Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

Otuz dördünji hekaýat

Biziň şyhymyzyň karysy ussat Abdyrahman şeýle diýen: «Bir gün biziň şyhymyz Nyşapurda mejlis gurnapdyr. Şyhyň şol mejlisinde bir alawy hem bar eken. Ol: «Nesep2 bize berlen, şyhda bolsa hormat bilen döwlet bar» diýen. Şyhymyz derhal ol alawa seredip: «Mundan has gowy bolmaly, mundan has gowy bolmaly» diýen. Soňra ol ýygnananlara ýüzlenip, ýene: «Mun­dan gowy bolmaly, mundan gowy bolmaly» diýen. Siz Seýidiň näme diýýänine düşündiňizmi? Ol: «Bizde nesep bar, hezzet-hormat bilen döwlet hem şol ýerdedir» diýen. Ýöne siz biliň, Muhammet alaýhyssalamda näme bolan bolsa, nesepden däl-de, nesibesinden tapandyr, ýogsa Abu Jähl bilen Abu Lähäp hem şol nesepden ahyry. Siz nesebe kanagat etdiňiz, biz nisbete1 guwanan, ýöne muňa hem kanagat edip bilmeýäris, çün­ki hezzet-hormaty we döwleti nesibe berdi, biziň beýik Taňra barýan ýolumyz hem nesep däl-de, nisbetdir, ýagny degişlilikdir, baglylykdyr.

Otuz bäşinji hekaýat

Atam şyhylyslam Abu Sagyt şeýle diýipdi: «Bir gün biziň şyhymyz Nyşapurda mejlis gurnapdyr. Şol mejlise bir dana kişi hem baran eken. Ol öz ýanyndan: «Bu adamyň aýdýan zatlary Gurhany Kerimiň ýedi böleginde hem ýok» diýýär. Şyh şol bada ol akyldara ýüzüni öwrüp: «Eý, alym kişi, seni ynjalyk­dan gaçyrýan zat biz üçin gizlin däl, biziň aýdýan zatlarymyz Gurhany Kerimiň ýedi bölüminiň sekizinjisindedir» diýen. Şon­da dana kişi: «Sekizinji bölüm haýsy bolýar?» diýip so­randa, şyh: «Ýedinji bölek «Eý, resulym, size Perwerdigäriňiz ta­ra­pyndan berlen zady [olara] ýetiriň»2, sekizinjisi bolsa: «Allanyň öz bendesine [Muhammet alaýhyssalama] inderen wa­hyny getiriň»3 diýlendir. Siz: «Beýik Taňrynyň sözleri çäkli we belli bir mukdardadyr» diýip pikir etdiňizmi? Allanyň söz­le­rine gutarma ýokdur. Ol ýedi bölüm Muhammede iberilen, ýö­ne onuň sadyk bendeleriniň ýüreklerine eçilýän nygmatlary san­syz we bimöçberdir. Onuň bendeleriniň ýüreklerine her pursatda Pygamberimize aýdylan habarlar ýaly habarlar gelýär, çünki ol Pygamberimize: «Allanyň nuruna bakýan mümminiň parasatyndan saklangyn» diýen. Soňra:

Sen meniň janymyň rahaty, anyklamak bu habar däl,

Anyklamakdan, arkaýyndan, habardan ne peýda bolar.

Soňra sözüniň üstüni ýetirip, şeýle diýdi: «Habarlarda geti­ri­li­şine görä, bir tagtanyň (lowhy mahfuz) giňişligi şeýle uzyn bolup, 4000 ýyllap ýyndam at çapdyrsak-da, ol burçundan beý­leki burçuna ýetip bilmeris, gyldan inçe setirler bardyr, Adam atadan kyýamat ahyryna çenli boljak zatlar şonda ýerleşendir. Ondan daşgary zatlary Alladan özge hiç kim bilmez».

Otuz altynjy hekaýat

Biziň şyhymyz Abu Seýidiň Nyşapurda wagyz aýdýan dö­würleri oňa, aýdýan zatlaryna ýürekden müňkür adamlar köp­di. Şeýle adamlardan biri-de Sagyt kazydy. Ol, daşyndan göräý­mä­ge, şyha hem müňkürlik edip-de duranokdy, emma öz pi­kir­deşleri bilen duşanda, olaryň başlygy, öňdebaryjysy hök­münde onuň keramatyny inkär edýärdi, ýüregi bilen ýigren­ýärdi, ýog­sa oňa adamlar: «Şyh: «Dünýä damakgana dolsa-da, biz haram zat datmarys» diýýär» diýip düşündirjek bolýardylar.

Bir gün kazy Sagyt öz ýanyndan şeýle diýdi: «Şu gün men ol adamy akylyna aýlandyraýyn» diýip, meňzeş, biri-birinden tapawutlandyryp bolmaýan iki sany guzyny tapmaklygy bu­ýur­ýar. Ol guzularyň birini halal bahadan, beýlekisini haram nyrh­dan alýar. Olaryň ikisini-de birmeňzeş arassalap, birmeňzeş bi­şi­rip, tabaga salyp goýýarlar. Ol töweregindäkilere: «Men şy­hyň ýanyna salama gitjek. Biz gapydan girip, bir sagat otura­ny­myzdan soň, siz bu gowrulan berre guzulary eltip, şyhyň öňün­de goýuň, şonda onuň keramaty, halaly-haramy seljerýändigi bel­li bolar» diýen. Haçan-da Sagyt kazy biziň şyhymyzyň ýany­na gelýärkä, birnäçe adam kazynyň buýrugyny berjaý edip, gowrulan guzulary başlarynda göterip, uly ýoluň çatry­gyna ýetenlerinde, bir topar serhoş gulamlar bulara pete-pet gabat gelýärler. Olar kazy Sagydy gamçy bilen ýenjip, suwuny çykarýarlar, haram berräni bolsa alyp gidýärler. Olar şyhyň ha­na­kasyna elleri bir guzuly gelýärler we şyhyň öňünde goýýar­lar. Kazy Sagyt olara seredip, gaharyna bäs gelip bilmeýärdi. Şonda şyh kazy Sagyda ýüzlenip: «Eý, kazy, maslykçy itler ha­ram­horlygyny etdiler, haramy haramylar alyp gitdiler, halal bol­sa halala galdy. Sen oňa hiç hapa bolma» diýdi. Şondan soň Sagyt kazy aljyraňňylyga düşdi, şyhyň keramatyna ýürekden bo­lan müňkürligini köki-damary bilen goparyp taşlady, eden işine toba etdi. Ol şyhdan ötünç sorap, günäsini geçmegini ha­ýyş etdi we şondan soň hemişe şyhyň ýanyna gelip durdy.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]