Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Otuz ýedinji hekaýat

Biziň şyhymyz Nyşapurda wagty bir täjir oňa bir daňy ud bilen Nyşapur zerinden müň dinar pul getirdi. Şyh ol pula adamlary çagyryp, zyýapat bermegi tabşyrdy. Hasan şyhyň aý­dyşy ýaly, müň dinary alyp zyýapata başlady. Ilki tamdyr getir­diler we şyhyň görkezmesi boýunça bir daňy udy şol durşuna tamdyra salyp ýakdylar. Şyh: «Goý, goňşy-golamlar hem onuň hoşboý ysyndan nesibesini alsynlar» diýdi. Şyhyň görkezmesi boýunça köp sanly şem alyp, töweregi gündizlik ýaly ýagtylt­dylar. Şol döwürde öz işine jany-teni bilen berlen, birehim bir bazar gözegçisi bardy. Ol şyhy we sopulary ýüregi bilen ýig­ren­ýärdi we hanaka gelip, şyha şeýle diýen: «Seniň bu edýän işiň näme? Bu isrip etmek nämäniň alamaty? Heý, şu wagta çenli gündiziň güni şem ýakylanyny we bir daňy uduň şol durşuna tamdyrda ýakylanyny görüp-eşidipmidiň, şeýle zatlar şerigatda dogrumy?» diýip gygyran. Şyh: «Biz onuň şerigatda ýol berilmesiz zatdygyny bilmeýäris, beýle bolsa bar-da, özüň söndüräý» diýen. Bazar gözegçisi şemiň ýanyna baryp, ony üf­läni hem şoldy welin, sakgalyna ot düşüp, geýimlerine çenli ýakdy. Şyh şeýle diýdi:

Biribaryň her bir ýakan şemini,

Kim öçürjek bolsa, sakgaly ýanar.

Bazar gözegçisi şyhyň aýagyna ýykylyp, toba kyldy.

Otuz sekizinji hekaýat

Nyşapurda bir harsydünýä derwüş bolup, işi-pişesi baýlyk toplamak bolan. Şeýdip, ol beýlesine ep-esli zat atan eken. Bir gün onuň öýüne ogry girip, ähli gazananlaryny alyp gidipdir, diňe derwüş geýiminiň bir ýerine ogrynça tiken teňňeleri ga­lypdyr. Ol ertesi uly gynanç-alada bilen gezse-de, hiç kime bo­lup geçen zat barada kelam agyz söz diýmän, şyhyň mejlisine gelýär. Şyh sözüniň arasynda şol derwüşe ýüzlenip: «Eý, der­wüş, diňle!» diýýär. Beýt:

Dogry, janym, üçegňize men mündüm,

Düýnki baran ogry däldi, ol mendim.

Ol derwüş muny eşideninden, haýran galyp haýkyrdy we şyhyň ýanyna gelip galanja pullaryny hem onuň öňünde goýdy. Şonda şyh: «Derwüş şeýle bolmaly, onda hiç hili artyk-süýşük zat bolmaly däl» diýdi.

Otuz dokuzynjy hekaýat

Hasan Mueddep şeýle gürrüň beren: «Bir gezek Nyşapurda biziň şyhymyz mejlisini tamamlandan soň, adamlar dargaşdy­lar we men hemişekiler ýaly, onuň hyzmatynda durdum. Meniň bar aladam toplanan bergileri üzmekdi, ýöne algydarlar diläp duranlarynda-da, hiç hili nagt pul ýokdy. Men bu barada şyh bir zatlar aýdar öýdüp garaşýardym, ýöne ol bu barada dil ýar­magam islänokdy. Şyh maňa: «Yzyňa seret» diýen ýaly yşarat etdi. Görsem, bir kempir hanakanyň agzyna ýetip gelýän eken. Men ýanyna baranymdan, ol pully haltajygy elime berdi-de: «Şunuň içinde ýüz dinar altyn bar, sen şyha aýt, goý, ol biziň işlerimiziň rowaçlanmagy üçin ýagşy dilegler etsin» diýdi. Men ony alyp begendim we algy-bergi hasaplarym bilen bir­lik­de şyhyň öňünde goýdum. Şyh: «Şulary al-da, Habra mazarys­tanlygyna bar. Ol ýerde ýarysy ýykylan gümmezli jaýda bir gar­ry adam ýatandyr. Sen onuň ýanyna bar, biziň salamymyzy aýdyp, bu tyllalary ber-de: «Şulary al-da, ýene geliber, saňa ýene-de bereris, sen gelýänçäň biz garaşyp oturarys» diý» diýip sargady.

Hasan şeýle diýdi: «Men şyhyň aýdan ýerine bardym. Gör­sem, ysgyn-mydardan gaçan bir goja tambury ýassyk edinip ýatyrdy. Ony oýaryp, şyhyň salamyny aýtdym we iberilen tyllany gowşurdym. Ol ala-gykylyk edip: «Meni şyhyň ýanyna eltiň» diýdi. Men onuň hal-ahwalyny soradym, şonda goja şeý­le diýdi: «Men, görşüň ýaly bir goja kişi, kärim tambur çalmak. Ýaş wagtym adamlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýar­dym, şu şäherde iki adamyň başy jemlense, üçünjisi mendim, köp şägirtlerim bardy. Indi, görşüň ýaly, gojaldym we şu hala düşdüm. Men indi hiç kime gerek däl. Maňa bir döwüm çörek tapmak hyllalla, elimden bolsa gelýän zat ýok, men indi hiç ki­me gerek däl, bizi öz günümize goý» diýip, öýden çykaryp kow­dular. Indi meniň gonara golum, batara kölüm ýok. Şonuň üçin şu mazarystana gelip, aglap, beýik Taňrynyň dergähine mynajat edip: «Eý, Allam, ýaşlyk ýyllar geçip gitdi, indi elim­den gelýän kär ýok, adamlar menden ýüz öwürdiler, aýalym we çagalarym meni öýden çykaryp kowdular, indi ýalňyz sen we men, men we sen. Şu agşam seniň şanyňa saz çalaýyn welin, meniň rysgalymy ber» diýip, ýalbardym. Men tä daň saz ber­ýänçä, saz çalyp, aglap, Hudaýa ýalbardym, haçan-da azan sesi çykanda uklap galypdyryn, şol ýagdaýda hem sen geldiň» diýdi.

Hasan şeýle diýdi: «Biz tirkeşip şyhyň ýanyna bardyk. Şyh öz ýerinde otyrdy. Goja şyhyň aýagyna ýykylyp toba etdi. Şon­da şyh: «Eý, sahawatly adam, sen hor-homsulykda görgi bary­ny görüp, harabada ýaşadyň, ýöne bu hem biderek gitmedi, git-de, ýene çal, bu tyllalary bolsa sowun» diýdi. Soňra maňa ýüz­le­nip: «Eý, Hasan, henize çenli hiç kim Allanyň ýoluna sadaka berip ýalňyşan däldir, ol tyllalar bolsa, diňe şoňa niýetlenen, ýö­ne saňa hem şonça zat geler» diýdi. Hasan şeýle diýipdir: «Şol günüň ertesi şyh mejlisi tamamlanda, bir adam gelip, ma­ňa iki ýüz dinary berip: «Şulary şyha gowşur» diýdi. Şyh şonda maňa: «Bulary bergiňe ber» diýdi. Men ol pullary bergilerime berip, algy-bergiden arkaýynlaşdym.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]