Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Altmyş ikinji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, biziň şyhymyz Saragta gelende, pir Abyl­fazl Hasanyň hanakasynda düşläpdir. Hanakanyň hyzmat­kä­rine Abylhasan Baby diýer ekenler. Ol döwürde bu hanaka köp gelim-gidimli ýer däl eken, şonuň üçin hanakanyň hyzmat­käri: «Beýle köp adam bilen gelýän atly ulamany nähili myna­syp garşylap bolarka, olara gowy hyzmat etmek üçin näme et­semkäm? Beýle köp çykdajyny nireden taparkam?» diýip, ala­da galypdyr. Hyzmatkär şeýle diýen: «Kalbymy bu alada gap­lap alanda, şyh meni ýanyna çagyryp şeýle diýdi: «Eý, Abyl­hasan, bäri gel». Men şyhyň ýanyna bardym, ol maňa şeýle diýdi: «Bazara git, pylan serrafyň1 ýanyna bar-da, oňa: «Abu Seýit otuz altyn dinar bersin diýdi» diý-de, beren badyna, bäri alyp gel-de, maňa ber». Men serrafyň ýanyna baranymdan, ol otuz Nyşapur dinaryny maňa sanap berdi. Men ony alyp şyhyň ýanyna geldim. Şyh maňa: «Muny islän zadyňa harç et» diýdi. Men gidip, ol pula gerek zatlarymy alyşdyrdym. Ertesi şyh maňa şeýle diýdi: «Eý, Abylhasan, düýnki serrafyň ýanyna bar-da, ýene bir otuz dinar alyp sowun». Men şyhyň aýdyşy ýaly etdim. Üçünji gün şyh meni çagyryp, ýene-de şeýle diýdi: «Eý, Abylhasan, ýene şol ýere bar-da, otuz dinary bir al, ýene bir on dinary hem aýry al. Otuz dinary sowun we on dinara Nyşapura aşmak üçin bir eşegi kireýine al». Men serrafyň ýanyna gelip: «Otuz dinar ber we on dinary aýry ber» diýdim. Ol: «Bu näme boldugy, sen beýleki günler-ä beýle diýmeýärdiň?» diýen. Men oňa: «Şyh Nyşapura tarap ýola düşýär. Eger ertir tyllalaryňy yzyna almakçy bolsaň, şyh gitmänkä al» diýdim. Serraf bilen tirkeşip, şyhyň ýanyna geldik, gelsek sopular eýýäm kö­wüş­lerini geýip, eşeklerine ýüklerini ýükläp duran ekenler. Serraf şyhyň ýanyna gelip durdy, ýöne şyh oňa hiç zat diýmän, atyna münüp, ýola düşdi. Serraf şyh derwezeden çykýança, onuň yzyndan galmady, serraf örän gamlydy.

Haçanda şyh adamlar bilen derwezeden çykyp, Nyşapur ýoluna ýetende, Nyşapur tarapdan gelýän bir kerwen göründi. Bir adam kerwenden saýlanyp gelip, salam berdi-de: «Bu adam kim?» diýip sorady. Oňa: «Şyh Abu Seýit Abylhaýyr» diýip, jogap berdiler. Ol adam: «Meni şyhyň ýanyna alyp baryň» diý­di. Ol adam şyhyň ýanyna gelip, salam berdi. Şyh onuň sala­myny alyp, ikirjiňlenmän ol adama: «Şol ýüz dinary şu adama ber» diýip, serrafy görkezdi. Ol adam gözlerine ýaş aýlap, düwünçeginden ýüz dinary çykaryp, serrafa berdi. Serraf ony alandan soň, şyh oňa: «Seniň islegiň şu dälmidi?» diýenden, ser­raf: «Hawa» diýip, jogap berdi. Şyh oňa: «Sen indi gidiber» diýende, ol adam: «Men senden aýrylyp hiç ýere gidip biljek däl, sen meni öz ýanyňa kabul et» diýen. Şyh: «Kabul etdim» diýen. Şeýdip serrafyň iki jahany abat boldy. Biz şondan soň yzy­myza döndük.

