Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy

Dodaklar. Olar daşyndan deri bilen örtülen ezele gatlagyndan, agyz boşlugynyň bosagasynyň gapdalyndan bolsa, buýnuzlaşmadyk, köpgatly ýasy epiteliýden ybaratdyr. Nemasty gatlagy ýokdur. Emma nemli bardanyň we ezele gatlagynyň araçäginde dodaklary ýumşadýan köp sanly ownuk sülekeý mäzleri bardyr. Dodaklaryň gyzyl gaýmasy köpgatly ýasy buýnuzlaşýan epiteliý bilen örtülen, bu zolakda ýag mäzleri bardyr.

Ýokarky we aşaky dişleriň üzeňňisiniň diş etine ýakyndan berkidilen ýagdaýynda, dişleriň ýerinden süýşmegi – diastemanyň döremegi mümkin.

Ýaňaklar. Ýaňaklarda aýdyň nemasty gatlak bolýar, ol nemli bardanyň hereketli bolma­gyna ýardam berýär. Agyz açylanda ol nemli barda ýylmanakdyr, äňler ýapylanda bolsa ol gat-gat bolýar. Seýrek ýagdaýlarda, esasan-da ýaňaklarda, ýag dokumalarynyň köplüginde, nemli bardada dişleriň yzy emele gelýär. Ýaňagyň nemli bardasynda ýokarky äňiň ikinji azy dişiniň ugrunda gulakýany sülekeý mäzinin akabajygy açylýar.

Ýaňagyň epitelisiniň aşagyndaky nemli bardada ýag mäzleri (Fordaýsyň mäzleri) ýerleşýär. Olar käwagt sarymtyl öwüşginli tertipsiz garylan bölekleri (konglomeratlary) emele getirýär. Epitelial gatlakda buýnuzlaşma ýokdur.

Diş eti bu ýokarky we aşaky äňleriň alweolýar ösüntgisini örtýän nemli bardadyr. Munda nemasty gatlak ýokdur we şol sebäpli nemli barda alweolýar ösüntgisiniň süňk gabygy bilen berk birleşendir. Diş etiniň gyraky böleginiň alweolýar ösüntgisiniň epiteliýesiniň buýnuzlaşmagynyň aýdyň alamatlary bolýar.

Gaty kentlewük. Nemli bardanyň dürli bölümlerde meňzeş bolmadyk gurluşy bolýar. Kentlewük tikininiň töwereginde we dişlere ýanaşýan kentlewügiň böleklerinde nemasty gatlak ýok we nemli barda süňk üsti gabagyna mäkäm berkendir. Gaty kentlewügiň öňdäki bölüminiň nemasty gatlagynda ýag dokumasy bolup, yzkysynda bolsa nemli mäzler saklanýar. Bu bolsa, şu ýeriň nemli bardasyna ýumşaklyk berýär. Ýokarky äňiň merkezi kesiji dişleriniň ýanynda kentlewükde emzijek bar. Ol bolsa süňk dokumasynda ýerleşen kesiji akaba laýyk gelýär. Gaty kentlewügiň öňüniň üçünji böleginde kentlewük tikininden töwereklere 3-4 epin gatjagaz gaýdýar.

Gaty kentlewügiň epitelial gatlagy buýnuzlaşýan görnüşde, şol sebäpli ol has açykdyr.

Ýumşak kentlewük. Kentlewügiň nemli bardasy hususy plastinkasynyň we nemasty esasynyň (nemli bardanyň ezele plastinkasy ýokdur) çäklerinde çeýe süýümleriň uly muk­darynyň, şeýle hem nemasty esasda nemli sülekeý mäzleriniň barlygy bilen häsiýetlenýär. Köp­gatly ýasy epiteliý buýnuz­laşmaýar, aýry-aýry ýerlerde bolsa, yrgyldaýan alamatlary kabul edýär.

Agyz boşlugynyň düýbüniň nemli bardasy. Nemli gatlagyň aýdyňlygy üçin hereketlidir, epiteliýesi bolsa kadada buýnuzlaşmaýar.

Dil (lingua). Dil üç bölekden emele gelýär. Diliň öňki üçden iki bölegi birinji we ikinji žabra (boşluk) ýaýynyň düwünçeklerinden, yzky üçünji bölegi bolsa üçünji we dördünji žabra (boşluk) ýaýynyň düwünçeklerinden ybaratdyr. Bitişmäniň bozulmasy kadaly ýagdaýyň bozulmasyna getirýär. Käwagt şol ýerde kör deşik peýda bolýar.

