ýüze çykarýar, olaryň reňki goňur (kükürt turşysyndan), saryý (azot turşusyndan) ýa-da ak-çal (beýleki turşulardan) bolýar. Gatlaklar gowy bildirýan ýellenmeli çişginiň we gyzarmanyň esasynda (düzünde) we astyndaky dokumalar bilen berk birleşip ýerleşýärler.

Aşgardan dörän ýanyklar dübi bilen nemli bardaň toplumlaýyn çüýremegine getirýär, bu ýagdaýda dykyz perde döremeýär, çürän dokumanyň mylkyk, sülük ýaly goýylygy bolýar. Turşulardan dörän ýangyn bilen deňeşdirlende oňa görä zeperlenme çuňrak bolýar. Aşgar bilen dörän ýanyklardaky çüýremeler ýumşak dokumanyň ähli gatlagyny eýeleýär, esasan hem dişetinde we gaty gaňşyrowykda. Esasan giň göwrümli ýanyklar, näsaglara örän agyr ejir çekdirýär. Çüýrän dokumalaryň gopyp aýyrlanyndan, birnäçe gün geçenden soň, haýal bitýan, ýüzleý ýa-da çuň ýaralaryň üsti açylýar. Aşgarlardan dörän ýanyklaryň ýeňil görnüşinde diňe kataral çişme hadysasyny döredip bilýär.

Bejerlişi. Agzyň nemli bardasyna himiki madda düşenden soň, hökman şol wagyt ba­hym düýp-teýkary bilen ony aýyrmalydyr. Egerde şeýle ýangyn lukmanyň edil gözüniň öňün­de bolup geçse, onda haýal etmän agyz boşlugyny ýuwmakdan başlamalydyr (çaýka­mak, arassalamak) maddany zyýansyzlandyrýan gowşagrak ergin bilen başlamalydyr. Eger­de ol ergin lukmanda elýeterde bolmasa, onda arassa suw bilen ýuwmaly, ondan soň çaltyrak gerek bolan moçberde zyýansyzlandyryjy ergin suwklygy taýarlanylýar. Turşulardan dörän ýanyklarda sabynly suw ulanylýar, 1%-hekli suw, ýakylan magneziýa suw bilen; 0.1%-naşatyr spirdiniň suwklygy (1-stakan suwa 15-damja). Aşgarly 0.5%-li limon, uksus turşysy bilen zyýansyzlandyrylýar (1-stakan suwa ¼ çaý çemçe turşysy goşulýar), 0.1%-hlorly­wo­dorod turşysynyň suwklygy (stakan suwa 10 damja). Şeýlelik bilen himiki maddanyň uzagyndan dokumanyň çuň ýerlerine aralaşmagynyň öňüni alýar.

Kümüşiň nitratynyň goýylaşdyrylan ergininiň sorulmaklygyny azaltmaklyk üçin natri hlori­di­niň 2-3%-li erginini ýa-da bolmasa Lýugolyň erginini ulanylmak zerur bolýar, mundan bolsa küm­şiň eremeýän birleşmesi emele gelýär. Fenol bilen bolan ýanykda nemli barda 50%-li etil spirti ýa-da bol­masa kostor ýagy bilen päkizelenýär. Himiki ýanykly näsaglaryň mundan beýläk bolan bejer­gisi umu­my özboluşly bolmadyk ýiti çişme hadysa­synyň bejergisi hökmünde alnyp barylýar: agyry­syz­landyryjy serişdeler (1%-li timekainiň ergini, geksametilen tetramin,1-2%-li lidokainiň ergini we ş.m. bilen), agyz ýuwulma­lary­nyň we çaýkamaklygynyň görnüşindäki gowşak antiseptiki seriş­deleriň er­gini, ýara bitirmäni çaltlandyrýan dermanlaryny (erik ýagynda bolan sitralyň 1%-li ergini, A we E wi­taminleri, aewit, itburun ýagy, oblepihanyň ýagy we baş.) ulanylýar. Ýokary kaloriýaly, gyjyndyr­ma­ýan, owradylan iýmiti maslahat berilýär, sowuk (buzgaýmak), içmek üçin witaminler berilýärler.

Giň göwrümli bertiklerde hirurgiki bejergiler görkezilendir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]