Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Altmyş dördünji hekaýat

Biziň şyhymyz Nyşapurda bolýan wagtlary bir gün: «Oba­lara aýlanmak üçin atlary eýerläň» diýýär. Atlar eýerlenensoň, şyh ata mündi, biziň hem hemmämiz atlanyp, onuň bilen ug­radyk. Nyşapur ýolunda bir obanyň üstünden bardyk. Biziň şy­hy­myz: «Bu oba haýsy oba?» diýip soranda, olar «Deri dost» («Dost gapysy») diýip, jogap berdiler. Şyh ol ýerde düşledi we bir gün şol ýerde boldy. Ertesi müritler üýşüp: «Eý, şyh, gide­liň-dä!» diýenlerinde, şyh olara: «Dost gapysyna ýetýänçäň, köp ýol sökmelidir, biz ol ýere ýetenimizden soň, başga nirä gide­li?» diýipdir. Şyh kyrk gün şol ýerde bolupdyr we oba­ly­laryň köpüsi şyhyň şerapaty bilen ýaman işlerine toba edip, şyhyň müridi bolupdyrlar.

Altmyş bäşinji hekaýat

Günleriň birinde biziň şyhymyz Abu Seýit Nyşapurda mej­lis gurap otyrka, hanakanyň gapysyndan hoja Abu Aly [Abu Aly ibn Sina] girýär. Olaryň ikisem şol wagta çenli biri-bir­le­rini gör­män ekenler. Ol gapydan içeri girenden biziň şyhymyz oňa tarap ýüzüni öwürýär-de: «Hikmeti bilýän geldi» diýýär. Hoja Abu Aly içeri girip oturýar. Şyh arasyny kesmän söhbe­tini dowam edýär, mejlis gutarandan soň sekiden düşüp, öýüne gidýär, hoja Abu Aly hem şyhyň ýanynda bolýar. Olar üç günläp çola jaýda söhbetdeş bolýarlar. Olar jemagat namazyna daşary çykaýma­sa­lar, hiç kime olaryň ýanyna barmaga we päsgel bermäge rugsat berilmändir. Üç gije-gündizden soň hoja Abu Aly gidýär. Şä­girt­ler hoja Abu Alydan: «Biziň şyhymyzy nähili gördüň?» diýip so­ranlarynda: «Meniň ähli bilýän zat­la­ry­my ol görýär» diýipdir. Sopular we müritler şyhyň ýanyna ge­lip: «Eý, şyh, Abu Aly nähili adam eken?» diýip soranlarynda: «Ol biziň görýän zat­larymyzy bilýär» diýip, jogap beripdir.

Hoja Abu Alynyň biziň şyhymyza bolan sylag-hormaty ulu­dy, ara köp wagt salman, biziň şyhymyzyň ýanyna gelerdi we onuň keramatlarynyň gözli şaýady bolardy. Bir gün ol şyhy­my­zyň hanakasyna geldi. Şyh şol wagt Zenderzene zyýarata git­mek üçin atlary eýerlemegi buýrupdy. Ol ýer Nyşapurdan uzak­­da bolmadyk belli dagda bolup, Ybrahym Edhemiň gowa­gy we hüjresi şol ýerdedi. Hoja Abu Aly içeri girenden, biziň şyhy­myz oňa: «Biz Zenderzene gitmäge şaýlanýarys» diýen­den, hoja Abu Aly: «Biz hem siziň hyzmatyňyzda bolup gide­ris» diýýär. Ol ikisi şyhyň beýleki sopulary we müritleri bilen birlikde ýola düşýärler. Ýolda bir tüýdük ýatan eken, şyh ony almaklaryny buýurýar. Haçanda olar hüjräniň golaýyna baran­la­rynda, şyh atyndan düşüp, tüýdügi eline alýar. Hüjräniň gola­ýynda bir gara daş bardy, şyh elindäki tüýdügi şol gara daşa ur­dy. Şyhyň mübärek gollaryndan düşüp, daşa degen tüýdük da­şyň içine çümüp gitdi. Abu Aly bu keramaty görenden, şy­hyň aýagyna ýykylyp, onuň mübärek aýaklaryndan öpdi, ýöne hiç kim Abu Alynyň kalbynda nämeleriň bolup geçenini we şyhyň bu keramaty näme üçin görkezenini aňlamady.

Şondan soň Abu Aly biziň şyhymyzyň müridine öwrüldi we onuň şyhyň ýanyna gelmeýän güni örän seýrek bolýardy. Şon­dan soň Abu Alynyň «Yşarat» we beýleki ýazan pelsepe kitap­larynda öwlüýäleriň keramaty, sopularyň halatlary barada belli baplary goşup ýazypdy, olaryň ösüş derejeleri we orunlary, tary­kata we hakykata barýan ýollar barada eserler döredipdi. Bu hemmelere bellidir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]