- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
Üznüksiz mehaniki zeperlenme (trauma mehanicum chronikum) has ýygy-ýygydan duş gelýär. Dişleriň ýiti gyralary, köpri görnüşli we aýrylyp goýulýan protezler, diş daşlary, ýaramaz endikler (nemli bardany dişlemeklik) we başga zeperlendiriji sebäpler bolup durýar. Keseliň kliniki alamatlary we hadysanyň geçişi köplenç, zeperlenilmäniň ýerleşme ýerine (nemasty esasyň barlygy ýa-da ýoklugy), näsagyň ýaşyna, ikilenç ýokuşan zäherlenmä, gyjyndyrjy sebäbiň güýjine bagly bolýar. Üznüksiz gyjyndyryjy sebäpleriň täsiri bilen nemli bardanyň zeperlenmeleri gartaşan adamlarda has ýygy-ýygydan duş gelýärler. Muňa bolsa nemli bardanyň turgarynyň peselmekligi, dişleriň gaty dokumasynyň ýülmenilmekligi zerarly, dişleriň gysylşmasynyň beýikliginiň peselmekligi, ýitirilmekligi we ýerlerini üýtgetmekligi ýardam edýär.
Üznüksiz mehaniki zeperlenmede nemli bardanyň üýtgeşmeleri uzak wagtyň dowa-mynda näsagy bi rahat etmeýär, ýöne weli kä halatlarda binjalyksyzlyk diskomfortlylyk duýgusy, az-kem agyry, çişmeklik ýüze çykýär. Nemli barda gözden geçirilende kataral çişme, gyzarma onuň bütewiliginiň bozulmaklygy ýaralar, başlar, diş eti emzijekleriň proliferatiw üýtgeşmeleri (diş eti emzijekleriň we diş eti gyrasynyň), papillamatoz görnüşli dil emzijekleriniň gipertrofiýasy, ýokarlandyrylan buýnuzlaşma (leýkoplakiýa) ýuze çykarylyp bilner. Şeýle üýtgeşmeler biri-birleri bilen bilelikde duş gelip bilerler. Mehaniki şikeslenilme bilen şol bir wagtyň özünde nemli barda agyz boşlugynyň mikrofloralary täsir etmekliginede duçar bolýar, bu bolsa keseliň kliniki görnüşinde bildirýär.
Ýönekeý kataral çişme. Üznüksiz şikeslenmede has ýygy-ýygydan duş gelýär, özi hem gyzaran çişginli ýüze çykýär. Şeýle üýtgeşmeleriň ýüze çykýan alamatlary täsir edýan gyjyndryjylaryň güýjine we dowamlylygyna bagly bolyar. Şeýlelik bilen hadysa aýdyň görünýan bölünip çykýan suwklykly bolýar (ilki başda bölünip çykýan serozly suwuklyk soňra iriňli bolup biler).
Agyz boşlugynyň nemli bardasyny gyjyndyryp we zeperlendirip ýüze çykaryp biläýjek sebäpler bolan–protezlere, aýratyn üns bermek zerurdyr. Olar elmydama gyjyndyryjylar bolup durýär. Aýrylyp goýulýan protez, nemli barda çeýneýji basyş güýji geçirýär hem-de agyz boşlugynyň öz-özünden arassalanylma hadysasyny peseldýär, ol bolsa mikroblaryň dürli-dürli görnüşleriniň arasyndaky kesgitlenen deňagramlylygyň näsazlaşmaklygyna alyp barýar we nemli bardanyň reseptlaryň analizatorynyň işjeňligini näsazlaşdyrýär. Nemli bardanyň protez astynda çişme hadysanyň ýüze çykmaklygy dişe bir sebäbiň täsir etmekligi bilen dälde, birnäçe sebäpleriň (şikeslenmeli, allergiki, ýokanç keselli) täsir etmekligi bilen baglydyr.
Emeli äň proteziniň täsir etmeginde, nemli bardanyň çişmesi: nokat-nokat gyzaran görnüşinde ojaklaýyn ýa-da bolmasa ullakan gyzaran menekler görnüşinde bolup, ol köplenç protez meýdançasynyň ähli yerini eýeläp bilýär.
Çişen we ýellenen nemli bardanyň esasynda nokat-nokat gan öýmeler, ýaralar, hem-de nemli bardanyň, onuň däne-däneliligi we bölejikliligi gornüşindäki giperplaziýasy ýüze çykyp biler. Nemli bardanyň üýtgeşmeleri aýrylmayan emeli protezlerden peýdalanylýan halatynda-da ýüze çykyp biler. Hatda iň gowy ýasalan emeli diş täjiniň hem gyralary kentlewük jübijiklerine batyp, kentlewük nemli bardasynyň ýagdaýyny bozup bilýär. Ondan başgada agyz boşlugynyň oz-ozunden arassalanyş ukyby kynlaşýar, iýmit galyndylary saklanmak üçin şert döreýär.
