Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
mane baba hekayatlar (elip).doc
Скачиваний:
0
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
1.93 Mб
Скачать

On sekizinji hekaýat

Aýtmaklaryna görä, ussat Ymamyň biziň şyhymyz bilen ylalaşmaýan zady, ony inkär edýän zady biziň şyhymyzyň se­masy1 bolupdyr we ussat Ymam sema ynanmandyr. Bir gezek ussat Ymam şyhyň hanakasynyň golaýyndan geçip barýarka, so­pular sema edýärdiler, olaryň keýpleri kökdi, olar özlerini aýratyn bir keramatly ýagdaýda görüp, raks oýnaýardylar. Şyh hem şolaryň arasyndady. Ussat Ymam şol tarapa seredenden: «Mezhepde raks edip, döwre gurap aýlanýanlaryň güwäligi ka­bul edilmeýär, çünki ol adalaty batyl edýär» diýen pikir kel­lesine gelýär, ýöne hiç zat diýmän geçip gidýär. Ertesi şyhy çagyryp, bir ýere alyp barýarkalar, uly ýoluň çatrygynda biri-birleri bilen duşuşýarlar. Olar salamlaşanlaryndan soň, şyh: «Haçan siz biziň şaýatlaryň arasynda oturyp, güwälik bere­ni­mizi gördüňiz?» diýen. Ussat Ymam bu sözüň düýn geçip bar­ýarka köňlüne gelen betgümanlygynyň jogabydygyna gözi ýet­di we kalbyndan müňkürligi aýryp taşlady.

On dokuzynjy hekaýat

Ussat Ymam bilen biziň şyhymyzyň arasyndan betgü­man­lyk aýrylan gününiň ertesi, ussat Ymam şyhymyzyň hanaka­synyň ýanyndan geçip barýarka, şyhyň görkezmesi boýunça şowhun bilen sema edýär ekenler we şonda aýdyjy aşakdaky beýti aýdypdyr:

Senem1 üçin gäwür bolsaň ne arman,

Gäwür bolýançaň, senem saňa ýar bolmaz.

Ussat Ymamyň kalbynda bu setirleriň manysyndan müň­kür­lik peýda boldy. Ol öz ýanyndan: «Şyhyň beýleki setirlerine tefsir berip bolsa-da, bu setirleri hiç hili düşündirip bolmasa gerek» diýen netijä gelýär we muňa şyhyň şatlanyşyna geň galýar. Ol hiç zat diýmän geçip gitse-de, ýüreginde müňkürlik ýene-de kök urup başlady. Şol günüň ertesi ussat Ymam şyhyň ýanyna gelip oturandan, şyh ussada öwrülip, şeýle diýen:

Senem üçin gäwür bolsaň aýp bolmazmy?

Gäwür bolýançaň, senem seni söýüp bilmez.

Bu beýtiň düşündirişi, ondan gelip çykýan pikir şeýleräk manyda: «Bir senem üçin butparaz – gäwür bolmak aýyp däl­midir, ýöne gäwüre öwrülýänçäň, senem seniň söýgüliň bolup bilmez». Şygryň çeper we ruhy aňlatmalaryny tirmäge ussat bolan Ymam ýokarky beýt barada köp pikirlendi, ýöne ondan gelip çykýan çözgüdi şyhyň özi beýti başgarak äheňde oka­ýança çözüp bilmedi. Ol beýti şyh okandan soň ylalaşdy, şeýle semanyň zerurlygyna göz ýetirdi. Ol öz içinden şyhyň hiç bir hereketine betgümanlyk etmejekdigine söz berdi. Şondan soň şyh bilen onuň arasy has-da ýygjamlaşdy we her gün biri-biriniňkä gelip durdular.

Ýigriminji hekaýat

Pir Ahmet ussat Ymamyň kätibidi we uly abraýdan peýda­lanýardy. Onuň aýtmagyna görä, bir säher wagty ussat Yma­myň ogul perzendi dünýä indi. Ussada ilden öňürti habar ber­diler. Bu barada şindiz şondan başga bilýän adam ýokdy we ussat heniz bäbege at dakyp ýetişmändi. Şol wagt bosagadan bir adamyň eli göründi. Ussat Ymam şol bada: «Şyh Abu Se­ýitdir, işigi açyň» diýdi. Şyh içerik girip, ymama şeýle diýdi: «Siziň gul tapanyňyzy bize habar berdiler we oňa at dakmagy bize ynandylar». Oňa şyh Abu Seýit at goýdy we şonuň hor­matyna ussat Ymam üç gün toý berdi. Ussat Ymamyň körekeni Hoja Omary barly adamdy we kyrk gün adamlara elinden gelenini edip toý berdi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]