Altmyş üçünji hekaýat

Şyh Omar Şöwkanydan eşidişime görä, biziň şyhymyz Mä­neden Tusa barýar eken. Ol Sardabaň gapdalyndan geçip gid­ýär, soňra ýol Darzaba Taruwyň üstünden düşýär. Olar Rafy­kan diýen obada düşlemekçi bolýarlar. Bir derwüşi şyh Abu Se­ýi­diň gelýändigini habar bermek we ol obada şyh we sopu­lary düşlär ýaly hanakanyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bil­mek üçin oba iberýärler. Eger hanaka ýok bolsa, şyh we ýol­daş­lary üçin başga bir mynasyp ýer taýýarlamalydylar. Derwüş baranda, ol obada hiç hili hanaka ýok bolup, obanyň we onuň tö­werekleriniň adamlarynyň hemmesi garakçy, ýoldan çykan we müň aldawly adamlar eken. Ol obada haj togabyny edip ge­len bir halalhon adam hem bar eken. Onuň az-owlak kümüş teňňeleri bolup, olary hem diňe Gurhany Kerimi öwredip gaza­nan eken. Ol mugallym şyhyň gelenini eşidip, onuň ýanyna gel­ýär we şeýle diýýär: «Bu obada hanaka ýokdur, menden başga takwa we hajy ýokdur, şonuň üçin size düşlemäge meniň öýümden başga gapy ýokdur, siz meniň öýümden başga ýerde düşläp bilmersiňiz». Şyh şonda: «Biz oba kethudasynyň öýün­de düşläris» diýende, mugallym: «Bo-how, obada ondan erbet adam ýokdur, ol ähli garakçylaryň we ogrularyň serdarydyr, onuň zadyndan beter haram zat bolmaz, ol hemişe şerap içýär, onuň öýündäki düşekleriň birinde-de şyh namaza durup bilmez, hany göreli. Şyh meniň öýümden başga halal öý taparmyka?» diýýär. Şol aralykda derwüşleriň biri ylgap gidip, oba kethuda­syna: «Şyh Abu Seýit gelýär we seniň öýüňde düşlemekçi» diýip habar berýär. Kethuda şol bada ylgap ýerinden turýar-da, öýüni arassalamak üçin adam iberýär, olar düşek-keçeleri ka­kyş­dyrýarlar, içerini syryp-süpürýärler, metjide adam iberip, namazlyklary getirdip ýazýarlar. Ol öýüne ylgap girip, ylgap çykyp, zowzanaklap, uly aladanyň astyndady, çünki şyha we so­pu­laryna näme hödürlejegini bilmeýärdi. Onuň bir garry enesi bar eken, ol oglundan: «Saňa näme boldy, beýle aladaly görünýärsiň, ylgap girip, ylgap çykyp ýörsüň» diýen. Ol: «Şyh Abu Seýit Abylhaýyr Mäneden gelýär we meniň öýümde düş­lemekçi, şeýle belent mertebeli adamy-patyşany öz öýümde, öz mülkümde nähili garşylajakdygymy bilmeýärin, çünki öýümde hiç bir halal zat tapamok, olara nähili saçak ýazjagymy hem bilemok, şonuň üçin aljyrap ýörün» diýen. Onuň enesi halalhon bolup, onuň her golunda bir bilezik bar eken. Ol elinden goşa bi­lezigi aýryp, ogluna berýär-de, şeýle diýýär: «Bulary al, bular enemden galan halal miras, eneme hem öz enesinden miras galypdyr. Şyh seniň öýüňe şu halal lukma üçin gelýändir» diý­ýär. Kethuda ony satyp, puluny şyhy we onuň sopularyny ka­bul etmäge harçlady, ýöne kethudanyň ýüreginde enesiniň aý­dan sözlerinden bir zatlar orun tutdy. Ol şyhy görenden, onuň sözlerini eşidenden, eden etmişlerine toba etdi.

Şyhyň şerapaty bilen şol obanyň garakçylarynyň we tüp­bo­zar­larynyň köpüsi toba gelip, dogry ýola düşüpdirler. Kethu­da­nyň bilezikleri satyp alan pulundan myhmanlara gerek zatlaryň hemmesi alyndy, ondan artan zadam bolmady, kem zadam. Ol bu barada hiç kimiň ýanynda dilem ýarmady. Ol pullar sowlup gutarylan badyna, şyh: «Atlary eýerläň» diýip, buýruk berdi. Kethuda-da, oba adamlary-da şyhyň we onuň sopularynyň öz obalarynda ýene-de birnäçe gün galmaklaryny isläp, özelenip ýalbarsalar-da, şyh etmedi we: «Biziň üçin galan zadyň hem­me­si tamam boldy» diýip, ýola düşdi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]