Kataral çişmäniň geçişi ýiti ýa-da üznüksiz bolup biler. Ýiti çişme 7-14 güne çenli dowam edýar gyjyndyryjylar aradan aýrylanda tiz gutylyp geçýär. Iriňli suwklykly bolan ýagdaýynda nemli bardanyň ýuzleý dargamagy we ýaranyň döremegi bolýär. Gyjyndyrjylaryň aradan aýrylmagynda we bejergi geçirileninde zeperlenme tizlik bilen ýok bolup gidýär. Bejergi geçirilmedik ýagdaýynda çäklenen ojakly döreme bolup, üznüksiz iriňli çişme ojagy döreýär, ol iriňli eräp-akyp gaýtmakdan ybaratdyr. Ahyry soňy şikeslenen başy emele gelýär.
Şikeslenme ýara. Şikeslenme ýaralar (11.1-nji surat) dekubital ýaralary diýlip hem atlandyrylýar, olar köplenç şikeslenme ýerleri bolan dilde, dodaklarda, duluklarda, äň-dişleriň gysylyşma çyzygynda ýerleşýärler. Adatça yaralar agyrly bolýarlar, aýratynda iýmit iýlende, gürleşmede. Köplenç olar ýeketäk. Şikeslenme ýaralaryň kliniki alamatlary köp gornüşli bolýar we gyjyndyryja, ýaranyň ýagdaýyna, bedeniň durnuklylygyna, agzyň mikroblarynyň täsirine bagly bolýarlar. Ýaralar uzak wagtlap bolan ýagdaýynda olaryň gyralary we esasy özeni, dykyzlaşýar (proliferassiýa hadysalarynyň bolmaklygynyň hasabyna). Ýöne weli ýaranyň gyralary gyzaran, barmak basyp barlananda agyryly, düýbi bolsa çüýrän örtük bilen örtülen bolýar. Çuňlugy dürli-dürli hatda muskulatura gatlagyna çenli baryp ýetýär. Çäklerindäki limfatiki duwünçejikler ulalan, hereketli, barmak basyp barlap görlende agyrly bolýär.
Şikesli ýaralar fuzospirohetoz ýa-da kandidoz bilen agyrlaşyp bilýärler, uzak wagytlap dowam edip-geçmekliginde (2-3 aýlap) olar höwply dömme çişlere geçip bilýär.
Tapawutlandyrylyp anyklanma. Şikeslenme ýaralar:
Rakdan;
Inçekeselli ýaralardan;
Mereziýel keselli ýaralardan;
Limfatiki ýaralardan;
Üznüksiz çürän ýaraly Wensanyň gingiwostomatitinden;
Trofiki ýaralardan tapawutlandyrýarlar.
Şikeslendiriji sebäbiň aradan aýrylmaklygynda tapawutlandyrylan ýara çalt, birnäçe günden soň bitip gitmegi, onuň şikesli ýaradygyna şaýatlyk edýär.
11.1.-nji surat. Aşaky dodagyň şikeslenilme ýarasy.
Ragyň çuňňur ýarasy özüniň gyralarynyň we dübüniň uly dykyzlygy bilen tapawutlanýar, seýrek bolmadyk yagdayynda bolsa gyralaryň buýnuzlaşmaklygy bilende gyjyndyryjy ayrylandan soňra onuň bitmesi bolup geçmeýär. Sitologiki ýa-da gistologiki barlaglarda epitelial öýjükleriniň üýtgän pisindi ýüze çykarylýar. Inçekeselli ýaraň has gaty ýyrtylan gyralary bolýar, düýbi däne-däne görnüşli, sarymtyl kesmekli, gyjyndyryjyny aradan aýrylandan soňra bitip gitmeýär. Ýaraň ýüzünden alynan kesmek barlananda epitelial öýjikler we Langhansyň ägyrt uly öýjükleri ýüze çykarylýär, Silýu-Nelsen boýunça reňklenilmede seýrek bolmadyk halatlarda inçekeseliň mikrobakteriýalary ýüze çykrylýar. Näsagyň keselini anyklamak üçin inçekesel bejeriji lukmana iberilýär.
Gaty şankr hakyky hut-tüs şol ýagdaýynda, şikeslenme yaradan, ýaraň daşyny gurşap alýan dykyz ýellenmäniň barlygy bilen gyralary göni, tekiz ýylmanak düýbiň bolmagy, çäklerindäki limfatiki duwunçejikleriň ulalmaklygynyň we dykyzlaşmaklygynyň (skleradenit) barlygy bilen tapawutlanýar. Keseliň anykdygy çuňňur ýaraň ýüzünden bölünip çykýan suwklykda solak görnüşli triponemanyň ýüze çykarylmagynda tassyklanylýar. Mezeriýel keselinde Wassermanyň barlag usuly, beýleki barlag usullary çuňňür ýarany çykaryp, 3-4 hepde geçenden soň, keseliň bardygyny görkezýär. Şikeslenmäniň aradan aýrylmagy, gaty şankryň geçmekligine o diýen bir, düýpli täsir etmeýär.
