Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Togsan altynjy hekaýat

Biziň şyhymyz Abu Seýidiň Nyşapurda bolýan wagtlary Hoja Abu Tahyr hem onuň ýanynda bolar eken. Hoja Abu Ta­hyr şeýle diýen: «Bir gün şyh: «Aty eýerläň» diýdi. Aty eýer­län­lerinden soň, şyh atlanyp, ähli sopulary bilen ýola düşýär. Şyh ýol bilen barýarka, bir aýdymçy zenan bezenip-beslenip, serhoş ýagdaýda gelýärdi, onuň ýüzleri açykdy. Ol biziň ýany­myza golaýlanda, adamlar gygyryşyp başladylar we şyhyň ýolundan sowulmagyna yşarat etdiler. Şyh «Ondan eliňizi çe­kiň» diýdi. Ol aýal şyhyň ýanyna gelende, şyh şu beýti okady.

Beýt

Bezemen hem serhoş bazara gelýäň,

Şeýdip agyr günä giriftar bolýaň.

Ol aýal bu sözleri eşidenden bütinleý başga hala geçip, köp aglaýar, soňra şyh müritlerinden birini çagyryp, oňa: «Bar-da, ýagdaýy bilip gel» diýýär. Derwüş barsa, ol aýal ähli gym­mat­baha geýimlerini, dakynan lagyl-jowahyrlaryny çykarypdyr-da, bir ýaglyga düwüpdir we derwüşe berip: «Bulary şyhyň ýanyna alyp bar-da, oňa meniň şu sözlerimi aýt: «Men toba etdim, ma­ňa güýç-kuwwat bersin». Derwüş ol zenanyň beren zatlarynyň hemmesini şyhyň ýanyna getirdi we diýen zatlaryny birin-birin gürrüň berdi. Şyh: «Mübärek bolsun» diýeninden soň, ol aýa­lyň iberen zatlarynyň hemmesini satyp, onuň puluna oňat bişen ak çörek, halwa we hoşboý ysly zatlary satyn almagy buýurdy. Almaly diýlen oňat bişen ak çörek, halwa, hoşboý ys­ly zatlar getirilenden soň, şyh ähli sopulary bilen sähra tarap ýüzlendi. Bu habar şäher halkyna hem ýaýradyldy. Şäherden ýygnanan ilatyň hem sany-sajagy ýokdy. Olar hem şyh bilen sähra tarap ugradylar. Sopular bu zyýapat özleri üçindir diýip pikir etdiler. Haçanda hammallar dürli tagamlary getirenlerinde, şyh olaryň hemmesini şäher adamlarynyň öňlerinde goýmagy buýurdy. Ol: «Noş bolsun» diýip, şäherlilere nahar hödürledi, ýöne sopu­lary çagyrmady. Şyh sopular bilen bir çetde bolýan zatlara to­maşa edip durdy. Şol aralykda şyh udlary oda oklamagy buýur­dy. Udlar ýakylandan soň, bütin töweregi onuň hoşboý ysy tutdy. Bu zatlary görende, şyhyň wagtyhoş bolup, nagra tartdy we şeýle diýdi: «Nebisden gelen her bir zat tüsse bilen ýele gider». Şäherliler getirilen tagamlardan zat goýman iýdiler, bir­näçeleri iýip bilmediklerini alyp gitdiler. Saçakda hiç zat goý­man dargaşanlaryndan soň, şyh hem şähere gaýtdy. Ol aýdym­çy zenan hem toba gelip, şyhyň bereket nazary bilen salykatly aýallaryň hataryna goşuldy.

Togsan ýedinji hekaýat

Günleriň bir güni biziň şyhymyz Mänede mejlis gurap oturan eken. Mejlisiň ortasynda Mawerannahrdan gelen bir derwüş mejlise girip şyhyň sekisiniň öňünde oturýar. Ol gün şyh mejlisi tamamlandan ol hyzmat edýär. Ol üç gün şol ýerde bolýar we her gün şyh mejlis gurnaýardy. Ol derwüş her gün gelip, şyhyň sekisiniň ýanynda oturýardy we şyh oňa hoş sözler aýdýardy. Dördünji gün diýlende, ol derwüş mejlisiň ortasynda nagra dartyp ýerinden turdy we: «Eý, şyh, maňa seniň kim­digiňi, nähili adamdygyňy bilmek gerek» diýdi. Şyh: «Biz bir jübüsiniň agzy bagsyz Allanyň bendeleri bilen dawa girmeýän adam­dyrys» diýen. Ol derwüş ýerinde oturýar.

Şyhyň mejlisi gutarandan soň ol derwüş aýakgabyny geýip, Mawerannahra tarap ýola düşýär. Ol ýeriň köp sanly uly-uly şyhlary bolup, olaryň adatlary boýunça olar döwre gurap otu­ryp, her kim bir peýdaly zat aýdar eken we galanlary onuň ma­nysyny tirer ekenler. Ol derwüş hem şol döwrede oturandan soň, her kim bir zat aýdandan soň, oňa-da nobat ýetýär. Oňa: «Gel-de, Horasandan näme getiren bolsaň aýt» diýýärler. Ol: «Men Mänede hoşsuhan bir pir gördüm. Onuň hemme aý­dan­lary meniň ýadymda ýok, ýöne men ondan: «Sen kim we nähili adam?» diýip soranymda, ol: «Biz bir Allanyň jübüsiniň agzy bagsyz bendeleri bilen dawa girmeýän adamdyrys» diýdi. Ol şeýle diýenden, pirleriň hemmesi ýerlerinden turup, Hora­sana tarap öwrülip ýüzlerini ýere goýup, şyha tagzym etdiler we: «Şeýle ulama üçin ýüzüňi ýere sürtüp, tagzym etse bolar, çünki onda hakykatdan başga zat galmandyr» diýdiler.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]