Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Ýetmiş birinji hekaýat

Nyşapurda bir derwüş bardy, oňa Hemze Turap1 diýer eken­ler. Bir gün Hemze Turap biziň şyhymyza bir hat ýazyp, onuň aşa­gyna: «Seniň gadamyň tozy» diýip, gol çekipdir. Biziň şy­hymyz hem onuň hatynyň arkasyna:

Toprak bolduň, topragyňa toz oldum,

Topragyňdan toz oldum-da, päklendim

– diýip, jogap ýazypdyr. Bu dogagöýüň atasy şyhylyslam şygyr aýdanda, ol diňe şygyrdaky manynyň özenine üns berip, goşgynyň beýleki taraplaryna gaty dykgat bermez eken. Bütin ömründe Hemzäniň hatynyň arkasyna ýazan bir beýtini we aşakdaky iki beýti oňa degişli edýärler:

Haweranyň topragynda har olmaz,

Kişi meň günüme giriftar olmaz,

Seň jemalyň, haýru-yhsanyň üçin,

Ýüz-müň jany gurban bersem ar olmaz.

Ol şulardan başga goşgy aýtmandyr. Onuň dilinden eşidilen beýleki goşgylaryň hemmesini ol öz pirlerinden öwrenipdir.

Ýetmiş ikinji hekaýat

Bir gün bir derwüş Mänä gelip, aýakgaby zady bilen göni şyhyň ýanyna baryp: «Eý, şyh, men dünýä köp aýlandym, bar­madyk ýerim galmady, men hiç ýerde rahatlyk tapmadym we gamsyz adama duşmadym» diýen. Şonda şyh: «Bu bir geň zat däl, sen sapar edip, öz köňül matlabyňy gözläpsiň, eger sen sa­par etmedik bolsaň, şolbada öz-özüňi galdyrardyň, özüňem rahatlanardyň, beýlekilerem asudalyk tapardylar. Erkek ada­myň zyndany özüdir, eger ol zyndanyň gapysyndan daşary çyksa, öz maksadyna ýeter» diýipdir.

Ýetmiş üçünji hekaýat

Tusda Seýit Hemze diýilýän bir alawy bolan. Rudbar der­wezesiniň golaýynda onuň howlusy bolan. Biziň şyhymyz oňa aýratyn sarpa goýýar eken, onuň hem biziň şyhymyza hormat edişiniň çeni-çaky bolmandyr. Ol barly adam bolupdyr, biziň şyhymyz hemişe Tusa gelende, oňa habar berer ekenler, ol hem biziň şyhymyzy öz öýüne çagyryp, oňa hezzet-hormat eder eken. Biziň şyhymyz ony sylaýan eken. Bir gezek biziň şyhy­myz Tusa baryp, Seýit Hemzäniň ýagdaýyny soranda, olar: «Şyh ony görüp bilmez, ol kyrk gije-gündiz haram işlere meş­gul bolýar, içhä-içlik bilen meşgullanýar, hyzmatkärlerine we kenizlerine şerap içirýär, hemmeler çuw-ýalaňaç bolup, haram işler bilen meşgullanýarlar» diýipdirler. Şonda biziň şyhymyz: «Geň zat, bu ýagdaýda ol öýde kiçi günä bolup bilmez» diýip, başga sözlemändir. Seýit Hemzä şyh Abu Seýidiň gelendigini habar edenlerinden, ol ähli bet işlerini terk edip, ertesi şyhyň hyzmatyna gelýär. Şyh hiç zat bolmadyk ýaly, edil öňküleri ýaly kabul edýär, eşiden zatlary barada hiç zat diýmeýär, igen­meýär we oňa bolan garaýşynda hiç bir üýtgeşiklik ýüze çykmaýar.

Ýetmiş dördünji hekaýat

Bir gezek şyh Abu Abdylla Bakuý biziň şyhymyz Abu Se­ýidiň mejlisinde hojaýynsyrap, ulumsylyk bilen aýbogdaşyny gurup oturan eken. Biziň şyhymyzyň oňa gözi düşýär. Şyh biri bilen hoşamaý gürrüňe başlaýar. Ol mejlisde ýagşy sözler aýdýar. Ol adam biziň şyhymyza: «Alla seniň jaýyňy jennet et­sin» diýýär. Şyh oňa: «Bir topar agsak-towsak we derwüş bize gerek däl. Ol ýerde şellerden, körlerden we ejizlerden başga hiç kim ýok. Bize dowzah gerek. Çünki Jemşidem şol ýerde, Pyr­ga­unam şol ýerde, Hamanam şol ýerde, Hoja hem şol ýerde» diýip, şyh Abu Abdyllany yşarat bilen görkezýär. Soň­ra: «Biz hem şol ýerde» diýip, özüni görkezýär. Şyh Abu Abdylla özüne gelip, akylyna aýlanyp, uly günä edendigine düşünýär we eden işine ýürekden toba edýär. Şyh münberden düşenden soň, onuň ýanyna gelýär, eden işine ökünýändigini, puşman edýändigini aýdýar we gaýdyp hiç wagt beýdip oturmaýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]