Şikeslenmeli çuňňür ýaranyň fuzospirohetoz bilen ikilenji gaýraüzülmelerinde ýakymsyz ysly, çal-ýaşylymtyln kesmegi emele getirýär, ýüzünden alynan kesmegiň düzümi barlananda ondan spirohetalary we örülen sapak görnüşli basilli bakteriýalary tapmak bolýar. Tropiki çuňňür ýara şikeslenme ýaradan has haýal geçmekligi, bilen tapawutlanýar, çişmäniň ýüze çykýän alamatlarynyň gowşaklygy, umumy ýagdaýyň birden näsazlaşmaklygy (köplenç ýürek-gan damar ulgamynyň keselleri bilen) bilen tapawutlanýar. Şikeslendiriji faktor örän gowşak bolup biler, ony aradan aýrylandan soňra. şeýle ýaralaryň bitmeklige ukyby bolmaýar egerde umumy bejergi geçirilmese.
Bejergisi. Şikeslenme çuň ýarada gyjyndyrjylary aradan aýrylmaklygyna, ýarany antiseptiki serişdeler bilen bejermeklige we agyz boşlugynyň çaýkamalygyna üns berilýär. Ýaranyň ýiti agyrysy bolanda, agyrsyzlandyryjy serişdeleri ulanmaklygy görkezilýär. Ýaranyň düýbinden mehaniki ugur bilen çürän dokumalary, agyrsyzlandyryp ýa-da bolmasa proteolitiki termentleriň kömegi bilen aýrylýar. Çalt bitiriji (keratoplastik) serişdeler (A we E witaminleri, itburun ýagy, žele, solkoseril melhemi, aktowegin we başgalar) arkaly ýapgy edilmelere başlanylýar. Ýakyp aýyrmak dübinden gadagan. Agyz boşlugynyň arasalamagyny, saplanmagyny örän gowy geçirmeli.
Aýrylyp goýulýan protezleriň zeperlenmelerinden soňky ýüze çykan gyzarmalar, ýaralar, çuň ýaralar, proteziň kemçiligini düzedilenden soň çalt bitip ýitip gidýär.
Uzak wagtlaýyn güýçli bolmadyk gyjyndyrjy, ýaramaz berkidilen, aýrylyp goýulýan protezden Leýkoplakiýa-giperkeratoz pisintli üýtgeşmelere getirip biler.
Bölekleýin fibroma. Kähalatlarda proteziň gyrasy bilen uzak wagtlap gyjyndyrylma bölekleýin fibromanyň ýüze çykmaklygynyň sebäpleri bolup biler. Ilki başda ýara ýa-da ýüzleý ýara çykýar. Eger-de şikeslenme aradan aýrylan bolmasa, onda ýaranyň esasynda kem-kemden fobroz dokumasy ösüp başlaýär-bölekleýin fibroma dykyz az agyrly çişe meňzeş döremeler ýüze çykýär (11.2-nji surat). Oňa proteziň gyrasy çümýär. Proteziň gyrasy ýatýan ýerde gasynly ýuzleý çyzykly çuň ýa-da bolmasa ýuzleý ýara emele gelýär. Eger-de protez ulanylmaýan bolsa ýara bitip başlaýär, protez göterilende ol täzeden beterleşýär. Proteziň gyrasy bilen üznüksiz şikeslenme, proteziň gyrasyna gabat bolan birnäçe gasynyň emele gelmekligine alyp barmaklygy mümkindir. Bölekleýin fibroma birnäçe ýyllap bolup biler.
Bejerlişi. Proteziň düzedilmekligine ýa-da bolmasa onuň dakynmaklygynyň bes edilmekligine gönükdirilen bolmalydyr; bölekleýin fobroma kesilip aýrylýar we 2-3 hepdeden täze protez taýýarlanylýar.
Papillomatoz giperplaziýasy. Aýrylyp goýulýan proteziň aşagynda agzyň nemli bardasynyň gyjyndyrylmagy (köplenç ýokarky äňde) adatça protez stomatiti (mehaniki, himiki we ýokanç sebäpleriň utgaşmaklygy) diýip atlandyrylýar. Ol gyzaran görnüşinde doreýär, ýaýran ýa-da bolmasa gaňşylawügiň, yzky böleginde ownuk sülekeý mäzleriniň akarjyklarynyň deşijekleriniň töwereginde ýuze çykýar. Ýaramaz hilli aýryp goýulýan proteziň uzak wagtlap göterilmekliginde ýaýran gyzarmanyň esasynda papillamatoz-ýumşak däne-dänejikli açyk-gyzyl meýdan ýuze çykýar (11.3-nji surat). Alweolýar ösüntginiň süňk dokumasynyň käbir ýerleri çökýär, (rezorbsirlenýär), alweolýar gyralary ýumşak bolýar, hereketli (“Walkyldap ýatan”) görnüşe eýe bolýar.