Dil - ezeli synasy bolup, ähli ugurlarda hereketlidir. Diliň ujuny, bedenini we köküni. Ýokarky (arkasy) we aşaky, gatlaklaryny, şeýle hem gapdal böleklerini tapawut­lan­dyrýarlar. Diliň aşaky, ýokarky gatlagy ondaky ýerleşýän jübüt mahmal epini bilen agyz boşlugynyň düýbi bilen üzeňňi arkaly birleşýär. Rahatlyk ýagdaýda diliň ujy aşaky äňiň kesiji dişleri bilen degişýär. Dil­de nemasty gatlak ýok we nemli barda ezellerde mäkäm berkidilen bolýar. Diliň yzky üçünji böleginde folli­kul­ýar görnüşde uly we kiçi ölçeglerde limfoid dokumalarynyň toplanmasy bar. Limfoid dokumasyna kript­ler, ýagny oýlar, çüňluklar girýärler. Limfoid dokumasy gülgüne reňkde bolýar, ýöne ol gögümtil öwüşginli hem bolup bilýär. Bu limfoepitelial döreme dil badam şekilli mäzler diýlip atlandyrylýar. Diliň nemli bardasynyň aşagynda, esasan hem yzky bölüminde, ownuk sülekeý mäzleri ýerleşýär. Ola­ryň daşyna çykarýan akabajyklary üstki gatlagynda açylýar. Bölünip çykýan suwuklygyň häsiýeti boýunça seroz, nemli we garyşyk mäzleri tapawutlandyrylýar.

Diliň hususy nemli bardasy örtülýän epiteliý bilen bilelikde çykyp duran ösüntgileri, ýagny diliň emzijeklerini (3.3.- surat) emele getirýär. Emzijekler sapak, köme­lek, ýaprak we joýajyk ýaly 4 görnüşli bolýarlar.

Sapak görnüşli emzijekler (papillae filiformes) iň köpsanly bolup, diliň arkasynyň bütin üstki gatlagy boýunça ýerleşýärler. Olarda tagam biliş kökjagazlar ýok. Sapak görnişli emzijekleriň ýokarsy buýnuzlaşýar. Buýnuzlaşan teňňejikleriň kadaly bölünip aýyrylmasynyň bozulmasynda (bu esasan aşgazan, içege we beýleki kesselerde bolýar) diliň üstünde ak düwürtijek görnüşli kesmekler, örtükler emele gelýär. Diliň şeýle ýagdaýyna “örtülen”dil hem diýilýär. Käbir ýerde sapak görnüşli emzijekleriň epiteliýasynyň daşky gatlagynyň güýçli bölünip aýrylmagy hem mümkin (deskwamasiýa hadysasy).

Kömelek görnüşli emzijekler (papillae fungiformes) diliň ujunda köp sanly, diliň arkasyn­da bolsa az sanly duş gelýär. Emzijekleri örtýän epiteliý buýnuzlaşmaýar, şol sebäpli makroskopiki taýdan olar sapak görnüşli emzijeklerden biraz ýokarrakda ýerleşýän gyzyl nokatjyklar görnüşinde bolýar. Kömelek görnüşli emzijeklerde gan bilen üpjün edilen tagam biliş kökjagazlar bardyr.

Ýaýran görnüşli emzijekler (papillae foliatae) diliň gapdallary bilen yzky bölümlerde (ter­nawly emzijekleriň öňünde) 15-20-den bolup, toparlaýyn ýerleşýärler. Uly bolmadyk çykytlary dö­redýärler. Käwagt bu döremelere patologiýa diýip düşünýärler. Ýaprak görnüşli emzijeklerde tagam biliş kökjagazlar ýerleşýär.

Joýajyk görnüşli emzijekler (papillae sirsumwallatae) diliň iň iri emzijekleridir. Olar diliň köküniň we bedeniniň araçäginiň ugrunda ýerleşýärler. Olaryň toplanýan ýeri V rim sanyny ýatladýar. Olar täk sanly (9-11). Her emzijek joýajyk bilen oýulanan, oňa bolsa ownuk sülekeý mäzleriň daşyna çykýan akabajyklary açylýar. Joýajykly emzijekleriň diwarjyklarynda köp sanly tagam biliş reseptorlar (150 kökjagaza çenli) ýerleşýär.

Diliň köküniň ýokarky gapdallarynda az we köp sanly damar birleşmesi görünýär, oňa ýalňyşyp, patologiýadyr öýdýärler.

Diliň aşaky üstlerindäki nemli bardasy has hereketlidir we ol ortaky bölekde jylawjyk we agyz boşlugunyň düýbüniň, düşegine geçýär. Jylawjykdan iki tarapa iki sany dilasty gatjagaz gaýdýar.

Ýaşyň ulalmagy bilen agzyň nemli bardasynda birnäçe üýtgemeler bolup geçýär. Epitelial gat­lak ýukalýar, güýçlendirilen giperkeratoz bolup geçýär, epitelide aşakda görkezilen üýtgeşmeleriň (degenerasiýanyň) alamatlary ýüze çykýar: dokumalaryň ýadrosy kiçelýär, ol ýygyrt atýar. Süýumli gur­luşlarda hem üýtgemeler bolup geçýär, ýagny elastiki süýümleriň ýognal­magy we kollagen desseleriniň süýümleri açylyp, ýaýramagy ýüze çykýar. Ýaşyň ulaldygyça görkezilen gurluş üýtgemeleri nemli bar­danyň ep-esli dykyzlanmagyna getirýär. 60 ýaşdan geçen adamlarda bazal membrananyň bitewiliginiň bozulmasy bolup geçýär, bu bolsa epiteliýiň nemli gatlaga has çuň ornaşmagyna getirmegi mümkin.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]