Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Bir ýüz ýedinji hekaýat

Ilkibaşlarda ussat Abylkasym Kuşaýry bilen şyh Abu Se­ýi­diň arasynda az-owlak düşünişmezlik bolupdyr. Ussat Abylka­sym: «Meniň okuwym we ylmym şyhdan ýokarda, şol sebäpli nä­me üçin şyhyň derejesi we abraýy menden ýokary bolmaly?» diýip öwnüpdir. Ol Käbä sapara ugraýança, şu pikirde bolup­dyr. Haçanda ol Harakan şäherine baranda, şyh Abylhasanyň ýanyn­da üç aýlap bolup, şyhyň söhbetlerini diňläpdir. Şonda şyh Abylhasan Harakany oňa yzyna dolanyp, şyh Abu Seýidi razy etmegini we şondan soň sapara gitse dogry boljakdygyny aýdypdyr. Şol sebäpli ol saparyny dowam etmän, yzyna dola­nyp­dyr. Nyşapura öwrülip gelende: «Gaýdyp gelmegiňe näme sebäp boldy?» diýip soranlarynda, ol: «Şyh Abylhasan meniň ýüregimiň gurşawyndan ýetmiş zünnary çözdi. Olardan iň kiçisi şyh Abu Seýit bilen duşuşmaklygymdy» diýen. Ol şyhyň ýanyna gelip, birnäçe wagt onuň söhbetini diňleýär. Günlerde bir gün olar Nyşapuryň bazaryndan geçip barýan ekenler. Görseler, ap-ak we päkize şalgamlary bişirip goýupdyrlar. Bu iki beýik ynsanyň ikisinde hem şalgam iýmek höwesi döreýär. Şyh bahasyny töläp, şalgam alyp, iýip başlaýar, ýöne ussat Abylkasym öz içinden: «Men Nyşapuryň ymamy bolup, ba­zaryň orruk-ortasynda şalgam iýip dursam nähili bolar?» diýip pikir edýär-de, iýmän, hanaka tarap gidýär. Öňki endik boýun­ça saçak ýygnanandan soň, şyh sema edip başlaýar. Şyh şeýle bir gyzyşyp, şowhunly sema edýär welin, Abylkasym öz için­den: «Men näçe okasam-da, tarykat ýolunda näçe azaplar görsem-de, henize çenli şyhyňky ýaly şeýle halata düşüp gör­me­dim» diýip pikir edipdir. Şonda şyh başyny galdyryp şeýle diýen: «Men bazarda şalgam iýip durkam, sen ulumsylyk edip: «Men Nyşapuryň ymamykam, bazarda şalgam iýip dursam nähili bolar?» diýip pikir etdiň. Şeýle pursatlarda hiç hili gop­bam­sylyga ýol bermeli däldigini bilmeýärmidiň?». Ussat Abyl­kasym perýat edip, şyhyň aýagyna ýykylypdyr we ömrüniň ahyryna çenli şyhy yhlas bilen diňläp, onuň söhbetinden aýryl­mandyr.

Bir ýüz sekizinji hekaýat

Şyh agyr syrkawlap, soňky demini sanap ýatan wagtlary ondan: «Eger bir bolmasyz iş bolaýsa, karylar haýsy aýaty oka­synlar?» diýenlerinde: «Şu beýti okaýsynlar» diýip şuny aý­dyp­dyr:

Dost dosta gowuşsa, ýaryna hem ýar,

Bu jahan mülkünde ondan ýeg ne bar?

Bir ýüz dokuzynjy hekaýat

Şyh Abu Seýit Abylhaýyryň ajaýyp adatlaryndan biri-de myhman bilen bile nahar iýmekdi, eger biri onuň bilen ta­bak­daş bolmasa, tabaga elini uzatmazdy. Her bir täze gelen sopy hem ilkinji agşam onuň bilen bir tabakda nahar iýerdi. Bir ge­zek birnäçe gün geçse-de, hiç myhman gelmändir. Şonda şyh: «Kimde-kim ilkinji bolup myhmanyň geljegini buşlasa, onuň islän haýyşy ýerine ýetiriler» diýipdir. Bir gün oglanrak wagt­lary hoja Abu Tahyr1 jaýyň üçeginde durka, birnäçe gök ge­ýim­li adamyň (sopularyň) gelýändiklerini görýär we kakasynyň ýanyna baryp buşlaýar. Şyh ondan: «Näme isleýärsiň?» diýip soranda, ol: «Ertir okuwa gitmesem» diýýär. Şyh ýene-de: «Baş­ga näme isleýärsiň?» diýende, ol ýene-de: «Birigün hem oku­wa gitmesem» diýýär. Şyh üçünji gezek: «Ýene näme isle­ýärsiň?» diýende: «Hiç wagt okuwa gitmesem» diýip, jogap berýär. Şyh ondan: «Näme bilen meşgullanmak isleýärsiň?» diýende, hoja Abu Tahyr: «Sopulara hyzmat etmek isleýärin» diýip jogap beren. Şyh: «Mübärek bolsun» diýip, onuň biline kenepden ýüp guşapdyr we şeýle diýipdir: «Seni sopulara hyzmat etmäge bagyşladym, ýöne «Innä fetehnäni»2 kemsiz ezberle, ol saňa gerek bolar» diýip sargapdyr. Hoja Abu Tahyr şyhyň sargaýşy ýaly, «Innä fetehnäni» kemsiz öwrenipdi. Şyh dünýäden gaýdansoň, sopulara pir we ýolbaşçy bolmak nobaty hoja Abu Tahyra ýetipdir. Soltan Alp Arslan hoja Abu Tahyra «atam» diýip ýüzlenýän eken we çensiz hormat goýýan eken. Soltanyň töweregindäkiler oňa teýene edip: «Soltanymyz ylym­syz, Gurhany Kerimi okap bilmeýän adama «atam» diýip ýüz­lenýär, Gurhany Kerimi okap bilmeýäne hem şeýle sarpa goýýar» diýer ekenler. Bu gürrüň tä soltan keselleýänçä dowam edipdir. Hoja Abu Tahyr soltanyň ýagdaýyny soramaga Saragta barypdyr. Haçanda ol soltanyň huzuryna baryp, onuň hal-ýagdaýlaryny sorandan soň, ol hoja Abu Tahyra: «Eý atam, «Innä fetehnäni» okap, meni çüflesene» diýipdir. Hoja Abu Tahyr öň ezberleýşi ýaly, «Innä fetehnäni» kemini goýman okap­dyr we soltany çüfläpdir. Soltan muňa hoş bolýar we görübilmezleriň göriplikden ony ýamanlaýandyklaryny bilýär. Şondan soň soltanyň oňa bolan hormaty has-da artypdyr. Bu zatlaryň hemmesi şyhyň bereketleri we keramatlary bilen bolup geçipdir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]