Seýrek bolmadyk ýagdaýlarda angulýar heýliti döreýär. Şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmaklygyna, üznüksiz şikeslenmeden başga-da kömelejikler görnüşli mikroblary bolan kandidaň täsir etmekligi bellibir rol oýnaýar, ol bolsa düzgün bolşy ýaly, protezlerde köp mukdarda we protez oýtumynyň nemli bardasynda-az mukdarda duş gelýär. Agzyň nemli bardasy proteziň esasy sütüniniň täsir etmeginde allergiýa duýgurlygyň ýüze çykmaklygynyň mümkindigini ýatda saklanylmalydyr (adatça akril plastmassasyna bolan).
Bejerlişi. Doly derejede ýasalmadyk proteziň göterilmekligini besetmek we has gowy hili ýasalmaklygy bejerginiň esasy maksadydyr; Mikrob kandida kömelejiginiň köp mukdarynyň ýüze çykarylmagynda kömelejiklere garşy bejergi dermanlaryň ulanylmagy görkezilen bolýär. Protezlere bolan idegiň, olaryň diş süpürgüçiniň (şetkasynyň) kömegi bilen külke ýa-da bolmasa pasta arkaly arassalanylmaklygynyň uly ähmiýeti bardyr. Gijelerne protezi gowşak aşgarly erginlerine (buranyň 2%-li erginine ýa-da bolmasa natriniň gidrokorbonatynyň şolar ýalaky göterimli erginine) batyrylyp goýulmaklygy maslahat berilýär.
Nemli bardanyň ilkinji sapar dişlenmekligi. Ýaňagyň, dodaklaryň, seýrek diliň ilkinji sapar dişlenmekligi ýa-da bolmasa sorulmaklygy has duýgur gaharjaň adamlaryň (newropatlaryň), esasanam ýaşlaryň (ýokarky synp okuwçylarynyň we talyplaryň) arasynda seýrek bolmadyk hadysadyr. Ol näsaglar tarapyndan aňşyrylman-da bilner ýa-da bolmasa aňly-başlydyr. Elmydama nemli bardany dişlemeklik endigi üznüksiz zeperlenmäniň özboluşly bir görnüşine getirýar, ol dişleriň gysylyşýan çyzygynyň ýerleşýan ýerinde we dişlenmeklige elýeterli bolan meýdançada ýerleşýär. Nemli barda pökgeren, agymtyl dykyzlanan, tozgalaýan biri-birlerine goşulan menekler ýa-da bolmasa, uly aýdyn çäklendirilmedik meýdançaly üsti bolýar. Epiteliýanyň gyradeňligi bozulan, zeperlenen üstine gyradeňsizlik berýän köp sanly owunjak epiteliýanyň gyrkyndylary zerarly seçekli görnüşe eýe bolýar. (üsti edil güýe iýn ýaly). Beýle üýtgeşen epiteliý gyrylyp aýrylýar. Adatça agyrylar ýok bolýar, agyr halatlatda agyrly ýaralar ýüze çykyp biler. Patogistologiki barlagda parokeratozyň hadysa alamatlary tapylýar.
Deňeşdirilip anylanşy. Nemli bardanyň üýtgeşmeleriň şeýle görnüşi şu aşakdakylardan tapawutlandyrylýar:
Leýkoplakiýalardan;
Üznüksiz kandidozdan;
Öýjükli ak haldan;
Leýkoedemalerden.
Dişlenmekligiň bes edilekligi gysga wagtyň içinde ähli patologiki üýtgeşmeleriň ýok boljaklygyna alyp barýar. Zeperlenen ýerden gyrylyp alynan kesmekde Kandida görnüşli kömelejikler ýüze çykarylmaýar.
Öýjükler ak hal irki ýaş döwründe ýüze çykýandygy bilen tapawutlanýar we soňra beterleşýär, ol köplenç ýagdaýlarda maşgalaýyn häsiýetde bolýar; ýaňagyň dulygynyň nemli bardasy galňan, çuňňur-gasynly we öýjükli görnüşlerde bolýar.
11.3-nji surat. Dişetiniň nemli bardasynyň papillýar giperplaziýasy.
Bejerlişi. Ýaňagyň dişlenilmegini bes edilmeginden ybarat bolýar.
