Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Jumaýew H., Aýnazarow H., Kulow M.

TERAPEWTIK STOMATOLOGIÝA

Türkmen döwlet lukmançylyk

Institutynyň talyplary üçin

okuw kitaby

Aşgabat – 2009 ý.

Jumaýew H., Aýnazarow H., Kulow M. Terapewtik stomatologiýa: TDLI-niň stomatolo­giýa fakultetiniň talyplary üçin okuw kitaby – Aşgabat, 2009 ý., 329 s.

Şu okuw kitabynda häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän terapewtik stomato­lo­giýanyň hemme esasy bölümleri beýan edilýär.

Terapewtik stomatologiýada näsaglary barlamak üçin häzirki zaman anyklaýyş usullara aýratyn üns berilýär. Dişiň gaty dokumasynyň kariýesden özge kesel­le­ri­niň, kariýes we onuň gaýra üzülmeleriniň görnüşleriniň, parodont keselleri we agzyň nem­li bar­da keselleriniň döreýşi hem-de sebäpleri barada häzikri zaman maglu­mat­lary berlen. Olaryň anyklanylyşy, bejerilişi we öňüni alyş usullary barada soňky ýetilen ne­tijeli sepgitleri giňişleýin beýan edilýär. Dişleriň bejerilişi – dikeldilişi we endo­dontik bejer­giniň usul­lary häzirki zaman usullary arkaly has takyk berilýär. Terapewtik stoma­to­lo­gi­ýanyň nazary ugurlary boýunça soňky ýyllarda gazanylan netijeleriň mag­­lu­mat­lary be­ýan edilýar. Okuw kitaby terapewtik stomato­logiýa dersiniň okuw maksatnamasy esasynda taýýarlanyldy.

Şu okuw kitaby taýýarlanylanda TDLI-niň terapewtik stomatologiýa kafed­rasynda toplanan baý tejribe ulanyldy. Getirilen maglumatlara düşünmegi aňsat­laş­­dyr­mak üçin, görkezme esbaplary ulanylanda, şu ugurda bar bolan kitap­lardan peý­dalanyldy.

Okuw kitaby stomatologiýa fakultetiniň talyplaryna we şu ugurda işleýän stomatolog-lukmanlara niýetlenendir.

Sözbaşy

Häzirki döwürde ilata berilýän stomatologiki kömegiň hilini ýokarlandyrmak iň bir wa­jyp mesele­leriň biri bolup galýar. Stomatologiki-kliniki merkezde, onuň bölümlerinde, otag­larynda ula­nylýan - tehniki enjamlaryň hilini gowulandyrmakdan başga-da, stomatolog- lukmanlary taýýar­la­mak üçin häzirki okuwlaryň hilini ýokarlandyrmak hem wajyp mesele bolup durýar. Türk­me­nistanyň Döwlet “Bilim” we “Saglyk” maksatnamalarynyň, şeýle hem häzirki wagt­da Hor­matly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp baryl­ýan ýurdumyzyň bilim ulga­myn­daky täze özgertmeleriň esasy özeni, dünýä ülňü­le­rine gabat gelýän çüňňür bilimli, amaly taýdan kämilleşen, giň dünýägara­ýyşly, ruhubelent, ýokary bilimli ýaş milli hü­närmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan “Tera­pewtik stomatologiýa” dersi boýunça okuw kitabynyň taýýarlanmagy, ýur­du­myzda ýokary hünärli stomatologlary taý­ýarlamakda uly ähmiýete eýe bolup, biziň kafedramyzyň işgärleriniň mynasyp goşandy bolar.

Hünär okuwyny özleşdirmäge mümkinçilik berýan faktorlaryň biri hem okuw kitabydyr. Bu okuw kitaby terapewtik stomatologiýanyň wajyp mese­le­lerine häzirki zaman nukdaýnazaryndan seredilip ýazyldy. Kitapda agyz boşlugynyň fiziologik esaslary, dişlerde kariýesiň, parodont keselleriniň nazary (teoretiki) esaslary giňişleýin beýan edilýär, bu bolsa lukmanlara keseliň öňüni almak we bejermek üçin ugur almaga ýardam berýär.

Agzyň nemli barda keselleri boýunça ýazylan bölümde käbir umumy keselleriň (gan keselleri, jyns synalardan geçýän keseller, AIDS we başg.) alamatlary ilki bilen agyz boşlugynda ýüze çykyp bilýändigi baraga ýazylýar.

Terapewtik stomatologiýa boýunça gelejeki lukmanlary taýýarlamagyň iki sany sebäbini aýtmak bolýar. Birinjiden, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutýan ilatyň esasy bölegini dişleriň, parodontyň, agzyň nemli bardasynyň keselleri bolan näsaglar tutýar. Ikinjiden bolsa, hut şu terapewtik ders, esasy stomatologiki keselleriň öňüni almak ugry boýunça meselelere garaýar.

Soňky on ýyllyklarda kämilleşdiriş okuwlary geçirildi we şonuň netijesinde hem tera­pew­tik, hirurgik, ortopedik, çagalyk döwrüniň stomatologiýasy, äň-ýüz hirur­giýasy emele geldi. Şol bir wagt­da hojalyk hasaplaşygyna we bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen stoma­to­lo­giýa kö­me­gini giňeltmek üçin ýörite­leş­dirilen, köp ugurly kämilleşdiriş okuwyny geçmäge isleg bil­dir­ýanleriň sany artýar, ýagny her lukmanyň bejergi kömegini we protezlemek usullaryny, be­jer­gini berip ­bilýän ukyply, başarjaň bolmalydygy talap edilýär. Şeýlelik bilen, her bir luk­ma­nyň hä­zirki za­man usullary bilen bejermeklige şeýle-de, çagalary bejerip bilmeklige isleg bildirýänleri ýüze çykýar.

Okuw işiniň esasy meseleleri şu aşakdakylardan ybarat:

  • Esasy stomatologiki keselleriň öňüni almak usullaryny öwrenmegi we olary gündelik işde ulanmagy öwretmek;

  • Islendik petikleýji serişdeleri, şol sanda hem kompozit petikleýjileri ulanmak bilen, dişleri petiklemegiň usullaryny özleşdirmek;

  • Endodontik bejerginiň esasy ugurlaryny, usullaryny, parodont keselleriniň bejeriş usul­laryny ele almak. Onuň gowy üstunlikli bolmagy üçin, agyz boşlugynyň gowy saplanmagny gazanmak zerurdyr.

Okuw kitaby taýarlanylanda kafedranyň ylmy-amaly babatda gazananlary hem-de şol san­da Russiýa Döwletiniň baýry mugallymlarynyň ýazan okuw kitaplaryndan gerekli görkez­mele­ri we maglumatlary peýdalanyldy (prof. E.W.Borowskiý we başgalar; Terapewtik stomatologiýa – okuw kitaplary M.Medisina 1989, 2002 ýyllar).

Şu okuw kitaby terapewtiki stomatologiýanyň esaslaryny özleşdirmäge, kömek berer diýip ynan­ýarys. Ýazarlar kitaby taýýarlamakda beren kömekleri üçin TDLI-niň terapewtik stoma­to­logiýa kafedrasynyň hem-de ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň mugallymlaryna, TSG we DSM-niň Diş bejeriş merkeziniň terapewtik bölüminiň işgärlerine çuňňur minnetdarlygyny bildirýärler.

I. Bap

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]